Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýumurtgany we şekeri nobata durmazdan satyn almak mümkin

Illýustrasiýa suraty

Indi Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýumurtgany we şekeri nobata durmazdan satyn almak mümkin.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 24-nji iýunda habar berdi.

Onuň aýlanyp gören döwlete degişli dükanlarda ýumurtgany we şekeri satyn almak üçin ozalkylary ýaly nobata garaşmak hökman däl.

Ýatlasak, bir hepde töweregi mundan ozal, 18-nji iýunda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň uly nobatlarynyň saklanýandygyny habar beripdi.

“Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki iri dükanlarynda şeker günuzyn bar. Ol her ele 1 kilogramdan satylýar. Beýleki kiçi-girim döwlet dükanlarynda-da öňküleri ýaly şeker diňe irden satylmaýar ýa-da 20 minudyň içinde satylyp gutarmaýar. Ýumurtga köp ýerlerde erkin elýeterli” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji iýunda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda erkin satylýan ýumurtga öňküsinden 5 teňňe gymmatlap , indi 50 teňňeden satylýar.

Türkmenistan soňky 2 ýyla gowrak wagtyň dowamynda döwlet degişli söwda nokatlarynda iýmit önümleriniň ýiti gytçylygyny wagtal-wagtal başdan geçirip gelýär. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň sözlerine görä, azyk önümleri hususy söwdada gymmat bahadan satylýar.

Ýurtda şeker gytçylygynyň täze tolkuny maý aýyna geçip täzeden döräp başlapdy.

Degişli maglumat Aşgabatda şeker gytçylygy: müşderilerden şeker bilen möhleti geçen harytlary satyn almak talap edilýär

15-nji maýda ýetiren maglumatynda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şekeriň diňe irden her ele çäkli möçberde satylýandygyny, ony satyn almaga isleg bildirýän ýaşaýjylaryň bolsa şekeriň gapdalyndan wagty geçen käbir başga harytlary satyn almaga mejbur edilýändigini hem habar beripdi.

“1 ýa-da 2 kilogram şekeri satyn alan müşderilerden onuň ýany bilen “goşmaçalary” hem satyn almak talap edilýär. Şekeri satyn alan müşderiler möhleti geçen 0,3 litr gapdaky suwy, çupa-çupslary, ýagny sorulýan süýjüleri we beýleki satylman galan harytlary satyn almaly bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Beýleki tarapdan, paýtagtdaky habarçy şekeriň gapdaly bilen satylýan goşmaçalaryň hatarynda käbir döwlet dükanlarynda margariniň hem goşulýandygyny habar berdi.

Soňky wagtlarda Aşgabatda şeker bilen bir hatarda tüwiniň hem gytçylygy döredi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy maýyň aýagynda ýetiren maglumatynda döwlet dükanlarynda tüwiniň her ele 3 kilogramdan çäkli möçberde satylýandygyny habar berdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker we tüwi her ele çäkli möçberde satylýar, uzyn nobatlar döreýär

Şeker Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 7 manatdan, tüwi 8 manatdan satylýar. Bu harytlaryň hususy söwdadaky bahalary degişlilikde 12 we 20 manada durýar.

Ýurtda ykdysady kynçylyklar ýitileşmezden ozal, 2015-nji ýylda orta hilli tüwiniň 1 kilogramy Aşgabadyň bazarlaryndan 5 manatdan satylýardy.

2015-nji ýylda Aşgabadyň bazarynda 1 kilogramy 5 manatdan satlyga çykarylan tüwi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurduň hususy we döwlete degişli söwda nokatlarynda käbir iýmit önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri ýurtda “azyk garaşsyzlygynyň gazanylandygyny” gaýtalaýar.

Galyberse-de, Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň fonunda, ýurduň hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ondan ozal ilata mugt berlen elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň we beýlekileriň ýeňillikli üpjünçiligini ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.