Türkmen Adalatçysy hasabat ýaýratdy; halkara hukuk toparlarynyň gozgaýan esasy meselelerini agzamady

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili, ýagny Adalatçysy hukuk goraýjy toparlaryň gozgaýan esasy meselelerini agzamazdan 2018-nji ýyl üçin hasabat çap etdi.

Hasabatda dünýäde adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara hukuk goraýjy guramalaryň Türkmenistan boýunça gozgaýan esasy meseleleri, şol sanda ýurtda metbugat azatlygynyň ýagdaýy, türmelerde dereksiz ýitenler we raýat jemgyýetiniň meseleleri agzalmady.

26-njy iýunda Türkmenistanyň Adalatçysy ýurduň döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdelerinde öz işiniň 2018-nji ýyl üçin jemleri boýunça 9 bölümden ybarat 60 sahypa töweregi hasabatyny çap etdi.

Hasabatdan mälim bolşuna görä, Adalatçynyň diwanynda 2018-nji ýylyň dowamynda jemi 985 arza-şikaýat hasaba alnypdyr.

Degişli maglumat Türkmenistanyň parlamenti "Adalatçy hakynda" kanun kabul etdi

Arzalaryň 30 prosent töweregi Aşgabadyň, 23 prosent töweregi Balkan welaýatynyň, galan 50 prosent töweregi Daşoguz, Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynyň ýaşaýjylaryna degişli ekeni.

Hasabata görä, raýatlaryň arzalarynda esasan ýaşaýyş jaý meseleleri, suduň kararyna nägilelik, migrasiýa meseleleri ýaly şikaýatlar gozgalýar.

“Adalatçynyň diwanyna gelen arzalaryň 101-i ýa-da 21,0% seredilmän galdyryldy” diýip, hasabatda aýdylýar.

Resmi maglumata görä, Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine-de nägilelik bildirip, Adalatçynyň diwanyna ýüz tutanlar bolupdyr. Ýöne bu mesele boýunça ýüz tutan raýatlaryň ykbalyny, olaryň anyk haýsy meseleleri gozgandygyny beýleki garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň çap eden hasabatynyň türkmen dilindäki wersiýasynda kiril harplarynyň ulanylan ýerleri bar. Kiril harplarynda ýazylan paragrafyň harp ýalňyşdygyny ýa-da däldigini resmilerden anyklamak mümkin däl.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň hasabatynda kiril harplarynda ýazylan bölümler

Türkmenistan 1999-nji ýylda kiril alfawitinden latyn elipbiýine geçipdi.

Adalatçynyň hasabatynda ýüztutmalara berlen jogaplar barada-da mysallar getirilýär.

Meselem, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany Lebap welaýatynyň ady agzalmaýan bir ýaşaýjysyna onuň saglyk ýagdaýlary sebäpli türkmen banklaryndan gysga wagtyň içinde zerur “VISA” bank kartyny almaga, Daşoguz şäheriniň bir ýaşaýjysynyň maýyp çagasyny çala eşidýänleriň mekdep-internatyna ýerleşdirmäge, Aşgabat şäheriniň bir ýaşaýjysyna ynsanperwerçilik ýagdaýlary sebäpli daşary ýurt pasportyny resmileşdirmäge kömek edipdir.

“Gynansagam käbir edaralaryň jogapkär işgärleriniň, raýatlaryň uly bolmadyk meselelerini çözmekde süýrenjeňlige ýol berilýän halatlary bolup, raýatlar degişli edaralarda meseleleriniň wagtynda çözülmeýänligi sebäpli Adalatçynyň diwanyna ýüz tutýarlar” diýip, hasabatda aýdylýar.

Türkmen Adalatçysynyň ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça çap eden hasabatynda döwlet syýasaty öwgüli sözler bilen mahabatlandyrylýar – Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň “her bir adamyň abadan, bol-elin we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigi” aýdylýar.

Degişli maglumat ​​Türkmen ombudsmeniniň ilkinji hasabaty çap edildi

Ýöne onda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 18, 19 we 20-nji maddalaryndan gözbaş alýan söz-beýan azatlygynyň, metbugat azatlygynyň, din-wyždan azatlygynyň Türkmenistandaky ýagdaýy barada hasabat berilmeýär.

Şol bir wagtyň özünde türkmen Adalatçysynyň hasabatynda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 3-nji we 5-nji maddalaryndan gözbaş alýan adamyň ýaşamak hukugynyň hem-de erkinliginiň, onuň gynamalara we kemsidiji jeza çärelerine sezewar edilmezlik hukugynyň Türkmenistandaky ýagdaýlary barada gürrüň gozgalmaýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça çap eden soňky hasabatynda Türkmenistany bu ugurda 180 ýurduň arasynda iň yzdaky orunda ýerleşdirdi. Gurama ýurtdaky metbugat azatlygynyň ýagdaýyny “dyngysyz giňeýän gara girdap” häsiýetlendirip, ýurtda tutuş media serideşdeleriniň hökümetiň gözegçiligindedigini, daşary ýurt media guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýän sanly žurnalistiň gorkuzmalara sezewar edilýändigini aýtdy.

Galyberse-de, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy we beýleki käbir hukuk goraýjy toparlar türkmen türmelerinde ýitirim edilendigi hasaba alnan 120-den gowrak tussagyň ykbalyna alada bildirip geldi. Adalatçynyň hasabatynda bu meseleler gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.