Süýjülige garylan geroin. Gyrgyzystan neşe gaçakçylygyna garşy nähili göreşýär

Illýustrasiýa suraty

Halkara guramalaryň maglumatyna görä, Owganystandan gaýdýan tonnalap neşe Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň üstünden Orsýete we Ýewropa geçirilýär. Takyk sanlar belli däl. Gyrgyzystanyň üstünden geçýän neşäniň gizlin ýoly bolup, oňa «Demirgazyk tanzit» diýilýär. Gyrgyzystanyň içinden geçen soňky ‘ýük’ saklanansoň dörän dawada, ýurduň güýç ulanyjylary neşe biznesine garşy göreşiň gowşaklygyny tankyt etdiler.

Süýjülige garylan geroin

Iýun aýynyň başynda nemes habar serişdeleri Polşa bilen araçäkde 670 kilogram geroiniň saklanandygyny mälim etdi. Neşäniň Gyrgyzystanyň «Elit Şoko», konditer kärhanasynyň öndüren önümleriň arasynda ýaşyrylandygy aýdyldy. Ol Belgiýa alnyp barylan eken.

Awtoulagyň Gürjüstana degişli döwlet belgisi bolup, ony sürýän Türkiýäniň raýaty. Ol öň Bişkekde ýaşapdyr hem işläpdir. Şundan soň Gyrgyzystanyň IIM Sokuluk raýonyndaky «Elit Şoko» firmasynda barlag geçirdi hem kärhananyň ýolbaşçysy Aida Žoldoşewa bilen sorag geçirdi. IIM şondan artyk maglumat ýaýratmady.

Köp mukdardaky neşe maddalary polşa-german serhedinde 1-nji iýun gijesi tutulypdy. Dokumentde görkezilişine görä, ol ulagda türk baly bolmaly eken. Şol ýerden hem «Rahat lukum» ýazgyly gapyrjaklar çykýar, olarda bolsa geroin ýaşyrylypdyr.

Nemes neşiriniň sözüne görä, bu Germaniýada saklanan iň uly möçberdäki neşe gaçakçylygy bolupdyr. Geroin Owganystanda taýýarlanandyr diýlip çaklanýar. Ol tranzit arkaly birnäçe ýurduň üstünden, şol sanda Gyrgyzystandan hem geçen bolmaly. Eger ‘ýük’ aýdylan ýerine baryp ýeten bolsa, neşe söwdagärleri 40-dan 56 million ýero çenli gazanjak ekenler. Ulagyň sürüjisi, Türkiýäniň raýaty polisiýa ulagda näme bardygyny bilmeýändigini aýdypdyr. Häzir ol tussagda saklanýar.

Nemes polisiýasy şeýle ýüküň gelýändigi baradaky maglumaty mundan öň Niderlandiýada tutulan neşe söwdagärinden alypdyr. Operasiýa ol saklanmazdan iki hepde öň başlanyp, maglumat ‘ýük’ tutulansoň mälim edilipdir.

Gyrgyzystanda diňe «Elit Şoko» däl, eksport bilen meşgullanýan beýleki konditer önümleri kärhanalary-da barlanypdyr. Häzirlikçe «Elit Şokodan» Ýewropada ele salnan geroin bilen baglanyşykly yz tapylmandyr. Firmanyň eýleri-de neşe söwdagärleri bilen gatnaşygynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Aida Žoldoşewanyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýanyň adwokaty Mart Abdrahmanow bilen baglanyşdy. Onuň sözüne görä, kärhana Türkiýeden 20 tonna önüm üçin tabşyryk alypdyr, ýöne diňe 17 tonna öndürip bilipdirler.

«Firmanyň eýeleri şeýle uly zakaz alandyklaryna begenip, tabşyrygy boýun aldylar. Ýöne olar muny doly berjaý edip bilmediler, diňe 17 tonna öndürip, şony hem ugratdylar». Ondan soňra näme bolanyny ol bilenok. Germaniýada saklanan neşe maddalarynda öz firmalarynyň adynyň bardygyny diňe Internetden bilipdirler. Onuň içinde neşe bolandygyna düşünip bilmeýärler. Olaryň 17 tonna ýüküniň üstüne 2,5 tonna halwa goşulypdyr. Aida Žoldoşewa türk graždanini Huseýn Faratyň firmasy bilen partner bolupdyr. Ol Belgiýa 20 tonna şirin-şeker gerek diýipdir. Onuň soň näme edeni belli däl. Häzir ol Türkiýede. Saklanan sürüji başga adam. Žoldoşewa eksporta ilkinji gezek zakaz alypdyr. Mundan öň ol kafede hem Gyrgyzystanyň magazinlerinde işläpdir. «Firmany IIM barlady. Bizi bir gezek şaýat hökmünde soraga çagyrdylar. Biz soraga bardyk» diýip, adwokat aýdýar.

Şeýlelikde, «Elit Şoko» firmasynyň önüminiň arasyndan köp mukdarda geroiniň tapylmagy neşe gaçakçylygy ýolunyň Gyrgyzystanyň üstünden geçmeginiň mümkindigine ünsi çekýär.

«Neşe syýasatynyň Aziýa merkezi» jemgyýetçilik fondunyň ýolbaşçysy Aleksandr Zeliçenko Germaniýada saklanan neşe Gyrgyzystanyň güýç edaralarynyň hem narkobiznese garşy göreşijileriniň işe sowuk-sala garaýandygyny görkezýär diýdi.

Aleksandr Zeliçenko.

«Gümrük hem Serhet guramalarynyň neşe gaçakçylarynyň serhedi kesmek işine kontrollygy çäkli, ol diňe birnäçe prosent. Golaýda Germaniýada 670 kg. geroin ele salnypdyr. Bu diňe Neşä garşy göreş gullugyň ýalňyşlygy bolman, Gümrük hem Serhet guramalarynyň-da hatasydyr. Bolan iş üçin olardan berk sorag etmek gerek. Bu möçberdäki neşe soňky 10-15 ýylda Gyrgyzystandan geçmändi, oňa hiç bir adam ilkinji gezek töwekgellik edip bilmez. Diýmek, ol ýol öňden bolmaly» diýip, Zeliçenko aýdýar.

Gyrgyzystan we «Demirgazyk tranziti»

2018-nji ýylda Ýurduň IIM-niň bikanun neşe gaçakçylygyna garşy göreş gullugy Gazagystan hem Russiýa bilen bilelikde neşe gaçakçylygynyň ýollaryny aýan etmek boýunça geçirilen operasiýada 70 kilodan gowak neşe maddasyny ele saldy. Resmi maglumata görä, her ýylda Gyrgyzystandan 20 tonna neşe çykarylýar. Mysal üçin, IIM-niň mälim eden statistikasyna görä, 2016-dan 2018-nji ýyla çenli 14-den 19 tonna çenli neşe çykarylypdyr. Ýöne bilermenleriň pikirine görä, respublikadan çykarylýan neşäniň mukdary mundan has köp bolmaly.

Halkara guramalaryň kesgitlemegine görä, dünýäde öndürilýän neşäniň 90% Owganystanda taýýarlanýar. Ol ýurtda her ýylda 6 müň tonna golaý opium alynýar, onuň deň ýarysy şol ýerdäki laboratoriýalarda geroine öwrülýär.

Her ýylda Owganystanda 400 tonna geroin öndürilip, şonuň ählisi diýen ýaly dürli ýollar bilen eksporta gidýär.

Gyrgyzystanyň neşä garşy göreş uprawleniýesiniň hem-de BMG-niň maglumatyna görä, Owganystanda öndürilýän bikanun neşe maddasynyň 20% Gyrgyzystanyň üstünden «Demirgazyk tranziti» diýilýän ýol bilen geçýär. Şeýlelikde, Gyrgyzystan owgan neşesiniň geçýän ýollarynyň biri saýylýar. Geroin şeýle hem «Günorta marşrut» we «Balkan marşruty» diýilýän kanallardan-da aşyrylýar.

Gyrgyzystanda kanun goraýjy organyň işgärleriniň hem neşe söwdasyna goşulandygy hasaba alyndy. 2018-nji ýylyň fewralynda IIM-niň bikanun neşe söwdasyna garşy Göreş gullugynyň polkownigi 8 kilogram meň bilen tutuldy. Mundan öň bolsa Ala-Bukin raýonynyň milisiýa işgärleri 5 kilogram, howpsuzlyk gullugynyň işgärleri 7 kg. geroin bilen tutulypdy.

Owganystan hem Merkezi Aziýa boýunça bilermen Taalatbek Masadykow neşe gaçakçylygyna garşy göreşiň gowşaklygy korrupsiýa bilen bagly diýýär.

Taalatbek Masadykow.

«Sowet Soýuzyndan galan döwletlerde korrupsiýa örän uly problema bolup durýar. Neşe gaçakçylygynyň ösmegi-de şunuň bilen bagly. Serhetçiler, gümrükçiler, neşe gaçakçylygyna garşy göreşiň işgärleri – ählisi korrupsiýa halkasyna baglanan. Men ekspert hökmünde däl-de, eýsem bir graždanin raýat hökmünde aýtsam, Gyrgyzystanda baýamagyň iki ýoly bar – ol neşe gaçakçylygy hem korrupsiýa. Aýratyn-da, Oşda, Jalal-Abatda hem Batkende şeýle, ondan soňra beýleki demirgazyk oblastlarda. IIM-niň, Milli howpsuzlyk komitetiniň hem prokuraturanyň ählisi bolmaýanda-da köp işgäri şonuň hasabyna ýaşaýarlar» diýip, Masadykow aýdýar.

Bikanun biznesiň howandarlary

«Hökümetiň syrlary» telegepleşigine interwýu beren ýurduň öňki baş prokurory Azimbek Beknazarow neşe gaçakçylygyny ýönekeý işgärler däl-de, ýokary derejeli başlyklaryň goldaýandygyny öň aýdypdy. Onuň sözüne görä, bu jenaýat gatlagyna kontrollygy hem täsiri elinde saklamak üçin, ganly waka hem bolupdyr.

“Bizde bir hakyky fakt bar, Akaýew döwründe oňa kim kontrollyk etdi? Elbetde, Baýaman (Erkinbaýew – Red.), ondan soň Žanyş (Bakiýew – Red.) boldy. 2010-njy ýylda rewolýusiýa bolanynda, täze hökümet geldi... Ony (Raýymbek Matraimowy – Red.) Kulmatow hem Atambaýew bellediler. Ol günortany kontrollyk etdi” diýip, Beknazarow aýdýar.

Azatlyk Radiosy öňki baş prokuroryň aýdanlary barada Döwlet Gümrük gullugynyň başlygyndan öz pikirini sorady. Ýöne edaranyň metbugat-gullugynyň müdiri Žamanak Musurkanow oňa kommentari berip durmagyň manysy ýok, sebäbi Beknazarowyň sözi hiç zady tassyklamaýar diýdi.

Ýabany ösýän kenebiň ýok edilişi. Illýustrasiýa suraty.

Gyrgyzystanda mundan üç ýyl öň neşe gaçakçylygynyň bikanun aýlanyşyna garşy Döwlet Gullugy ýatylylyp, ol wezipe IIM berildi. Hökümetler şeýle etmek bilen bu ugurdaky jenaýata garşy göreşi güýçlendirýändigini aýtdylar. Medetbekow bolsa bu inisiatiwany häzire çenli-de goldamaýar, gaýtam Gyrgyzystanda neşe gaçakçylygynyň artýandygyny, ony ulanýanlaryň sanynyň köpelendigini belleýär.

Artur Medetbekow.

«Gyrgyzystanyň üstünden 670 kg. geroiniň geçmegi örän uly ýük. Ol 3-4 serhet hem gümrük gullugynyň barlagyndan geçen bolmaly. Ony nädip geçirendikleri geň. Neşeler halwa şekilli paketlerde geçirilipdir. Munuň özi neşe gaçakçylygyny gurnaýan uly möçberdäki guramaçylykly toparyň bardygyny aňladýar. Belki, bu işe kanun goraýjy organlaryň ýokary derejeli resmisi goşulyşandyr. Onsuz ol ýüki geçirip bilmezdiler.

Belki-de, ol işe diňe Gyrgyzystanyň däl, Gazagystanyň, Russiýanyň, Belarusyň hem Polşanyň wekilleri-de gatnaşyklydyr. Bu öňden dowam edip gelýän uly kanal bolmaly, şonuň üçin olar 3-4 serhedi geçip bilendirler. Bikanun neşe gaçakçylygyna garşy guramalar häzir öz gowşaklygyny görkezdiler. Öň Narkotika kontrollyk agentligi bolup, ol Almazbek Atambaýewiň prezidentligi döwründe ýatyryldy, munuň özi ýalňyşlykdy. Şeýle guramalar neşe gaçakçylygyna garşy netijeli göreşip bilerdi. Gynansak-da, häzir bu işiň barysy diňe bir ministrlige berildi. Şonuň üçinem käbir ýagdaýda birnäçe gullukçylar bu işe goşulyşýarlar.”

Bikanun neşe gaçakçylygyna garşy göreş komiteti aýdylýan tankydy kabul etmeýär. Häzir ol edara geçen ýarym ýylda bitiren işleri baradaky hasabaty taýýarlaýar diýip, gullugyň resmi wekili Žanna Satarbaýewa aýdýar.

“Köp telekanallar hem saýtlar informasiýa soraýarlar. Biz olara alty aýlyk iş jemlerimizi çap etjekdigimizi aýdýarys. Ol taýýar, ýöne degişli organlar tarapyndan barlanandan soň çap ediler” diýip, ol aýdýar.

Bikanun neşe gaçakçylygyna garşy göreş komiteti 2018-nji ýylda Gyrgyzystanda neşe aýlanyşygyndaky 1424 jenaýaty aýan edipdir. Ýöne ol işiň näçesi suda ýetirilipdir, näçe adam jenaýat işi üçin jeza çekýär – ol aýdylmaýar. Geçen ýyl bikanun neşe gaçakçylygyna garşy göreş komiteti 16 tonna 318 kg 517 gram neşäni ele salypdyr.

Owganystanda neşe öndürilişi. Arhiw suraty.

Ýurduň narkologiýa merkezinde 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli 5562 adam hasapda durupdyr. Geçen ýylda artykmaç neşe ulanyp heläk bolan adamlaryň sany iki esse azaldy. 2017-nji ýylda 23 adam ölen bolsa, 2018-nji ýylda 12 adam ölüpdir.

Şol wagtyň özünde BMG 24-nji iýunda ýaýradan dokladynda, dünýäde neşe ulanýanlaryň sanynyň artandygyny mälim etdi.

Beýleki bir möhüm bolmadyk mesele; neşe gaçakçylygyndan gelýän puluň belli bölegi terrorizmi maliýeleşdirýär. Synçylaryň bellemegine görä, Gyrgyzystanda aralykçylary häli-şindi tutýarlar, neşäni üpjün edýänler hem iri neşe söwdagärleri gözenegiň aňrysyna seýrek ýagdaýda düşýär.

Neşe biznesiniň guramaçylykly jenaýat toparlary tarapyndan aýlanýandygy mälim. Gyrgyzystanda bikanun neşe gaçakçylygyna garşy göreşiň jogapkärçiligi diňe IIM däl, Serhet we Gümrük gulluklaryna-da degişlidir.

Meselem, Döwlet Gümrük gullugy komitetinde bikanun neşe gaçakçylygyna garşy göreş boýunça 5 adam işleýär. Resmi maglumatlara görä, olar halkara operasiýalaryna gatnaşýarlar hem neşe gatnawynyň ýoluny kesýärler. Şu ýylyň başyndan bäri olar bikanun neşe gaçakçylygyndaky 15 fakty aýan edip, 1 kg. marihuana, 33 kg. meň, 1,6 kg. psihotropik serişde hem 71 gram geroin saklapdyrlar.

Döwlet Gümrük gullugy Germaniýada saklanan neşe gaçakçylygy bilen özleriniň hiç bir dahylynyň ýokdugyny aýdyp, bu barada IIM ýüz tutmagy haýyş edýärler. IIM ol iş boýunça derňew geçirýär. Ýöne haýsydyr bir netije barada entek maglumat ýok.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.