ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Patrik Şanahan (Patrick Shanahan) Oman aýlygynda nebit tankerlerine edilen hüjümden soň, Waşingtonyň halkara goldawyny gazanmak we “garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykan pursady üçin degişli planlary düzmek” ugrunda tagalla edýändigini aýtdy. ABŞ nebit tankerlerine edilen hüjümiň arkasynda Eýranyň durandygyny aýdýar.
“Ýagdaýa nazar salnanda – Norwegiýanyň gämileri, Ýaponiýanyň gämileri, Saud Arabystan patyşalygy, Birleşen Arap Emirlikleri – dünýäniň nebit akymynyň 15%-i Hormuz bogazyndan geçýär” diýip, Şanahan ýakynda sebitde gämilere edilen iki hüjüme salgylandy.
“Şu sebäpli, garaşylmadyk ýagdaýlar üçin degişli planlary düzmelidiris. Biz bu halkara ýagdaýy üçin [halkara] goldawynyň gerimini hem giňeltmelidiris” diýip, ol sözüne goşdy.
Mundan öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 13-nji iýunda Norwegiýanyň we Ýaponiýanyň nebit tankerlerine edilen hüjümleriň arkasynda Eýranyň durandygyny aýdypdy.
Şeýle-de, ABŞ-nyň harbylary Eýranyň Rewolýusiýa sakçylaryna degişlidigi aýdylýan patrul gämileriniň hüjümiň bolan sebitinden ýarylmadyk minalary ýygnaýan pursatlaryny görkezýändigine çalym edýän wideony ýaýratdylar.
Eýran hüjümlere dahylynyň ýokdugyny we wideonyň hiç zady subut etmeýändigini aýdýar.