Tramp Putin bilen ‘gatnaşyklaryny örän, örän gowy’ diýip taryplap, oňa ABŞ-nyň nobatdaky saýlawlaryna ‘goşulyşmazlygy’ duýdurdy

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp özüniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen “gatnaşyklaryny örän, örän gowy” diýip taryplady, ýöne oňa ABŞ-nyň nobatdaky saýlawlaryna “goşulyşmazlygy” duýdurdy. Iki lideriň arasyndaky bu gepleşikler 28-nji iýunda Ýaponiýada G20 ýygnagynyň çäginde bolup geçdi.

Iki ýurduň arasyndaky durnuksyz ikitaraplaýyn we halkara meseleleriň sanawynyň artýan mahalynda, Tramp rus kärdeşi bilen bir ýyl arakesmeden soň geçiren duşuşygynyň başynda optimistik äheňde çykyş etdi.

“Biziň örän, örän gowy gatnaşyklarymyz bar” diýip, Tramp Putin bilen Osakada geçiren duşuşygynyň başynda aýtdy.

28-nji iýunda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde G20 sammitiniň dowamynda geçirilen duşuşykda saýlawlara gatyşygyň maslahat edilip edilmejekdiginiň Trampdan soralmagy bilen duşuşyk çarkandakly başlady.

Tramp bu soraga “elbetde ederin” diýip, jogap berdi. Bu jogap Putini geň ýylgyrtdy.

Soňra Birleşen Ştatlaryň prezidenti Putine barmagyny çommaldyp, kinaýaly äheňde “saýlawa goşulyşma” diýdi.

Bu duşuşyk liderleri oňat şahsy aragatnaşykda ýaly bolup görünýän iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň Sowuk urşundan öňki pes derejesine düşen wagtyna gabat gelýär.

2014-nji ýylda Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi we Kremliň Siriýanyň prezidenti Başar al-Asady goldamagy bilen, Waşington we Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlylaşdy.

Birleşen Ştatlarda ýörite prokuror Robert Mýuller tarapyndan geçirilip, mart aýynda tamamlanan federal derňew Russiýanyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlara gatyşandygyny görkezýän ep-esli delili dokumentleşdirdi. Bu aýyplamalary Putin ret edip geldi.

80 minutlyk duşuşyk barada Ak tamyň ýaýradan hasabatyna görä, duşuşykdan garaşylan tamanyň ählisi ödelmedik çemeli.

“Iki lider Birleşen Ştatlary bilen Russiýanyň arasyndaky ösen gatnaşyklaryň iki ýurduň hem-de dünýäniň bähbidinedigi barada ylalaşdylar” diýip, beýanatda aýdyldy.

“Liderler Eýrandaky, Siriýadaky, Wenezuelladaky we Ukrainadaky ýagdaýlary hem maslahat etdiler” diýip, beýanat aýdyldy.

Ak tamyň 28-nji iýunda ýaýradan beýanatyna görä, “prezidentler ýarag gözegçiliginiň 21-nji asyr nusgasy boýunça gepleşiklere dowam etmek barada ylalaşdy. Prezident Tramp bu meselede Hytaýa-da zerurlygyň bardygyny belledi”

Birleşen Ştatlary we Russiýa soňky aýlarda ýagdaýlary ýaramazlaşan Eýran we Wenezuella boýunça-da ylalaşmaýarlar. Tähran bilen Karakasyň ikisi-de Kremliň ýaranlarydyr.

Tramp ykdysadyýeti gowşaýan günorta Amerika ýurdunyň prezidenti Nikolas Maduronyň wezipeden çetleşdirilmegini isleýär. Ol Russiýany Maduronyň režimini goldamagy bes etmäge çagyrdy.

“Ol ýerde arassa başly-baratlyk bolar. Nädip [ABŞ] beýle hereket edip bilýär?” diýip, Putin Wenezuellada režimiň çalyşmagy barada FT-ä beren interwýusynda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.