Türkmenistan Oraza baýramyny belleýär, prezident Gypjakdaky Ruhy metjide bardy

Aşgabadyň "Ärtogrul gazy" metjidinde okalan baýram namazyna müňlerçe adam gatnaşdy. Aşgabat ş., 4-nji iýun, 2019-njy ýyl

Türkmenistanda bu gün 4-nji iýunda Oraza baýramy bellenilýär.

Ýurtda bu baýramçylygyň bellenilişi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy maglumat berýär.

“Irden Görogly köçesiniň ugrundaky uly metjtide baýram namazy okaldy. Ybadat adatdakysy ýaly boldy, ýöne namazyň soňunda ymam prezidenti öwüp başlady. Onuň ybadat etmek üçin, ýaşamak üçin, işlemek, okamak we jaý gurmak üçin mümkinçilik döredýändigini aýtdy” diýip, habarçy maglumat berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, diňe agzalýan metjidiň özünde 5-6 müňe golaý adam ýygnanypdyr.

Aşgabadyň "Ärtogrul gazy" metjidinde 4-nji iýunda baýram namazy okaldy. Oňa müňlerçe adam gatnaşdy. Aşgabat, 4-nji iýun, 2019-njy ýyl.

“Köp sanly aýal we çagalar bardy. Metjidiň içinde ýer ýetmänsoň, köpler namazy metjidiň daşynda okady. Ýygnananlar birek-birege süýjülik hödür-kerem etdiler. Ymam “Arkadagy” öwüp arşa çykarýardy” diýip, habarçy aýtdy.

Ýöne, ymam bu sapar prezidentiň duşmanlary diýilýänleri agzamandyr.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň maýyň ortalarynda habar bermegine görä, Aşgabatda juma hutbalarynyň birinde ymam ýygnananlary prezidenti we Watany söýmäge çagyryp, onuň “duşmanlarynyň ýer bilen ýegsan edilmegini” diläpdi.

Degişli maglumat Juma hutbasynda ymamlar raýatlary Berdimuhamedowy we Watany söýmäge çagyrýarlar

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, 4-nji iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramy mynasybetli Gökdepe etrabynyň Gypjak obasynda ýerleşýän Türkmenbaşy Ruhy metjidine bardy.

Bu metjit mundan ozal, onuň diwarynyň iç ýüzünde Saparmyrat Nyýzowyň Ruhnama kitabyndan alnyp ýazylan sözler bilen ýatda galypdy.

Prezidentiň ulag kerweniniň geçýän ýolunyň ugrunda, Alişir Nowaýy köçesiniň her iki tarapynda esgerler we ýörite gulluklaryň işgärleri prezidentiň howpsuzlygyny üpjün etdi.

“Şeýle-de, prezidentiň adyndan dindarlara sadaka berildi” diýip, habarçy aýtdy.

4-nji iýunda Aşgabadyň "Ärtogrul gazy" metjidinde okalan baýram namazyna çagalar we aýallar hem gatnaşdy. Aşgabat şäheri, 4-nji iýun, 2019-njy ýyl

Döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, prezident Berdimuhamedow 1-nji iýunda degişli permana gol çekip, 4-nji iýun gününi Türkmenistanda Oraza baýramy diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda ýurtda Oraza we Gurban baýramlarynyň bellenilmeli günleri her ýyl prezidentiň permany bilen kesgitlenýär.

Ýöne beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda Oraza baýramy ertir, 5-nji iýunda bellenilýär.

4-nji iýunda döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn Asyr” saýty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Oraza baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen gutlag hatyny çap etdi.

Hatyň başynda prezident baýramçylygyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň Oraza baýramyny bellemekde oýnaýan roluna ünsi çekdi.

Ol hatynda Oraza baýramynyň Türkmenistanda “täze many-mazmun” hem-de “milli öwüşginler bilen has baýlaşdyrylýandygyny” belledi.

Oraza baýramy bilen bagly prezidentiň göz öňünde tutýan “täze many-mazmunynyň” hem-de “milli öwüşginleriň” detallary mälim däl.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary Oraza aýynyň başlamagy bilen bu ýyl Türkmenistanda ençeme adamyň “ekstremizm aýyplamalaryndan” gorkup, agyz beklemeýändigini, ýa-da beklese-de bu ýagdaýy jemgyýetçilikde mälim etmezlige synanyşýandygyny habar beripdi.

Aşgabadyň "Ärtogrul gazy" metjidiniň daşynda baýram namazyna duran adamlar. Aşgabat şäheri, 4-nji iýun, 2019-njy ýyl

Şeýle-de prezidentiň Oraza gutlagynda Türkmenistanda “döwrebap ylymlara we bilimlere daýanyp”, ýaş nesle “halkyň gadymy däpleri we umumyadamzat gymmatlyklary” barada bilim-terbiýe bermek işleriniň kämilleşdirilýändigi aýdylýar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary mundan ozal 40 ýaşyna ýetmedik sakgally erkekleriň howpsuzlyk edaralaryna çagyrylyp, zor bilen mejbury sakgallarynyň syrdyrylýandygy barada habar beripdi.

Halkara guramalar Türkmenistanda raýatlaryň din azatlyklarynyň çäklendirilmegini tankyt edýär. ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça guramasy aprel aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawyna ýene-de goşulmagyna çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.