Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny almakda çekýän kynçylyklary dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we ulag sürmäge hukuk berýän dokumentlerinden mahrum bolan zenanlaryň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri sürüjilik şahadatnamalaryny bermekden ýüz öwrüp, "ýokardan berlen görkezmä" salgylanýarlar.
"Meniň sürüjilik şahadatnamamyň möhleti ýanwarda doldy. Men onuň möhletini uzaltmak üçin zerur ähli dokumentleri ýygnap, Aşgabadyň 11-nji mikroraýonunda ýerleşýän awtoduralgasyna bardym, dokumentleri kabul edýän aýna ýüzlendim. Ol ýerde maňa sürüjilik şahadatnamasyny uzaltmak üçin aýallardan dokumentleri kabul etmeýändiklerini, sürüjilik hukuknamalaryny uzaltmaýandygyny aýtdylar. Men ýolbaşçynyň ýanyna bardym, ol hem maňa şol bir zady gaýtalady, aýallara bermeýäris diýip. Men ondan bu täze düzgünler barada karary ýa-da permany görkezmegi soradym, emma ol munuň diňe dilden edilendigini aýtdy- diýip, 16-njy iýulda Azatlyk Radiosyna ýüz tutan Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamalary 10 ýyllyk möhlet bilen berilýär.
Söhbetdeşimiziň sözlerine görä, onuň prokuratura eden ýüzlenmesi käbir oňyn netijeleri beripdir.
- Soňra men Aşgabadyň prokuraturasyna we IŞM-ne ýüzlendim. Içeri işler ministrligi jogap bermedi, emma prokuraturanyň kömegi bilen meniň öz sürüjilik dokumentimiň möhletini uzaldyp bilýändigim hakynda Ýol gözegçilik inspeksiýasynyň başlygyndan we Ýol gözegçilik müdirliginden resmi jogap geldi - diýip, söhbetdeşimiz aýtdy. Emma onuň sözlerine görä, edaranyň ýolbaşçylarynyň goly goýlan resmi dokumentlere garamazdan, polisiýa işgärleri onuň sürüjilik şahadatnamasyny täzelemek üçin dokumentleri kabul etmekden ýene-de ýüz öwrüpdir.
Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Ýol gözegçilik edaralarynyň resmilerinden maglumat alyp bilmedi.
- Munuň kimdir biriniň öz şahsy islegi ýa-da aýallara bolan ýigrenji bolmagy mümkin. Şäherde köp aýal ulag sürýär, emma zenanlaryň ençemesi ulagly köçä çykmakdan özleri saklanýarlar, sebäbi duş gelen ilkinji inspektor saklap, sürüjilik resminamaňy eliňden almak we jerime ýazmak üçin islendik bahana tapýar. Olaryň özleri-de muny ýaşyryp hem durmaýarlar, aýallardan sürüjilik dokumentleri almak üçin islendik hatda uly bolmadyk düzgün bozmalary ýazyp bilýändigini aýdýarlar. Soň dokumentiňi polisiýadan almak uly mesele, olar yzyna gaýdyp bermeýärler, diňe bir hepdelik wagtlaýyn kagyz berýärler, bu soň gaýtalanyp durýar. Meniň özüme dört gezek wagtlaýyn rugsatnama berdiler, men ony prokuratura ýüz tutanymdan soň alyp bildim, soň bolsa sürüjilik şahadatnamamyň möhleti doldy. Indi bolsa onuň möhletini uzaltmaga synanyşýaryn, emma häzirlikçe netijesiz - diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Aşgabadyň köçelerinde zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň köpçülikleýin ellerinden alynmagy fewral aýyndan bäri güýçlendi. Polisiýa işgärleri zenanlaryň sürüp barýan awtoulaglaryny saklap, aýallaryň dokumentlerini sebäbini düşündirmezden ellerinden aldy.
Şeýle ýagdaýlaryň biriniň wideo ýazgysy Azatlyk Radiosyna elýeterli boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.