Türkiýede demokratiýa, yslamçylar we feminizm. Orhan Pamuk bilen gürrüň

Türk ýazyjysy Orhan Pamuk

"Öz dogduk şäherinden melanholiki ruhy ahwalaty gözläp, medeniýetleriň garşylygynyň hem utgaşmasynyň täze simwollaryny tapan” türk ýazyjysy Orhan Pamuga 2006-njy ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragy berildi. Onuň “Meniň adym Gyrmyzy”, “Stambul: hatyralar we şäher”, “Ýazyksyzlyk muzeýi” kitaplary şöhrat getirdi.

Pamuk diňe bir ussat romançy hökmünde däl, erkinligiň hem demokratiýanyň tarapdary hökmünde-de meşhurdyr. Aýratyn-da 2005-nji ýylda ýazyjy: “30 müň kürt hem million ermeni öldürildi, ýöne menden başga hiç kim bu barada aýtmaga batyrlyk edenok” diýende, ýurduň häkimiýetleri ony ‘türkçüligi masgara etmekde’ aýyplady. Pamuga Nobel baýragy berlen güni Fransiýa Türkiýede ermeni genosidiň bolandygyny inkär edýänlere 45 müň ýewro ýa-da bir ýyl türme tussaglygynyň berilmegi baradaky kanuny kabul etdi. Muňa jogap hökmünde Türkiýe hem kim fransuzlar döwründe Aljirdäki musulman genosidini inkär etse, üç ýyl türme tussaglygynyň beriljekdigi baradaky kanuny çykardy.

Iýun aýynda Bosniýanyň paýtagtynda Pamugyň adybir romany esasynda döredilen “Gar” spektaklynyň (režisýory Dino Musrafiç) premýerasy boldy. Türkiýäniň demirgazyk-gündogaryndaky Karsada bolup geçen harby döwlet agdarylyşygyny beýan edýän ol spektakla ýazyjynyň özi hem tomaşa etdi. Şonda ol öz garaýyşlaryny Azatlyk Radiosy bilen paýlaşdy.

​– Oýnuň goýluşy örän gowy. Men muny köp surata düşürdim. Elbetde, men bosniýa diline düşünemok, ol ýerde beýan edilýän her bir hereketi örän açyk bilsem-de, ýekeje minudam içgysgynçlyk duýmadym. Bu meniň ony ýazanym üçin däl, aýtsak, ol 20 ýyl mundan öň ýazylypdy, ýöne bir aý ozal Kolumbiýa uniwersitetindäki studentlerim bilen “Gary” ünsli barlap geçipdim. Şonda ol ýerde käbir zatlary unudandygymy bildim. Eserde köp gahryman hem wakalar bar, olary takyk ýatlamaly boldum... Maňa oýnuň goýluş atmosferasy hem sahnalaşdyryş usuly ýarady. Romanyň sahnalaşdyrylmagynyň sebäbi, ol ýerde köp gan döküşlik hem adam öldürme bar. Olar italýan aýdymçysy, aýdym dörediji hem pianist Peppino di Kapriniň sazlaryny peýdalanypdyrlar. Oýny goýujylara şol sazlar arkaly melodrama – şahyranalyk hem sahnadaky dartgynly hereketi deňagramlygy sazlaşdyrmak başardypdyr. Oýun 3 sagat 20 minut dowam edýär. Awtor hökümde wagtyň uzaklygyna närazylyk bildirmäge hakym ýok. “Gary” ABŞ-da görkezenlerinde, meniň öz degişmäme gülkim tutdy. Roman dürli ýaňsylardan doly, meselem, ýerli gazetiň redaktory “häzirki zaman žurnalistikasy nämäniň bolup geçendigini däl, näme boljakdygyny habar berýär” diýýär. Ol, elbetde, ýalan aýdýar. Men bu detaldan ýaňadan lezzet aldym.

Azatlyk Radiosy: "Gar" romanynyň merkezi temalarynyň biri – yslam ekstremizmi. Siziň ýazyşyňyz boýunça fundamentalistler diňe ýaramaz däl, eýsem gowy – položitel häsiýetlere-de eýe. Munuň üçin sizi Türkiýede “yslamçylary goldaýar” diýip tankyt etdiler.

Orhan Pamuk: Çynlakaý roman bilen baglylykda şeýle ýagdaý häli-şindi ýüze çykýar. Romanyň maksady propagandany ýaýratmak däl, gahrymanlaryň häsiýetini beýan etmek, şol sanda yslam fundamentalistlerini-de. Siz adamyň häsiýetine düşünmek üçin, onuň özüni alyp baryş hereketini öwrenmeli: ol näme üçin adam öldürýär, näme üçin ol şeýle pes, näme üçin ol öz ömrüni töwekgellige goýýar, onuň bahasy näçe... Eger siz oňa adam hökmünde seretseňiz, onuň maksatlary bilen ylalaşmasaňyzda-da, gowy häsiýetlerini görüp bilersiňiz. Meselem, siz onuň batyrdygyny bilýärsiňiz, ony başdan melgun kabul etseňiz, hiç wagt oňa düşünmersiňiz. Siz ýazyjy bolsaňyz birine “melgun, melgun, melgun” diýmäge hakyňyz ýokdur; bu edebiýat däl, propaganda bolýar. Siz edebiýatda onuň obrazyny dörediň, şol wagtda-da sekulýarizmi – ol ýa-da beýleki tarapyň garaýyşlaryny nazarda tutmak ýörelgesini ýatdan çykarman, beýleki pikir-garaýyşlar bilen deňeçer derejede alyp barmaly. Ýazyjynyň borjy adamy günälemekde däl, bu ahlaga syganok. Iň bolmanda, bu barada meniň garaýşym şeýle. Mende şeýle ýaramaz gahryman bolsa-da, onuň şahsyýetini dürli taraplaýyn açyp görkezmäge çalyşýan, şol wagtda-da deňagramlygy saklaýan. Bu diňe yslam fundamentalistleri babatynda hem däl. Mende şeýle duýgy bar, durmuşa mydama kesekiniň gözi bilen seretmäge çalyşýan. Bu, elbetde, meniň irki romanlaryma degişli däl, olar has awtobiografiýa häsiýetlidi.

Azatlyk Radiosy: Siziň romanlaryňyzyň gahrymanlary – jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri. Siziň özüňizden düýpli tapawutlanýan gahrymanlary nähili laýyk derejede açyp görkezýäňiz?

Оrhan Pamuk: "Kellämde bir geň-taňlyk” romanymda waka köçe söwdagärleri barada. Men, elbetde, köçe söwdagäri däl, ýöne ýogurt, tüwi, boza ýa towuk satýanlara köp wagtymy sarp etdim. Özümçe barlag geçirdim hem olar bilen gürrüňdeş boldum. Men şeýdip işleýän. "Kellämde bir geň-taňlyk” romanymda, meniň üçin aýallaryň pikir-garaýşyny aňlatmak örän möhüm boldy. Biziň maşgalamyzda bolşy ýaly, romanda hem üç aýal dogan bar. Ejem hem onuň iki dogany orta gatlakdaky maşgalada kemala gelenler. Olaryň oturyp, öz ärleriniň üstünden gülýändikleri meniň berk ýadymda. Men şol ruhy romanda pes gatlakdan çykan üç aýalyň mysalynda görkezýän. Olaryň aşhanada boza taýýarlaýarkalar, gap-çanak ýuwýarkalar aýdýan pikir-garaýyşlaryna hem duýgularyna ünsi jemledim.

Size bir zady aýdaýyn, men ilkinji ýazanlarymy çap etdirip başlanymda, özümi feminist saýmaýardym. Feminist bolmak pikirim ýokdy, sebäbi men erkek adam. Haçan-da, dürli şäherlere baryp, adamlara kitaplarymy hödürlänimde, özümiň feministdigime düşündim. Aýallaryň hukuklarynyň çäkli bolmagy türk syýasatçylarynyň gowy görýän temasy. Yslamda bu örän jedelli mesele. 1990-njy ýyllarda türk hökümeti, gynansak-da, eger aýallar hijap atynsalar, uniwersitetlere gatnaşyp bilmezler diýdi. Bu görnetin adalatsyzlykdy. Aýal hijap atynmak isleýän bolsa näme etmeli? “Ýazyksyzlyk muzeýinde” men başgaça islegiň bolmagyny ret etmek adalatly däl diýip belleýän. Ençeme sekulýar garaýyşly ýoldaşlarym maňa sen awtoritar liderleri goldaýarsyň diýdiler. Men bolsa mydama: “Ýok, men diňe hakykaty ýazýan. Meniň borjum başga adamlaryň ýalňyşyny ýaşyrmak däl. Meniň borjum – şol ýalňyşlyk barada ýazmak” diýdim. Men hem sekulýar, hem demokrat, ol pikir garaýyşlar biri-birine gapma-garşydyr diýip oýlanamok. Men olaryň hiç biri-de ýarag güýjüne daýanmaly diýjek bolmaýaryn.

Orhan Pamuk

Azatlyk Radiosy: Stambul şäheriniň ikinji saýlawynda şäheriň häkimi wezipesini oppozisiýadaky Respublika halk partiýasynyň lideri Ekrem Imamogly gazandy, ol Türkiýäniň prezidenti Rejep Erdoganyň esasy bäsdeşi bolup durýar. Imamogly halk köpçüligine Türkiýede “demokratiýany düzetmek” başartdy diýip çykyş etdi. Siz munuň bilen ylalaşýaňyzmy?

Orhan Pamuk: Stambulda geçen saýlawlaryň netijesine men şat, olar Türkiýede saýlawlaryň netijesinde sekulýarizmiň boljakdygyny görkezdiler. Bu örän möhüm, sebäbi şu wagta çenli sekulýarizm armiýanyň güýji bilen amala aşyrylýardy. Bu saýlawlar adamlaryň sekulýar döwletdedigini görkezdi. Bu ýeňşiň maňa nähili möhümdigini söz bilen beýan edip bilemok. Stambulyň ýaşaýjylary sosial-demokraty saýladylar. Halkyň sekulýarizmi saýlamagyna men begenýän. Şonuň bilen birlikde-de, Stambulyň ilatynyň örän optimistdigini hem birneme sadadygyny belläsim gelýär. Imamoglynyň halk “demokratiýany düzetdi” diýmegi örän gowy şygar, ýöne öňde ýene köp göreş bar diýip hasap edýän. Türkiýede adalatsyzlyk köp: kanun sistemasy beýle bir netijeli däl. Korrupsiýa bar... Hökümet adamlary türmä basyp, gaty ýaramaz iş edýär, şonda-da 44% ses alýar. Şonuň üçin men beýle bir optimist däl. Meniň pikirimçe, häzirki Türkiýe medeni taýdan Gündogara garanda, Günbatara ýakyn. Ýöne syýasat babatynda her gün, her aý, her ýyl günbatarly hem Günbatara garşy garaýyşlar üýtgäp dur, biz kä saga, kä çepe gyşarýas. Şonuň bilen birlikde Türkiýäniň NATO hem Ýewropa bilen problemalary bar. Bu, elbetde, Gündogar-Günbatar problemasy, ol syýasat.

Azatlyk Radiosy: 2005-nji ýylda Şweýsariýanyň gazetine interwýu bereniňizden soň, siziň garşyňyza «türkçüligi masgara edýär» diýen aýyplamany ýükläpdiler, siz şonda ABŞ-a gitdiňiz hem birnäçe wagt ol ýerde ýaşadyňyz. Indi näme üçin dogduk şäheriňize dolanmagy karar etdiňiz?

Orhan Pamuk: Amerika uniwersitetinde sapak bersem-de, meniň ömrümiň maksady ol ýerden green card almak däl. Men Stambuly Nýu-Ýorkdan ileri tutýan. Stambulda ösüp ulaldym, ol ýerdäki adamlar meniň ene dilimde gepleşýärler. Eger men Türkiýede ýaşap hem türk dilinde eser ýazyp bilsem, Amerika gidip, iňlis dilinde eser ýazyp başlamak nämäme gerek?

Ýazyjy bilen interwýu geçiren Ýowana Georgiýewski.

Material AÝ/AR-nyň rus gullugy tarapyndan taýýarlandy.