‘Adalata’ çagyrýan onlarça gazak üçin wagtlaýyn prezident Tokaýew bilen duşuşmagy talap etdiler

Gazagystanyň wagtlaýyn prezidenti Kasym Žomart Tokaýew

Möhletinden öň geçiriljek prezident saýlawynyň öňüsyrasynda Gazagystanyň dürli künjeklerinden gelen onlarça adam ýurduň häkimiýet başyndaky partiýasynyň baş edarasyna ýygnanyp, kazyýetiň özleri ýa ýakynlary baradaky nädogry kararlary hakda gürleşmek üçin wagtlaýyn prezident Kasym Žomart Tokaýew bilen duşuşmagy talap etdiler.

Lapykeçdigi ýa gaharlydygy görnüp duran erkekler we aýallar kazyýetlerden adalatly karary almak barada eden ähli tagallalarynyň başa barmandygyny, öz taraplaryndan Tokaýewiň işe garyşmagyny isleýändiklerini aýtdylar. Olar şeýle hem kazyýet işlerine seredilmegi üçin, döwlet komissiýasynyň döredilmegini talap etdiler. Käbirleri bolsa “ýokary kazyýetiň ähli agzalary wezipeden çekilmeli” diýen şygarly baýdaklary çykaryp galgatdylar.

Aýallaryň biriniň ýarawsyzlygy sebäpli Tiz kömek maşynyny çagyrylmaly boldy.

Häkimiýet başyndaky Nur-Otan partiýasynyň işgärleri partiýanyň kandidaty bolan we berk kontrollyk astyndaky ýurtda saýlawy gazanmagyna garaşylýan Tokaýewiň demonstrantlar bilen duşuşmajakdygyny aýtdylar. Olar muny öňünden wagt bellenmänligi bilen delillendirdiler.

Dikleşik ýurda uzak wagtlap prezidentlik edip gelen Nursultan Nazarbaýewiň mart aýynda wezipeden çekilmegi bilen başlanan syýasy geçiş döwrüniň bir bölegi hasaplanýan
saýlawdan öň halkyň hökümetiň işlerinden närazydygyny we döwlet bilen halkyň arasyndaky dartgynlygyň barha artýandygyny görkezýär.

3-nji iýunda onlarça zenan paýtagt Nur-Sultanda prezidentiň köşgüniň öňünde ýöriş geçirip, sosial ýeňillikleriň we öý-jaý üpjünçiliginiň artdyrylmagyny talap etdiler. Olar “çagalarymyza mynasyp jaý” diýip gygyryşyp, Tokaýewiň, premýer-ministr Askar Maminiň we şindi-de Nur-Otan partiýasynyň ýolbaşçysy bolan Nazarbaýewiň gelip, özleri bilen gürleşmegini talap etdiler. Ýöne muny olaryň hiç biri edenok.

Ýaşaýyş şertleri baradaky protestler fewral aýynyň başlarynda paýtagtda öýleriniň ot almagy sebäpli bir maşgaladan bäş çaga öleninden soňra has-da güýjedi. Ýangyn çagalaryň eje-kakasy gije işdekä ýüz berdi. Nur-Sultanda aýallar 16-njy maýda-da ýöriş geçirdiler.

78 ýaşly Nazarbaýew 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, Gazagystan garaşsyz bolmazdan öň-de ýurda baştutanlyk edip gelen adam. Häkimiýet başyndaky partiýa baştutanlykdan başga, ol ýurduň Howpsuzlyk geňeşine-de ýolbaşçylyk edýär, “elbasy”, ýagny milletiň lideri diýen derejesi hem bar. Wezipe başyndan çekileninden soňra paýtagt Astananyň ady onuň hormatyna üýtgedilip, Nur-Sultan edildi.

Garşydaşlary, tankytçylar we hukuk toparlary Nazarbaýew başga pikirlilige o diýen çydamlylyk görkezmän, köp raýatlary esasy hukuklaryndan mahrum edip, energiýa baý 18.7 million ilatly ýurtda demokratik prosesleri ýoýmak bilen öz hökümdarlyk döwrüni uzaltdy diýýärler. 1991-nji ýyldan bärde Gazagystanda geçen ses berişlikleriň hiç birini halkara synçylary erkin we adalatly diýip ykrar edenok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.