“Talyban” we owgan jemgyýetiniň wekilleri Katardaky gepleşikleriň dowamynda syýasy çözgüt boýunça ýol kartasy babatynda ylalaşdylar. Bu Owganystandaky dowam edýän 18 ýyllyk urşy togtatmak ugrundaky möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.
Emma, gepleşikleriň netijeleri boýunça paştu, dari we iňlis dillerinde çap edilen rezolýusiýalarda käbir möhüm gapma-garşylyklar bar.
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň 9-njy iýulda “resmi bolmadyk terjime” diýlip atlandyrylan rezolýusiýasynda “Talybanyň” we Owgan-ara delegatlarynyň aýallaryň “syýasy, sosial, ykdysady, bilim we medeni hak-hukuklaryny yslamyň gymmatlyklaryna laýyklyklykda kepillendirmek” barada ylalaşandyklary bellenilýär. Bu Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabul hökümetiniň öňe sürýän esasy şertleriniň biridir.
Iňlis terjimede “Talybanyň” Owganystandan daşary ýurtly güýçleriň çykarylmagy boýunça edýän talaby bilen baglylykda hiç zat aýdylmaýar.
“Talybanyň” aglabasynyň esasy dili bolan paştuça çap edilen rezolýusiýada bolsa, ýol kartasynyň çäginde daşary ýurtly güýçleriň çykarylmagynyň hem göz öňünde tutulýandygy nygtalýar. Emma, dokumentiň bu nusgasynda aýallaryň hak-hukuklary barada hiç hili maglumat berilmeýär.
Dari dilinde çap edilen rezolýusiýada aýallaryň hak-hukuklary meselesi gozgalýar, emma daşary ýurtly güýçleriň Owganystandan çykarylmagy barada kelam agyz söz aýdylmaýar.