"Siziň onyňyz erkek däl". Çeçenistanda gizlin ýiten

48 ýaşly Andreý Kobyşew 2017-nji ýylyň ortalarynda ýitdi. 12-nji martda ol öz garyndaşy Pýotr Krawçenko jaň edip, bir feldşeriň telefonyny sorapdyr, onuň aýagy agyrýan eken. Pýotr oňa bir nomer iberipdir, ýöne Andreý bilen soň gepleşip bilmändir; onuň iki telefony-da öçürilipdir.

Andreý bütin ömrüne diýen ýaly, Wolgograd oblastyndaky dogduk obasy Gonçarowkadan çykman ýaşapdy. Öz obasynda ýerleşen fermada weterinar tehnigi bolup işledi. Onuň iki aýal dogany durmuşa çykyp, obadan gitdiler, bir dogany ölüpdir, kiçileri Sergeý bolsa asla maşgala-da gurmandyr, ýaşlykda onuň halaşýan gyzy bar eken, ýöne ol gullukdan gelýänçä garaşmandyr. Andreý öýlenmek meselesini oýunlyga salyp baş galdyrman gezdi hem ejesiniň ýanynda ýaşap, obanyň hojalyk işlerine güýmendi.

Andreý Kobyşew

Kobyşewiň ýegeni Sergeý Titowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol 2014-njy ýylda gaýybana okap, weterinar wraç bolmak isläpdir, ýöne onuň diplom alyp-almadygy belli däl. 2015-nji ýyldan gazanç üçin Moskwa gidip başlady, aýdyşyna görä, garawul bolup işläpdir. Hakykatda bolsa azyndan 2016-njy ýylyň noýabryna çenli Groznyda massažist bolupdyr, ilki basseýniň ýanynda, soňra mineral suwly iki hammamda işläp, bir massaž kabinetinde hem ýatyp turupdyr. Groznydaky müşderilerinden biriniň AR aýtmagyna görä, ol massažy “ýürek bilen” edipdir.

Andreý Çeçenistan barada diňe ýegenine aýdýan eken. “Ol başda bir göreş-söweşiji klubynda işe durupdy. Ol maňa ‘şol ýerde işleýänimi hiç kime aýdaýma’ diýip sargady. Men oňa “Işlemäge başga ýer tapmadyňmy? Bir zat bolsa, seni hiç kim tapyp bilmez” diýdim. ‘Senem meni kowalap başladyň’ diýdi” diýip, Sergeý gürrüň berýär.

Garaz, Sergeýin sözüne görä, Çeçenistan Kobyşewi irizipdir, ol Saratowdan, Sergeýiň ýaşaýan ýerinden iş tapyp bermegini sorapdyr hem Groznydan goş-golamyny almaga ugrapdyr.

Göze ilmeýän ýolagçy

2017-nji ýylyň 21-nji martynda nämälim bir ýaş adam Kobyşewiň ejesine jaň edip, Groznyý – Moskwa otlusynda goş-golam goýulýan ýerden, Andreýiň mobil telefonyny tapandygyny, ýöne onuň özüni görmändigini aýdypdyr. Hossarlary arza bilen polisiýa ýüz tutýarlar.

Andreýiň telefony tapylan wagonyň ýolagçylarynyň hasap blankalary bir ýyl geçensoň soralýar

Kobyşew Çeçen respublikasynyň çäginde ýiteni üçin, derňew işini owaly Çeçenistanyň IIM alyp bardy, soň onuň bilen ýurduň Derňew komiteti gyzyklandy. Iş boýunda toplanan materiallardan AR mälim bolmagyna görä, kärdeşleri Andreýi soňky gezek 13-nji martda, ir sagat 11 çemelerinde görüpdirler. Ol öz işleýän hammamyna gyssagly baryp, goş haltasyndan birzatlar alypdyr. “Ol näme üçindir aladalydy” diýip, kärdeşleri Derňew komitetine aýdypdyrlar hem şondan öňküsi agşam hammamda ýatmandygyny bildiripdirler. Ertesi güni Anderý işe çykmandyr. Oňa jaň etmäge mümkinçilik bolman, ýoldaşlaryndan biri WhatsApp bilen habar ýollapdyr. Ol dostunyň ýanyna Hasawýurta gidendigini, muny duýdurmagy unudandygyny ýazypdyr. Şondan soň ýoldaşlarynyň hiç biri onuň bilen habarlaşyp bilmändir.

Derňew materiallaryndan mälim bolşuna görä, çeçen derňewçileri işi yza çekdirýärler. Rus Federasiýasynyň Jenaýat Kodeksiniň 105-nji (adam öldürmek) maddasy boýunça iş diňe 31-nji oktýabrda açylyp, Kobyşewiň kärdeşleri bilen gürrüň geçirilse-de, onuň telefony tapylan wagonyň ýolagçylarynyň hasap blankalary bir ýyldan soň – 2018-nji ýylyň maýynda soralypdyr. Dermirýoluň çeçen bölümi beýle maglumatyň diňe 9 aý saklanýandygyny aýdypdyr. Kobyşewiň wagonyndaky ugradyjy aýal hiç zady ýadyna salyp bilmänsoň, onuň şol wagona münendigi ýa-da telefony başga biriniň taşlandygy nämälim bolup galýar.

Andreý Kobyşew Groznyda

2017-nji ýylyň awgustynda Çeçenistanyň IIM Kobyşewiň hossarlaryna jaň edip: “Andreý geldimi diýip soraýarlar – diýip, Pýotr Krawçenko ýatlaýar. – ‘Ol eýýäm siziň ýanyňyzda, näme bizi köseýäňiz?’ diýýärler. Görsek, 18-nji iýunda kimdir biri Rostow oblastynyň Salsk beketinden Kobyşewiň adyna bilet alypdyr. Ol ýer Groznydan 500 km, Gonçarowkadan 250 km. uzaklykda. Bilet onuň pasporty bilen kassadan satyn alnypdyr. Otly ugranyndan 25 minut geçensoň, hut şol kassa-da yzyna tabşyrylypdyr. Ýöne kassada oturan näme üçindir polisiýany çagyrmandyr, aslynda Kobyşew gözlegde ahyryn. Çeçen IIM-niň telefonyndan soň Andreýiň hossarlary Salksa gidýärler, ýöne hiç zady anyklap bilmeýärler.

Pýotr Krawçenkonyň sözüne görä, olar Salsk duralgasynyň sülçülerinden gözegçilik kamerasynyň ýazgysyna seretmegi birnäçe gezek sorapdyrlar. Diňe dekabr aýynda bilet satyjydan sorag edilipdir, ol hiç zady ýatlap bilmeýändigini aýdypdyr. Duralganyň naçalnigi bolasa gözegçilik kameradaky ýazgynyň diňe 30 gün saklanýandygyny aýdypdyr.

2018-nji ýylyň 7-nji iýunynda derňew işi bes edilýär.

Öz içiňizden gözläň

2019-njy ýylyň ýanwarynda Çeçenistanda alnyp barylýan geýlere garşy kampaniýada jebir çeken hem öz adyny açyk aýtmaga razylyk beren Maksim Lapunow Kobyşewiň dereksiz ýitendigi baradaky maglumaty bilip, Çeçen respublikasynyň Jenaýat gözlegleri bölüminiň Groznydaky ýerzemininde bir ýerde oturandygyny ýadyna saldy. Ol jebir çekeniň sözüne görä, geýlere garşy tutha-baslyk 2016-njy ýylyň dekabrynda başlanypdyr, ýöne bu barada diňe 2017-nji ýylyň aprelinde mälim bolupdyr. Bu Kobyşewiň ýitmeginden iki hepde soňa gabat gelýär. Lapunowyň özüni 15- 28-nji mart aralygynda Jenaýat gözleg bölüminiň ýerzemininde bikanun saklap, gomoseksual meýillilikde günäläpdirler hem çeçenlerden tanyş geýleriniň adresini sorapdyrlar. Lapunowyň “Nowaýa gazeta” aýtmagyna görä, şonda Çeçenistanyň Jenaýat gözleg bölüminde onlarça adam saklanyp, olaryň aglaba köplügi gomoseksual güman edilipdir. “Nowaýa gazetanyň” bellemegine görä, ol ýerde hiç kim saklanan bolmaly däl, resmi taýdan Jenaýat gözlegi edarasynda adamy gözenekde saklar ýaly ýer ýok.

Lapunow AR bilen bu temadan gürleşmek islemedi. “Gynamalara garşy komitetiň” ýuristi Wladimir Smirnow fewral aýynda (ol maglumat AR-da bar) şol saklananlaryň biriniň Andreý Kobyşewdigine 100% ynanýandygyny aýtdy. Onuň egninde ýitenligi barada ýaýradylan suratyndaky gara gök reňkli switeri bolupdyr. Lapunow bolsa ilkinji görkezmesinde Andreýi ýatlaýar, ýöne familiýasyny çalyşýar. Onuň sözüne görä, bir gün ýerzeminiň poluny ýuwýarkalar gürleşipdirler. Kobyşew Lapunowa özüniň Wolgograddandygyny, masssažçy bolup işleýänini aýdypdyr. Ony-da şol günde tutan ekenler. Ony erbet ýenjipdirler, Lapunow onuň boýnunda, egninde hem bilinde gök tegmilleri görüpdir. “Mundan daşary-da men Kobyşewden ‘Seni geý bolanyň üçin tutdularmy?’ diýip soradym. Ol ‘Ähä’ diýdi. Kobyşew derňewçilere Wolgogradda aýalynyň hem çagalarynyň galandygy ynandyrjak bolupdyr. Megerem, özüni aklamak üçin eden bolsa gerek.

Onuň telefony üznüksiz 15 sagadyň dowamynda Groznynyň Gwardeýskaýa köçesindäki merkezi baza çatylypdyr.

Lapunowyň sözüne görä, Kobyşew hiç zat içmändir hem hiç zat iýmändir, oňa eltilen zat şol durşuna yzyna gaýdypdyr. Soňra ony hajathananyň ýanyndaky kamera geçirýärler. Ol soňky gezek Kobyşewi 27-nji mart gijesi, özüni türmeden boşadanlarynda görüpdir. Ol hajathana barýan eken, saklanan döwründe ol aşa horlanypdyr. Geň tarapy, Kobyşewiň telefony Moskwa baryp 21-nji martda gidipdi.

Çeçen derňewçileri näme üçindir ýiten telefon bilen gyzyklanmandyrlar; onuň tapylan ýeri, kim bilen baglanyşany diňe 2017-nji ýylyň noýabrynda derňelip, soň ýene unudylýar. 22-nji ýanwardan soň, ol saklanan iş täzeden gozgalyp, Groznynyň Lenin raýonynyň Jenaýat agtaryş bölüminiň başlygynyň orunbasary M. Abdullaýew Kobyşewiň telefonyna gelen maglumatlaryň berilmegini sorap görkezme berýär. Ýazgy Derňew komitetine gelende, ony jenaýat işine goşýarlar. Lapunowyň aýtmagyna görä, telefon köp wagtlap Kobyşewiň ýanynda bolupdyr.

Andreý Kobyşewiň telefonynyň soňky gezek öýjükli ulgama çatylan ýeri

Bir ýolagçy tarapyndan Moskwa - Groznyý otlusyndan tapylan Kobyşewiň telefony

Ýazgy 8-nji martdan, Kobyşewiň hossarlaryny hem tanyşlaryny Halkara aýallar güni bilen gutlan pursadyndan başlanýar. Onuň telefony Groznynyň dürli ýerlerine, şol sanda öz iş ýeriniň töwereklerine signal ýollapdyr. Ýöne 14-nji martda, kärdeşleri aýtmyşlaýyn onuň ýowara çykmadyk gününde, yzygider 15 sagatlap, Groznydaky merkezi baza bagly bolupdyr. Hiç kim jaň etmändir ýa-da SMS ibermändir. 15-nji martda oňa Çeçen respublikasynyň çäginde bolan telefondan jaň gelipdir. Birki sagat geçensoň, ol nomere gaýtadan jaň edilip barlap görseler, awtoulag satýan biriniň bildirişi bar eken. Başga zady anyklamak başartmandyr. Lapunowyň hem çeçen güýçlerinden jebir çekenleriň sözüne görä, olaryň köpüsine öz tanyş geýlerine jaň etmek buýrulyp, olary galp duşuşyga çagyrdypdyrlar. 16-nji mart agşamy Kobyşewiň telefony 5 günläp öçürilýär, soňra ýene merkezi baza çatylýar. Ol Groznydaky bejeriş- diagnostika baglanypdyr. Ýöne ýerli saglygy saklaýyş guramasy derňewçileriň soraýan müşderisiniň ol ýerde ýokdugyny aýdypdyrlar. Ýöne onuň telefony şol keselhana çatylan badyna, oňa hossarlaryndan ençeme SMS gelipdir. Andreý olaryň hiç birine jogap bermändir. Soňra bu telefon ony tapan ýaş adam bilen Groznydan Woroneže syýahat edip, ahyrynda Wolgograd oblastyndaky hossarlarynyň eline düşýär. Olaryň sözüne görä, telefonda pornografiýaly ‘ýaramaz ýazgy’ bar eken. Olar telefony sülçä beripdirler. Pýotr Krawçenkonyň sözüne görä, sülçi ýagdaýy düşündirip, gysgaça: “Siziň onyňyz erkek däl” diýipdir.

Ombydsmen saklanýar

“Gynamalara garşy komitetiň” ýuristi Wladimir Smirnow şu ýylyň 1-nji martynda Lapunowyň Kobyşew baradaky görkezmelerini öz eli bilen Russiýa Federasiýasynyň Ynsan hukuklary baradaky ynanylan wekili Tatýana Moskalkowa gowşurandygyny AR aýtdy. 18-nji martda ombudsmeniň edarasy ol işiň Derňew komitetiniň orunbasary Igor Krasnowa geçirilendigini mälim edýär.

Kobyşewiň işi – ol ölüm hakyndaky iş. Hakykatda adam öldürilmegine degişli açylan iş

Smirnowyň sözüne görä, Moskalkowa Kobyşewiň hem Lapunowyň işini birleşdirmekde hiç päsgelçilik görmeýär. Lapunowyň arza beren wagtynda, ol iş entek açylmandy, çeçen häkimiýetleri bolsa owal başdan ol respublikada gomoseksuallaryň bolmagyny ret edýär. W. Smirnowyň sözüne görä, Çeçenistandan olaryň ýerzeminde saklanan döwründe derňew işlerini alyp baran organ işgärleriniň sanawyny hem alyp bilmändirler. Lapunowyň telefonynyň nirede bolandygy, onuň şol bir wagtda Kobyşew bilen oturandygy barada derňew geçirilmändir.

“Kobyşewiň işi – ol ölüm hakyndaky iş. Hakykatda adam öldürilmegine degişli açylan iş – diýip, Smirnow AR beren interwýusynda aýdýar. – Biz ine şaýatlary görkezýäs. Maksim Andreýi soňky gezek haçan görendigini aýdýar. Ýöne Orsýetiň derňewçileri mundan netije çykarmaýar. Diňe bir Maksim Lapunowyň işini saklaman, Kobyşewiň ölümi baradaky işe garşy-da bir çäre görmeýärler.”

Smirnow Moskalkowa bilen duşuşandan soň, birnäçe ýerli derňew komitetlerinde Kobyşewiň gözlenýändigi hakda maglumatlar peýda boldy. Onuň ýitendigi baradaky maglumat ýaňadan açylan bolsa gerek. Russiýanyň Derňew komiteti Çeçenistanyň Derňew komitetine hem IIM-ne, şeýle-de Tatýana Moskalkowa; bar bolan maglumatlara seredilýändigi hem çeçen hukuk goraýjylary tarapyndan Kobyşewiň ýitirim edilendigi barada täze işe seredilýändigi hakda sorag iberipdir. Çeçenistanyň Derňew komiteti Azatlyk Radiosyna merkezi Derňew komitetine ýüz tutmagy teklip etdi. IIM hem ombudsmenden kanunda göz öňünde tutulan 7 günüň dowamynda jogap gelmedi.

Material AÝ/AR-nyň Rus gullugy tarapyndan taýýarlandy.