Gürjüstanda 2020-nji ýylda geçiriljek parlament saýlawlary proporsional sistema esasynda geçirilmeli diýip, 24-nji iýunda häkimiýet başyndaky "Gürgüstanyň arzuwy" atly partiýanyň ýolbaşçysy Bidzina Iwanişwili aýtdy.
Iwanişwili saýlawlaryň dowamynda partiýalar üçin hiç hili çäklendirmeleriň bolmaly däldigini aýtdy.
2020-nji ýyldan saýlaw sistemasynyň gatyşykly görnüşini proporsional görnüşe öwürmek talaby Gürjüstanyň paýtagtynda 20-nji iýundan bäri geçýän protestlerde öňe sürlen esasy islegleriň biri.
Protest liderleri has giňişleýin talaplar berjaý edilýänçä ýörişleriň dowam etdiriljegini aýdýarlar. Şeýle-de, protestçiler içeri işler ministriniň wezipeden çekilmegini, protestleriň ilkinji gijesinde tussag edilenleriň boşadylmagyny we märekä garşy zorlukly herekete baş goşan kanun goraýjylaryň jogapkärçilige çekilmegini talap edýärler.