Aýal köşkden gaçýar. BAE öz hökümdarynyň aýalyny gözleýär

Şa gyzy Haýa bint al-Huseýn adamsy şeýh Mohammed bilen Ascotdaky patyşalyk at çapyşygynda, 2018-nji ýyl.

Birleşen Arap Emirlikleriniň premýer-ministriniň kiçi aýalynyň Günbatara gaçmagy halkara dawasyny döretdi hem ol barha öwrüm alýar. 45 ýaşly şa gyzy Haýa bint al-Huseýn öz adamsyny, BAE hökümetini hem onuň garyndaşlaryny haýbat atmakda, ezýet bermekde hem erkinligi güýç bilen çäklendirmekde aýyplaýar. “Masgara” bolan emir Mohammed bin Raşid al-Maktum ýüze çykan ýagdaý barada arap dilinde liriki goşgy ýazyp, aýalynyň öňki britan ofiseri bilen halaşandygyny açyk aýdýar we ony London suduna berýär. Häzir mälim bolşuna görä, sud diňlenişigi 31-nji iýula bellenipdir.

Bolan waka öz dartgynlylygy, käte bolsa içki duýgulara baryp ýetýändigi bilen bir romanyň ýa-da çeper filmiň özeni bolup biler, ýöne ol ýüzugra birnäçe döwletler arasyndaky gatnaşyklary ýitileşdirdi, oňa halkara hukuk goraýjy guramalar gatnaşmaly boldular. Şonuň bilen birlikde ol arap dünýäsinde aýallar hukuklarynyň berjaý edilişine ünsi çekdi.

45 ýaşly arap patyşasynyň gyzy Haýa bint al-Huseýn Iordaniýanyň häzirki patyşasy Abdalla Ikinjiniň ganybir aýal doganydyr, ol 2004-nji ýylyň 10-njy aprelinde BAE-niň wise-prezidenti hem Dubaýyň emiri şeýh Mohammed ibn Raşid al-Maktuma durmuşa çykypdy hem ýaňy-galaýa çenli ertekidäki ýaly ýaşadylar. Haýa köp wagtlap emiriň kanuny ýagdaýda ýaşaşýan alty aýalynyň arasynda iň bir göze görnüklisi boldy. Sebitara hem halkara çäreleri geçirilende, ony adamsynyň ýanynda görmek bolýardy. Olar daşary ýurtly liderleri bilelikde garşy alýardylar hem söz aýdýardylar. Munuň özi Pars aýlagyndaky hökümdarlaryň maşgala şertinde geň ýagdaýdy. BAE-niň resmi çärelerinde ol kada laýygrak geýnip, saçyny ýeňiljek şarf bilen örtýärdi, daşary ýurt saparlarynda bolsa onuň geýnişi Günbatar liderleriniň iň ýokary gatlak hanymlarynyň geýnişinden birjik-d pes däldi. Haýa mydama höwes bilen interwýu berýärdi hem surata düşýärdi.

Şa gyzy Haýa bint al-Huseýn

Şa gyzy Haýa başlangyç bilimi öz ýudy Iordanda aldy, orta hem ýokary bilimi – Beýik Britaniýada. Badmintondaky gyzlar mekdep-internatyny okap gutardy, şol okuw jaýynda Hindistanyň premýer-ministri bolan Indira Gandi hem okapdy. Oksfoddaky Mukaddes Hildy kollejinden bakalawrlyk diplomy bolup, filosofiýadan, syýasatdan hem ykdysadyýetden bilimi bar, iňlis hem fransuz dillerini bilýär, beýleki dört dile, şol sanda rus diline-de düşünýär.

Haýa bint al-Huseýiniň ömrüniň baş güýmenjesi atçylyk sporty, ol 13 ýaşyndan öz ýurduny halkara derejesinde tanadyp başlady, 1992-nji ýylda Panarap Oýunlarynda şahsy ýaryşda bürünç medal gazanyp, bu oýnuň bütin taryhynda aýallardan medala eýe bolan şahsa öwrüldi. Şa gyzy Haýa 2000-nji ýylda Awstraliýada geçen Olimpiada oýunlarynda, Iordan delegasiýasynyň baýdak göterijisi boldy. Ol şonda konkur at ýaryşyna gatnaşdy. 2002-nji ýylda bolsa Ispaniýada geçen halkara at ýaryşynda arap ýurtlaryndan gatnaşan ilkinji aýal maşgala saýylýar. 2006-njy ýylda şa gyzy Haýa Halkara atçylyk sportynyň prezidenti wezipesine hem-de Halkara olimpiýa komitetiniň agzalygyna saýlandy.

Ýöne ol golaýda başga bir hereketi bilen özüni bütin dünýä tanatdy, häzirki arap dünýäsine häsiýetli bolan usulda aýal adamsyndan, gyzlary bolsa tanymal arap maşgalalaryny taşlap, öýünden gaçýarlar hem özleriniň has ösen hasaplaýan ýurdundan başpena soraýarlar. Şa gyzy Haýa Dubaýy dolandyrýan maşgaladan gaçan üçünji aýal, özem şowly gaçmak diňe oňa başartdy. Ol öz ýany bilen 7 ýaşly gyzy Zaidany, 11 ýaşly ogly al-Jalili aldy. Fewral aýyndan bäri köpçülige görünmeýän Haýa ilki Germaniýadan çykdy, sebäbi ol ýerden başpena sorapdyr hem ärinden aýrylyşmak üçin arza beripdir, soňra bolsa 1o7 million amerikan dollaryna durýan Londondaky öz aýratyn jaýynda ýaşap başlapdyr. Şa gyzy ätiýaç üçin ýany bilen 39 million dolara ýakyn nagt pul alypdyr. Günbatar mediasynyň maglumatyna görä, ol öz janyndan howatyr edip, BAE-ni taşlapdyr. Häzir ol äriniň edişi ýaly, Londonyň Ýokary sudunda şeýhden aýrylyşmak üçin dokumentlerini taýýarlaýar.

Şa gyzy Haýa ýaşlygynda, kakasy Iordanyň öňki patyşasy Huseýn bilen

Bu gaçyş käbir döwletler arasyndaky diplomatik gatnaşyklary ýitileşdirdi. Bir tarapdan BAE, beýleki tarapdan Britaniýa hem Germaniýa. 2006-njy ýyldan bäri Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti hem premýer-ministri, 69 ýaşly Mohammed ibn Raşid al-Maktum, ol Dubaýyň emiri şeýh Mohammed diýlibem tanalýar, Berliniň hem Londonyň häkimliklerinden, aýaly bilen çagalaryny yzyna gaýtarmagy talap edipdir diýen maglumat bar, ýöne onuň talaby kabul edilmändir. Şa gyzy Haýanyň ganybir dogany Iordanyň patyşasy Abdalla hem örän oňaýsyz ýagdaýda.

Şeýh Mohammed Günbatarda reformalar geçirmegi maksat edinýän syýasatçy hökmünde tanalýar. Onuň şahsy baýlygy takmynan 12 milliard dollar töweregi bolmaly. Mohammed ibn Raşid al-Maktum Dubaýy özgertmek işine hut özi ýolbaşçylyk etdi hem ony dünýä paýtagtlarynyň derejesindäki häzirki zaman şäherine öwrüp bildi. Meselem, ol Emirates awiakompaniýasyny döretmegiň gözbaşynda durdy we dünýädäki iň belent jaý Halyf Burjy gurdurdy.

Dubaýdaky Palm adasy kurortynyň ýokardan görnüşi

Bu dartgynlylygyň uly bölegi entek syrly bolmagynda galyp, halkara dawasyna getiren hadysanyň barşy barada birnäçe çaklama öňe sürülýär. Meselem, britan Sun neşiriniň maglumatyna görä, şeýh Mohammed entek Londonda bolan wagtynda, aýalynyň ýaş garawul bilen söýgüsine şübhe bildiripdir. Ol ýigit öň Britan armiýasynyň ýörite gullugynyň ofiseri eken. Hamana uzak ýyllaryň dowamynda, Haýa oňa gymmatbaha sowgatlar berip gelipdir hem äriniň şübhelenmegine öňräkden esas döredipdir. Şeýh Mohammed garaşylmadyk ýagdaýda Londondaky aýratyn jaýyna gelip, olary “paş ediji” ýagdaýynda görüpdir. Şeýh aýalynyň bolşuna erbet geň galypdyr. Ýöne ol aýalyndan derrewiň özünde Emirlige dolanmagy talap edipdir. Şazada oňa boýun bolmakdan ýüz öwrüpdir.

Bu dawanyň käbir sebäplerini Dubaýyň häkiminiň ýazan goşgusyndan hem aňsa bolýar. Goşgy onuň ýakyn egindeşleriniň biri tarapyndan iýun aýynyň ahyrynda sosial ulgamda goýuldy. Şeýh ol goşguda gytaklaýyn bolsa-da, “mähriban aýalynyň wepasyzlygyny hem ýalanyny” paş edýär. Arap dilinde ýazylan ol goşguda: “Sen çäkden çykdyň, Meniň iň beýik ynanjymy satdyň. Dünýä seniň ýalanyňy bilsin, iň agyr günä – sen ýalan geplediň. Seniň hereketiň kemsidiji, has beteri-de özüňi masgara etdiň. Indi meniň ýanymda saňa orun ýok, kim bilen hezilleşen bolsaň, şonuň bilen git. Seniň diri ýa ölüdigiň meni gyzyklandyrmaz” ýaly setirler bar.

Şeýh Mohammed syýasatdan daşary-da, arap dünýäsinde şahyr hökmünde bellidir. Ol öz goşgularynda Ýakyn Gündogarda hem dünýäde bolup geçýän syýasy hem jemgyýetçilik hadysalara seslenip durýar. Onuň Haýa baradaky goşgusy hem musulman äleminde köpleri tolgundyrdy; aýratyn-da araplarda, sypaýyçylykly aýdanyňda, aýal bilen dörän dawa aýdylmaýar, açyk halatda asla-da, ol adýulteriň – aýalynyň dönükliginiň pidasy boldy.

Şeýh Mohammed Rim papasy Fransisk bilen, ol BAE zyýarata baran wagtynda. Fewral, 2019-njy ýyl.

Ol liriki goşguda aýdylýanlar barada şa gyzy Haýanyň belli derejede ahlak günäsi bolsa-da, onda aýdylýanlaryň hakykatdygyna şübhe döredýän başga köp sebäpler bar. Owaly bilen şeýh Mohammedden gaçan ilkinji zenan ol däl. 2018-nji ýylyň fewralynda Mohammediň asly aljirli ikinji aýalyndan bolan gyzlaryndan biri şeýh Latifa gaçmaga synanyşdy. Ol Hindistanyň kenarýaka töwereklerinde BAE-niň ýörite maksatly gullugy tarapyndan bir ýahtada saklanyp, zor bilen yzyna getirildi. Eger bir wideo ýazgy dünýä ýaýramadyk bolsa, bolan iş gizlinligine galardy, onda Latifa kakasynyň buýrugy bilen “altyn türme”, öý şertlerindäki zorluk, göwün-islegine bakmazlyk hakda gürrüň berýär. Halkara hukuk goraýjy gurama Human Rights Watch birnäçe gezek BAE-den ol gyzyň soňky ýagdaýy barada informasiýa sorady, ýöne netijesiz galdy.

Geçen ýylyň dekabrynda şa gyzy Haýa bint al-Huseýn özüniň şahsy jorasy, Irlandiýanyň öňki prezidenti Meri Robinsony Dubaýa çagyryp, onuň şeýh Latifa bilen duşuşmagyny isledi. Şondan soň Robinson Latifa bilen duşuşan suratyny çap etdi. Onda Latifanyň keşbi aljyraňly hem ruhy öçgündi. Ýöne Robinsony syýasy hilegärlik meselesinde derrew berk tankyt etdiler. Şazada Haýa hem oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Hökümete garaşly bolmadyk birnäçe hukuk goraýjy guramalar BMG arza ýazyp, olary içki bähbitleri öjükdirijiler hökmünde ýazgardylar. Haýanyň onlarça ýylda haýyr-sahawat berip gazanan abraýy, ynsan hukuklaryny goramak işi howp astynda galdy.

Soňky açyk interwýularynyň biri bolan 5-nji ýanwarda beren interwýusynda Haýa şeýh Latifanyň garşysyna gazaply daraşylýandygy baradaky gürrüň hakykat bolsa, öz adamsy şeýh Mohammedi goramagyny bes etjekdigini aýtdy. Şondan soň şazada Haýa köpçülige görünmedi. Ol ömründe ilkinji gezek at sporty boýunça dünýäniň baş baýramçylygy saýylýan, her ýylda Britaniýa geçirilýän Royal Ascot turnirine hem gatnaşmady. Şeýh Mohammed adatda bolşy ýaly, korolewa Ýelizawetanyň ýanynda durup surata düşdi. Onuň aýalynyň biwepalygy baradaky goşgusy şol turniriň soňky gününde peýda boldy.

Şeýh Latifa ýakyn bolan Dubaý köşgündäki hyzmatkärlerden biri, hamana Haýanyň gaçmagyna-da ýardam eden, häzir Günbatar habar serişdelerine anonim ýagdaýda interwýu berýär. Ol Dubaýyň hökümdarynyň aýalynyň gaçmagy owaly bilen çagalaryny rehimsiz atadan halas etmek diýýär.

Häzir žurnalistler has öňräkki bolan wakany ýatlaýarlar. 2000-nji ýylda Mohammediň gyzy şeýh Şamsy al-Maktum Günorta Angliýadaky Surre maşgala mülkünde bolanynda ogurlanyp, güýç bilen öz ýurduna iberildi. Londonly adwokat Dewid Hey adam hukuklarynyň bozulýandygy üçin, bu iş bilen gyzyklanyp, şeýh Şamsy hem şeýh Latifa barada öz gözleglerini bir ýyldan gowak wagt bäri britan sudunda işe girizmäge synanyşýar, ol şeýh Şamsynyň Britaniýa dolanmagy üçin, Dubaýy mejbur etmäge çalyşýar. Ol şazada Haýanyň London sudunda isledik işi açyp bilmegi ahyrky netijede Şamsa hem Latifa ýardam eder diýip çaklaýar. “Şazada Haýa şeýh Mohammediň öz çagalary üçin howply atadygyny hemmelere aýtmagy gerek” diýýär.

Haýanyň gaçmagy bilen baglanyşykly dörän gep-gürrüňler halkara biznesini özüne çekiji ýer bolan Dubaýyň, şol sanda BAE-niň abraýyny pese düşürdi. Häzir dünýä Arap ýarymadasynda bolan nebite baý arap döwletleriniň arasynda diňe Birleşen Arap Emirliklerinde aýala garşy islendik güýç ulanmalary, maşgaladaky zorlugy gadagan edýän hiç bir kanunyň ýokdugyny aýdyp başlady. Beýle kanun Saud Arabystanynda, Katarda, Omanda, Kuweýtde hem Bahreýnde bar, käbir ýagdaýda olar maşgaladaky adamyň hereketine berk çemeleşýärler.

Maşgala çäginde aýala garşy güýç ulanylanda, ol aýrylyşan ýagdaýyndaky mesele hem BAE-de göz öňünde tutulmaýar. Maşgala aýrylyşan ýagdaýynda, çagalar atasynda galýar, ýöne ene başga birine äre çykmasa ýa şerigatda göz öňünde tutulan kanuny bozmasa, çagalary ýetişýänçä olary terbiýeläp bilýär. Eger Haýa nika bozmak işini Dubaýda gozgasa, äriniň ýagdaýyny hem aýalyny wepasyzlykda aýyplamagyny göz öňünde tutup, çagalary enesinde galdyrmaga hiç bir mümkinçilik bolmaz. Eger ol Iordana – öz patyşa doganynyň howandarlygyna dolansa, BAE hem beýleki arap döwletleriniň bildiriljek güýçli gysyşy netijesinde, Dubaýa güýç bilen eltilmegi mümkin.

Golaýda BAE-niň iň ýokary derejeli hem aşa barjamly maşgalalaryň aýallaryndan birnäçesi, olardan iki sanysy ýurdy dolandyrýan gatlakdan, Londona – Haýa wideo ýazgyly elektron hat ýollapdyrlar, ol bir ýarym ýyl mundan öň şeýh Latifanyň şowsuz synanyşygyny ýatladýar. Olar özleriniň agyr durmuş şertleri barada aýdýarlar hem kömek soraýarlar.

Material AÝ/AR-nyň Rus gullugy tarapyndan taýýarlandy.