Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde maglumat berýär.
“Soňky bir aýyň dowamynda suwlarda birnäçe heläkçilik hadysalary bolup geçdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy maýda habar berdi.
“Şol sebäpden polisiýa işgärleri uly kanallara gözegçiligi güýçlendirdi. Olar kanala suwa düşýän çagalary kowýarlar” diýip, ol aýtdy.
Şeýle-de, tomusky dynç alyş kanikullarynyň öňýany, 1-2 hepde mundan ozal Köneürgenç etrabynda häkimiýetler öýlere aýlanyp, dynç alyş döwründe çagalarynyň kanallarda we ýaplarda suwa düşmegine rugsat bermejekdigi, olara esewan etjekdigi barada ene-atalardan dilhat alypdyr.
Degişli maglumat Daşoguzda suwlardaky heläkçilik hadysalary artýar, çagalar mejbury zähmete çekilýär“Diňe Köneürgenjiň özünde soňky bir aýyň dowamynda azyndan üç çaga suwda gark boldy” diýip, habarçy regiondan habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, tomusky dynç alyş döwürlerinde regionda çagalary lagerlere ugratmaga mümkinçilik döredilmeýär.
“Şol sebäpden köp çaga gözegçiliksiz galýar” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine salgylanýar.
Onuň sözlerine görä, ene-atalary işleýän ýa-da eklenç gözleginde daşary ýurtlara giden çagalar tomusky dynç alyş günlerinde idegsiz we gözegçiliksiz galýar.
“Ýaş çagalar kanallara gidip suwa düşýärler. Eger-de ol ýerlerde uly çagalar bolsa, kiçileri halas edip bolardy. Ýöne haçan-da hemme çagalar ýaş bolanda hiç zat edip bolmaýar” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu aýlarda ekerançylykda suwaryş möwsüminiň başlamagy bilen kanallarda suwuň akymy güýçlenýär.
Degişli maglumat Içi okuwçyly awtobus gark boldyMeteorologiýa maglumatlaryna görä, maý aýynda Daşoguz welaýatynda yssy howanyň derejesi 36 gradusa çenli çykan wagtlary hem boldy.
Demirgazyk Türkmenistanda mundan ozalky ýyllarda-da tomusky dynç alyş günlerinde kanallarda we ýaplarda heläkçilikli hadysalar ýüze çykypdy.
Geçen ýyl tomus aýlarynyň aýagynda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary häkimiýetleriň hataryndaky çeşmelerine salgylanyp, tomsuň dowamynda Görogly etrabynda 8 adamyň, olaryň bäşisi ýaş çaga, Saparmyrat Nyýazow etrabynda 6 çaganyň, Gubadag etrabynda dört adamyň, Gurbansoltan eje etrabynda 3 adamyň ýapda suwa gark bolup heläk bolandygyny habar berdi.
Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde demirgazyk Türkmenistanda suwlardaky heläkçilik hadysalary barada habar berilmeýär.
Galyberse-de, Türkmenistanyň döwlet telewizion kanallarynda tomus paslynda çagalaryň ýurduň dürli künjeklerindäki, şol sanda Köpetdagyň etegindäki Çüli jülgesinde ýerleşýän döwletiň garamagyndaky dynç alyş merkezlere lagerlere goýberilýändigi barada gepleşikler efire berilýär. Ýöne şeýle mümkinçilikleriň ilatyň näçe prosentine elýeterlidigi barada maglumat ýok.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.