“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp, ömürlik azatlykdan mahrum edilen Boris Şyhmyradowyň ady bilen çap edilen kitabyň 15 ýyldan soňra gaýtadan peýda bolandygyny habar berýär.
Emma "Azatlygyň" Aşgabatdaky habarçysy bu kitabyň hiç wagt satuwdan aýrylmandygyny, hemişe-de dükanlarda bolandygyny habar berýär.
TH-nyň maglumatyna görä, bu kitap şu ýylyň martynda Goranmak ministrliginiň ýanyndaky Harby institutda studentler we kadetler üçin guranalan kitap sergi-ýarmarkasynda görüldi.
Düýbi Wenada ýerleşýän we Türkmenistandan esasan adam hukuklary baradaky maglumatlary çap edýän gurama öz habarçylarynyň ol sergide prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary bilen bir hatarda Türkmenistanyň DIM-niň ozalky başlygy Boris Şyhmyradowyň adyndan “Men we meniň terrorçy ülpetlerim” diýen at bilen baryp 2004-nji ýylda çap edilen kitabyň üstünden geldiler.
B.Şyhmyradow türmä basylandan soň çykan kitabyň sergide 20 manatdan satylandygy aýdylýar.
Kitabyň jildiniň baş sahypasyndan görnüşine görä, “Men we meniň terrorçy ülpetlerim” adynyň astyndan “Aşgabatda 2002-nji ýylyň 25-nji sanjarynda bolan terakt hakynda hakykat we diňe hakykat” diýlip ýazylypdyr.
Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň metbugat merkezinde, “Ruh” döredijilik-önümçilik birleşigi tarapyndan 2004-nji ýylyň başynda 1 müň nusgalykda çap edilen kitap şol wagtlar, ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, býujet we döwlet edaralarynyň işgärlerine, studentlere satylypdy.
Degişli maglumat B.Şyhmyradowyň ýakynlary onuň ölendigine şübhelenýärTH-nyň bellemegine görä, bu kitabyň täzeden jemgyýetçilige çykarylmagy, ýagny “25-nji sanjar wakasy” hökmünde taryha giren waka “gatnaşyjylar” diýilýänlere gaýtadan üns çekilmegi Boris Şyhmyradowyň her ýylyň 25-nji maýynda bellenilýän doglan gününiň öňüsyrasyna gabat geldi.
Bellemeli ýeri, türmä basylaly bäri nirede we nähili ýagdaýda saklanylýandygy bilinmeýänBoris Şyhmyradow şu maýda 70 ýaşady. “Olary diri görkeziň” diýen at bilen 2013-nji ýylda döredilen kampaniýa, hukuk goraýjy toparlaryň koalisiýasy, Boris Şyhmyradow bilen bilelikde, türkmen türmesinde ýiten hasaplanylýan ýüzden gowrak adam babatda adalatlylygyň dikeldilmegine çagyrýarlar.
Mundan başga, TH “Azatlyk” radiosynyň maglumatlaryna salgylanyp, maýyň ortasynda metjitleriň birinde okalan juma namazyndan soň ymamyň adamlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy söýmäge çagyrandygyny we alladan onuň duşmanlaryny ýer bilen ýegsan etmegi diländigini belleýär.
Degişli maglumat "Olary diri görkeziň" kampaniýasy diri ýitenler baradaky BMG kararynyň ýerine ýetirilmegine çagyrýarBu hili ýagdaýlar öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe hem bolýardy.
Neşir häzirki ýagdaýda ozal beýle köp bolmadyk näresmi, hökümete tarapdar neşirleriň garaşsyz çeşmeleriň maglumatlaryny has kän inkär etmäge çalyşýandygyna, alternatiw habar serişdelerine we režimiň aýratynlykdaky garşydaşlaryna garşy şahsy hüjüme ýugrulan makalalaryň köp çap edilmegine ünsi çekýär we munuň 2000-nji ýyllarda hem şeýle bolandygyny belleýär.
Häzirki ýagdaýdan tapawutlylykda, türkmen hökümetiniň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri, gazetler we tele-radio gepleşikleri başgaça pikirlilere, oppozisiýa garşy hüjümlerde 200-nji ýyllardan öň hem işjeňlik bilen ulanylardy.
Emma Berdimuhamedow döwlet başyna gelenden soň, göni döwlet eýeçiligindäki neşirler beýle aç-açan şahsy masgaralaýyş synanyşyklaryndan saklanmaga çalyşýar diýip, ýerli synçylar belleýärler. Şol bir wagtda, olaryň pikiriçe, bary-ýogy 1000 nusgada çap edilen kitabyň şu wagta çenli satylyp gutarlmazlygy geň görünýär. Ýöne onuň täzeden neşir edilendigi hakynda hem maglumat ýok.
“Azatlyk” radiosy Boris Şyhmyradowyň adyndan çap edilen kitabyň şindi hem satylyp gutarylamzlygy, ýa-da onuň täzeden neşir edilmek ähtimallygy, bu "täzeligiň" mümkin bolan sebäpleri hakynda Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamow bilen gysgaça söhbetdeşlik gurnady, ony şenbe güni efire çykýan "Hepdäniň jemi" programmyazda, sosial ulgamlarda diňläp bilersiňiz.