Türkmenistanda 1 million 14 müň 760 tonna bugdaýyň ýygnalandygyny döwlet mediasy habar berdi.
Türkmen döwlet habar agentligi bu barada çap eden maglumatynda bu mukdaryň 2019-njy ýylda bugdaý planynyň "ýitgisiz" ýygnaljagyna ynam döredýändigini habar berdi.
Türkmenistan şu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý ýygnamagy planlaşdyrýar. Bugdaý oragy 5-nji iýunda başlanypdy.
Türkmenistanyň hökümetiniň bugdaý planynyň dolandygy barada hasabatlarynyň fonunda ýurduň ilaty iki ýyldan gowrak wagt bäri un we çörek gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň fewral aýynda çap eden garaşsyz hasabatynda 2018-nji ýylda Türkmenistanda ýygnala bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan ybarat resmi plandan üç esse az, ýagny 538 müň tonna barabar bolandygyny habar berildi.