Türkmenistan BMG bilen işsizlik meselesini maslahatlaşdy

TSTB-niň "Rysgal" gazetiniň baş sahypasy

BMG missiýasynyň delegasiýasy 21-nji iýunda TSTB-niň işi bilen tanyşdy diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň saýty habar berýär.

Resmi maglumata görä, türkmen telekeçileri BMG-niň terrorizme garşy taslamalary durmuşa geçirmegi utgaşdyrmak boýunça bölüminiň başlygy Kristofer O.Donneliň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa bilen duşuşdy.

TSTB-niň başlygy myhmanlary öz ýolbaşçylygyndaky jemgyýetçilik guramasynyň işi, türkmen telekeçileriniň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.

Emma habarda döwletden milliardlarça dollar möçberinde serişde alan guramanyň soňky ýyllarda näçe iş ornuny döredendigi barada maglumat berilmeýär.

BMG missiýasynyň wekilleri berlen maglumatlary diňläp, TSTB-niň işine ýokary baha berdiler, hususan-da onuň täze iş orunlaryny döretmekdäki ähmiýetini aýratyn nygtadylar diýip, habarda aýdylýar.

Duşuşyga gatnaşan taraplaryň ikisi-de ilaty iş bilen üpjün etmegiň jemgyýetiň durmuşyndaky negatiw hadysalara garşy durmagyň bir faktory bolup durýandygyny tassyklady.

Türkmenistanda soňky on ýylda işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy zerarly daşary ýurtlara iş gözläp gidýän adamlaryň sanynyň barha köpelýändigi aýdylýar, emma resmi Aşgabat ilatyň işsizlik derejesi, döredilýän iş orunlarynyň sany barada anyk maglumat çap etmeýär.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň dine uýýan, sakgal goýberýän ýaşlara garşy girizilýän çäklendirmeleri we basyşlary artdyrýandygy hakynda habarlar gelip gowuşýar.