Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň habarçysy Rikard Jozwiak 7-nji iýulda Bişkekde, ÝB-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrler derejesindäki duşuşygynyň geçýän wagtynda ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşiligiň gysgaça terjimesini çap edýäris.
AÝ/AR: Siz ýap-ýaňy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleri bilen duşuşdyňyz, Türkmenistanda bolduňyz we Gyrgyzystanda sebitiň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleriniň ählisi bilen duşuşdyňyz. ÝB bu sebiteBirleşen Ştatlaryň, Orsýetiň, Türkiýäniň we Hytaýyň başarmaýan nähili teklibini hödürläp biler?
Federika Mogherini: Biz olaryň her biri bilen oňyn hyzmatdaşlyk edýäris. Emma biz esasan olaryň ählisi bilen bir sebit hökmünde hyzmatdaşlyk edýäris. Onsoň olaryň her biri şu gün açyk aýtdy, olar ÝB-niň özleri bilen sebit hökmünde hyzmatdaşlyk etmegine gadyr goýýarlar. Bu olara öz aralarynda hyzmatdaşlyk etmekde kömek berýär. Bu hemişe aňsat däl, olaryň arasynda käte çözülmesi ýeňil bolmadyk meseleler bar. ÝB-niň goldawlary hiç wagt aralaryndaky tapawutlary peýdalanyp, olary bölmek maksadyndan ugur almaýar, eýsem bu tapawutlylyklary ýeňip geçip, bilelikde işleşmäge ruhlandyrýar. Onsoň, biziň bu ýerde anyk edip biljek işimiz, adatça bolşy ýaly, şulardan ybarat: söwda, ykdysady inwestisiýalar, ösüş hyzmatdaşlygy, biz umumy taslamalaryň hem bir toparyny maliýleleşdirýäris. Şeýle-de biz syýasy reformalaryň geçirilmegine, olary öz aralarynda syýasy hyzmatdaşlyk etmäge hem hyjuwlandyrýarys.
Meniň pikirimçe, olar bu ýerde Ýewropa Bileleşiginiň ýaşyryn bir maksadynyň (gün tertibiniň) ýokdugyna gadyr goýýan bolsalar gerek. Biz açyk-aýdyň we ynamdar. Olaryň biz tarapdan gelýän ähli zady, hususan-da adam hukuklary, kanunyň hökmürowanlygy ýaly zatlara üns berilmegini halamazlygy käte bolup biljek zat. Çünki olar şindi hem käbir derejede geçiş pursatyndaky ýurtlar bolup durýar. Emma olar özleriniň aljak, gazanjak zatlaryny bilýärler we meniň pikirimçe, biziň açyk-aýdyňlygymyza we ynamdarlygymyza gadyr-gymmat goýýarlar.
Munuň üstesine biz işleşýäris, hyzmatdaşlyk edýäris, biz olardan Ýewropa Bileleşigi ýa beýlekiler bilen hyzmatdaşlyk etmegiň haýsam bolsa birini saýlap almaklaryny soramaýarys. Biz sebitiň ýurtlarynyň öz aralarynda hem gowy hyzmatdaş bolup biljeklerine, biz bilen-de, sebitdäki başga döwletler bilen hem hyzmatdaş bolup biljegine ynanýarys. Şu hili regional derejede hyzmatdaşlyk gurmak biz üçin hem amatly.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
AÝ/AR: Düýn ÝB Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna başlady. Bu hili ylalaşyk, görnüşi ýaly, ozalky prezident bilen häzirki prezidentiň köplenç bir-biriniň bokurdagyndan alýan mahalynda, ýurtda syýasy durnuklylyk ýok wagtynda nähili işläp biler? Bu hili ýagdaýda ylalaşyk baglaşmagyň manysy barmy?
Federika Mogherini: Bu ylalaşyklar möhüm, sebäbi birinjiden olar bize saldamly we kiçi, raýatlara bähbitli bolanhyzmatdaşlyk taslamalary üçin esas berýär, bu biziň hemişe ilkinji obýektimiz bolup durýar. Şeýle-de bu ýurtlary syýasy babatda hem özgertmäge, garaşsyz kanunçylygy ýola goýmaga ýardam edýär. Elbetde, bu uzak proses, emma biz bu prosesde ýoldaşlyga we hyjuwlandyrmaga gol ýapýarys. Onsoňam men şunuň ýaly, Gyrgyz respublikasy ýaly ýurtlaryň demokraiýa maýa ýatyrmagyň gymmatyna we goşmaça gymmatyna we bu işi etmegiň kynçylygyna düşünendigine ynanýaryn.
Emma bu proses, gaýtalap aýdýaryn, biziň ylalaşyklarymyzyň goşmaça gymmaty hem şunda – biz bu ýurtlara reformalarda we özgertmelerde ýoldaş bolýarys. Elbetde, bu hemişe göni çekilen çyzyk däl. Emma ýewropa ýurtlarynyň özleri hem geçmişde kyn geçiş pursatlaryny başdan geçirdiler, şuňa meňzeşkynçylyklary ýeňip geçdiler. Onsoň bizde sabyr-kanagat tejribeleri bar, serişdeler bar.Şeýlelikde, biz olara şu ugurdan gitmegiň berk delillerini hödürleýäris. Şu sebäpden men olaryň bu şertnamalary gowulyk üçin ulanjagyna bil baglaýaryn.
AÝ/AR: Siz Gyrgyzystan hakynda gürrüň edýärkäňiz adam hukuklaryny goraýjy, jenap [Azimjan] Askarow biygtyýar ýada düşýär. Siz prezident bilen duşuşaňyzda bu meseläni gozgadyňyzmy, onuň azat edilmegine çagyrdyňyzmy?
Federika Mogherini: Hawa, biz bu meseläni geçiren ikitaraplaýyn duşuşygymyzda maslahatlaşdyk. Şeýle-de biz sudlaryň garaşsyzlygyna, hususan-da sud ulgamynda syýasy taýdan ynjyk meselelere seredilende örän uly aýdyňlygyň, açyklygyň zerurlygyna köp üns berilmelidigi barada maslahatlaşdyk.
AÝ/AR: Siz şeýle-de täze wekilçilik açmak ýa-da wekilhana açmak baradaky ylalaşyga gol çekmek üçin Aşgabatda bolduňyz. Bu ylalaşyk bu ýurduň açylmagyna, adam hukuklaryna gezek gelendebiraz gowulaşmagyna nähilem bolsa bir kömek eder öýdýärsiňizmi?
Federika Mogherini: Men şeýle bolmagyna umyt edýärin.
AÝ/AR: Eýsem bu anyk näme kömek edip biler? Ýagny indi bu ýurtda ÝB-niň wekilçiligi bar, onuň bolmagy bu prosese nähili täsir ýetirip edip biler?
Federika Mogherini: Ozaly bilen,bu sebitiň galan dört ýurdunyň ählisinde ÝB-niň delegasiýasy bar. ÝB-niň soňky bäş ýylda Merkezi Aziýa bilen sebit hökmünde berk hyzmatdaşlyk we kooperasiýa gurmagy netijesinde, bu ýurtlaryň hemmesine, bäşisinde hem doly möçberli delegasiýanyň bolmagy biziň işimiziň dowamlylygyna kömek edýär. Biziň ýyllyk ministrler duşuşygymyz bar, biziň sebitde ýygy-ýygydan bolýan ýörite wekilimiz bar,bu ýurtlaryň ählisiniň paýtagtynda ÝB-niň hemişelik ilçileriniň bolmagy bize gündelik esaslarda öňegidişliklere we problemalara gözegçilik etmek mümkinçiligi berýär. Şeýle-de, biziň işimiz ÝB-niň perspektiwalary boýunça has töwerekleýin bolar ýaly, biz agza döwletler bilen alyp barýan işlerimizi öz ýerinde utgaşdyryp bilýäris. Mundan başga, biz wekilçilik arkaly regional çemeleşmä hem eýerip bilýäris.
Ýagny biziň diplomatik derejede, tutuş ýylyň dowamynda ministrler derejesinde duşuşmak mümkinçiliklerimiz bolýar. Sebäbi ministrler derejesindäki duşuşyklar ýylda bir gezek geçirilýär, emma biz olaryň arasynda hem köplenç pikir alşyp durýarys. Onsoň bu ýurtlaryň paýtagtlarynyň ählisinde, ýagny bäşisinde hem diplomatik wekilçiligimiziň bolmagy biziň gündelik esasdaky işimize köp peýda berer diýip ynanýaryn. Şeýlelikde, men bu bize iki tarapdan hem, maslahat edilen oňyn taslamalar babatynda-da, gören wagtymyzda problemalary gozgamakda hem peýda getirer diýip ynanýaryn.
AÝ/AR: Siz Aşgabatda aýratynlykdaky adamlaryň meselelerini hem gozgadyňyzmy?
Federika Mogherini: Biz hemişe adam hukuklary ölçegleri, kanunyň hökmürowanlygy, gowy hökümet dolandyryşy we metbugat azatlygy babatdaky umumy meseleleri gozgaýarys, şeýle-de biz zerur bolan wagtynda aýratynlykdaky işler boýunça hem yşarat edýäris.