Tanymal rus intellektuallary we sowet döwrüniň dissidentleri “Gulag” zähmet lagerini derňeýän taryhçy Ýuriý Dmitriýewi goldamak maksady bilen geçirilen çärä gatnaşdylar.
Dmitriýew perzentlige alan gyzyna jynsy hüjümi amala aşyrmakda aýyplanyp, sud öňüne çykarylýar. Ol we onuň tarapdarlary bu aýyplamanyň syýasy matlaplydygyny aýdyp, düýbünden ret edýärler.
Rok sazandasy Andreý Makarewiç, ýazyjy Lýudmila Ulitskaýa, aktýorlar Çulpan Hamatowa, Liýa Ahedžakowa we Aleksandr Filippenko, sowet döwrüniň dissidentleri Pawel Litwinow we Ýuliý Kim özleriniň Dmitriýewe goldawyny beýan etdiler.
Olar 29-njy maýda Moskwada “Memorial” adam hukuklary tarapyndan guramalaşdyrylyp, Andreý Saharow merkeziniň giňişliginde geçirilen çärede Dmitriýewiň derhal tussaglykdan boşadylmagyna çagyrdylar.
“Gulagda” pida bolanlaryň dogan-garyndaşlary Internet arkaly bu çärä gatnaşyp, öz hekaýalaryny paýlaşdylar we hossarlarynyň ölüm jezasyna höküm edilen hem-de jaýlanan ýerlerini tapyp bereni üçin Dmitriýewe minnetdarlyk bildirdiler.
Bu çärä Internetde 10 müňden gowrak adam tomaşa etdi.
Bu çärede çykyş eden Dmitriýewiň aklawçysy Wiktor Anufriýew taryhça tussaghanadaky bendileriň özüne ýöňkelýän aýyplamany boýun almak üçin basyş edilendigini we onuň bu barada tussaghana merkezini habarly edendigini mälim etdi.
Anufriýewiň sözlerine görä, şondan soň Dmitriýew başga kamera geçirildi.
Dmitriýew düýbi Moskwada ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Memorial” toparynyň Kareliýadaky bölümine ýolbaşçylyk edýär.
2016-njy ýylda häkimiýetler Dmitriýewiň kompýuterinde tapylan we onuň perzentlige alan gyzyna degişli suratlara esaslanyp, ony çaga pornografiýasynda aýyplap tussag etdiler.
Ol suratlaryň pornografiýa mazmunly däldigini we aýyplamalaryň özüniň Stalin eýýamyna degişli derňew işlerini togtatmak maksatlydygyny aýdyp, özüniň günäsizdigini belledi.
2018-nji ýylyň aprelinde ýerli sud Dmitriýewiň günäsizdigi barada karar çykardy. Ýöne Kareliýanyň Ýokary sudy prokurorlar tarapyndan edilen şikaýaty goldady we bu sud işine täzeden garalmalydygy barada karar çykardy.
Taryhçy Dmitriýew geçen ýylyň iýun aýynda gaýtadan tussag edilipdi we häzirki wagt ol has agyr aýyplama bilen sud öňüne çykarylýar. Häkimiýetler Dmitriýewiň gyzyna salgylanyp, ony “14 ýaşyna ýetmedik adama garşy seksual häsiýetdäki ýowuz hereketleri amala aşyrmakda” aýyplaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. Rus dilinde hem okaň