Owganystanda partladylan bombalar azyndan 7 adamy öldürdi

Gazni welaýaty. Arhiw suraty

“Talyban” jeňçileriniň baýramçylyk ýaraşygyny inkär etmegi bilen, zorlukly bobma partlamalary Owganystany çaýkamagyny dowam etdirýär.

Owgan resmileri 2-nji iýunda Kabulda üç partlamanyň bolandygyny, şol sanda unuwersitet studentlerini alyp barýan awtobusa ýapyşdyrlan bombanyň partlandygyny, onuň azyndan bir adamy öldürip, ondan gowrak adamy ýaralandygyny aýdýarlar.

Owganystanyň Gazni welaýatynda 1-nji iýunda partladylan ulag bombasy azyndan alty polisiýa ofiserini öldürdi, azyndan sekizisini bolsa ýaralady. Bu partlama Gazniniň paýtagtynyň günorta böleginde ýerleşýän polisiýa howlusynda boldy diýip, welaýat geňeşiniň başlygy Nasir Ahmad Fakiri said.

“Talyban” bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, 40 polisiýa ofiserini öldürendigini öňe süürdi.

Bu partlama Owganystany musulmanlaryň giňden belleýän Ramadan aýynda we onuň aýagynda bellenilýän Eýd baýramynyň alkymynda sarsdyran kast ediş hüjümleriniň soňkusy boldy.

“Talyban” Gaznide 22-nji maýda partladylan we dört adamy, şol sanda iki polisiýa ofiserini öldüren, 17 ofiseri ýaralan ulag bombasynyň hem jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Kabulda 30-31-nji maýda tapgyr iki gün guralan partlamalar hem ondan gowrak adamy öldürdi ýa-da ýaralady.

Geçen ýyl “Talyban” Eýd baýramy mahalynda üç günlük ýaraşyk baglaşdy. Owganlar bu ýyl hem şeýle ýaraşyk bolar öýdüp, umyt edipdiler.

Owgan prezidenti Aşraf Gani Ramadanyň başynda bütin ýurt boýunça ýaraşyk baglaşylmagyny teklip etdi, emma “Talyban” bu teklibi kabul etmedi.