Sudan harbylary we protest liderleri dolandyryjy geňeş döredýär

Sudanly protestçiler. Arhiw suraty

Sudanyň dolandyryjy generallary, ýurduň syýasy gapma-garşylygyny soňlamak maksady bilen, protest liderleri bilen häkimiýet bölüşmek ylalaşygyna geldiler.

Iki tarap 4-nji iýulda “harbylaryň we siwilleriň arasynda üç ýa-da ondan biraz köp döwür içinde aýlanýan özygtyýarly geňeş döretmek ylalaşygyna geldiler” diýip, Afrikan Bileleşik araçysy Mohamed Hassan Lebatt metbugat ýygnagynda aýtdy.

Bu ylalaşyk paýtagt Hartumda iki gün dowam eden gepleşiklerden soň gazanyldy. Mundan öň, maý aýynda dolandyryjy geňeşe siwil ýa harby adam ýolbaşçy bolmaly diýen meselede geçirilen gepleşikler şowsuz gutardy. Bu ylalaşyk gezekli harby we siwil prezidentligiň bolmagyna çagyrýar.

Şeýle-de olar garaşsyz teknokrat hökümet döretmek, soňky hepdelerde howpsuzlyk güýçleriniň basyp ýatayrmalarynda onlarça adamyň ölümine getiren zorlukly wakalary açyk-aýdyň, garaşsyz derňemek boýunça ylalaşyga geldiler.