Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kazarmalarynda esgerler ýuwunmak mümkinçiliginden mahrum edilýärler. Bu barada habar berýän Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, bu ýagdaý ministrligiň Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän kazarmada ýüze çykypdyr.
- Paýtagtda, şäheriň iň merkezinde Goranmak ministrligine degişli binada kazarma jaýy ýerleşýär. Onuň daşynda Goranmak instituty, akademiýasy we Goranmak ministrligi ýerleşýär. Bu, welaýatlardaky bir ýer hem däl. Bu goranmak edarasynyň binasynyň hut merkezinde bolýan ýagdaý. Kapitan Ş. kazarmanyň 3-nji gatynda esgerleriň ýuwunmagy üçin niýetlenen otaglary gulplady, bu ýerde, hersi 24 esger üçin 5 sany otag bar, jemi 120 sany esger ýerleşýär - diýip, Aşgabatdaky çeşmämiz 10-njy iýulda habar berdi.
Çeşmämiziň sözlerine görä, esgerleriň ýuwunmak üçin niýetlenen otaglara girmek mümkinçiliginden mahrum edilmegine bir aý bolupdyr. Munuň bilen baglylykda olar öz arassaçylygyny saklamak üçin alternatiw ýollary gözlemäge mejbur bolýarlar, emma ýuwunmaga alaç tapan ýagdaýynda jezalandyrylýarlar.
-Bir aý mundan öň kapitan esgerleriň ýuwunýan otaglaryny arassa saklap bilmeýändigini aýdyp, olary gulplady. Käbir esgerler ýuwunmaga ýer bolmansoň, bedeniň ýakymsyz ysyndan şikaýat edýärler. Käbir oglanlar hajathanalarda ýuwunmaga synanyşýarlar. Emma şol bir kapitan olara gygyrýar, ol esgerleriň hajathanalarda ýuwunýandygyny duýýar. Hiç kim oňa garşy çykyp bilmeýär, - diýip çeşmämiz aýdýar.
Söhbetdeşimiz bu ýagdaýyň tomsuň yssy howasynda bolup geçýändigini belleýär:
-Bu ýerde örän yssy. Adamlar adatça günüň dowamynda iki gezek suwa düşýärler.
Azatlygyň çeşmesi kapitan Ş. we bu ýagdaýdan habarly kazarmanyň beýleki harby resmileriniň eden-etdilikleri sebäpli jogapkärçilige çekilmän gelýändigini belledi.
Degişli maglumat Lebapda ýarawsyz ýaşlar harby gulluga ‘alnyp gidilýär’Azatlyk Radiosy kazarmada esgerleriň ýuwunmagy üçin niýetlenen otaglary ýapan ofiseriň doly adyny efirden agzamakdan saklanýarys. Şol bir wagtda-da, biz Goranmak ministrliginiň kazarmasynda bolup geçýän ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň sebäplerini we goşmaça maglumatlary anyklamaga synanyşýarys. Biziň Goranmak ministrliginiň özünden resmi maglumat almak boýunça synanyşyklarymyz häzirlikçe netije bermedi.
Bu hadysa Türkmenistanda, şol sanda paýtagtyň özünde ofiserleriň esgerler babatynda eden-etdilikli hereket etmegine degişli ýene-täk ýagdaý däl.
Aşgabadyň gowy hasaplanylýan harby bölümleriniň ýene birinde gulluk eden esgeriň geçen aýda Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine, Türkmenistanyň prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän №1001 harby bölüminde hapaçylyk, parahorluk we esgerlerden dürli ýollar bilen pul talap etmek bilen bagly şertler höküm sürýär.
Azatlygyň türkmenistanly söhbetdeşleriniň sözlerine görä, ýurduň welaýatlaryndaky harby bölümlerinde esgerleriň ýagdaýy hasam agyr.
-Bir oglan goşundan agyr saglyk ýagdaýynda dolanyp geldi. Erbet iýmitlenmegi zerarly onuň aşgazany zaýalandy. Aýaklarynda ýara we saglygynda beýleki problemalar bar - diýip, çeşmämiz aýdýar.
Degişli maglumat HORMATLY ARKADAG: Bu ýurtda näme üçin esger adam ornunda goýulmaýar?Şeýle-de, Azatlyga goşunda esgerlere rehimsizlik görkezilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi barada maglumatlar gowuşypdy.
Diňleýjilerimizden gelen hatlaryň birinde esgerlerden pul almak üçin olaryň goşunda zorluga sezewar edilýändigi habar berilipdi.
"Ilki GÜBE hakda aýdaýyn, GÜBE diýlen ýer esgeri irdenden agşama çenli dynçsyz oturdyp yöredip, ylgadyp kösedilýän ýer, ýöretmek, durmak bolanok. eger diýleni etmeseň zorlap kelläňi tualede sokýarlar. Podpolkownik M. bardy, çalaja zat üçin gübä ugradardy, eşigiň ütüksiz - GÜBE, nyzamly ýöremediňmi-GÜBE, saçyň-sakgalyñ azyjyk ösgünmi - GÜBE, prezidentiň doglan gününi bilmediňmi - GÜBE. Mundanam ofiserler gowy peýdalanardylar, esgeri gübä ugratjak diýip gorkuzyp esgerden azyndan 200 manat alardylar", diýip Azatlyga okyjydan gelen hatda gürrüň berilýär.
Soňky aýlaryň dowamynda Türkmenistanyň häkimiýetleri esgerleri goşuna almak boýunça berk çäre geçirdiler. 18 ýaşyna ýeten mekdep okuwçylary orta mekdebini tamamlan badyna, attestatyny alyp bilmän goşuna alnandygyny, daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly ýaşlaryň kanikul döwründe ýurda baran badyna aeroportda goşuna alnyp gidilendigi barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň ençemesi habar beripdi.
Türkmenistanyň milli goşunynyň problemalarynyň arasynda esgerleriň harby taýýarlyk derejesiniň pesligini, azyk üpjünçiliginiň gowşaklygyny, esgerleriň kemsitmelere we rehimsizliklere sezewar edilýändigini, şeýle-de mugt iş güýji hökmünde ulanylýandygyny, oba hojalyk işlerine, pagta ýygyma çekilýändigini synçylar belleýärler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we harbar beriş serişdeleri goşundaky problemalary agzamaýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistanda esgerler gulluga çagyryldy, goranmak ministri käýinç aldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.