Güýç edaralary käbir hojalyklara aýlanyp, raýatlaryň sim kartlaryny we telefonlaryny ýygnaýar

Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda güýç edaralarynyň wekilleri Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň ýakyn dogan-garyndaşlarynyň öýlerine aýlanyp, olaryň sim kartlaryny we telefonlaryny toplaýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň regiondaky çeşmesi howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde habar berýär.

Onuň maglumatyna görä, bu çärelere Saýat etrabynyň Polisiýa hem-de Milli howpsuzlyk edaralary gatnaşýar.

Saýat etrabynda güýç edaralarynyň wekilleri Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň ýakyn dogan-garyndaşlarynyň öýlerine aýlanyp, olara degişli maglumat soraýar:

“[Polisiýa we Milli howpsuzlygyň işgärleri] doganyň ýa-da ogul gyzyň [Türkiýede] näme iş edýär? Habarlaşýarmy? Näçe pul goýberýär? Sim kartyňyzy ýa-da telefonyňyzy beriň, biz 5-10 günläp barlajak diýýärler” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Çeşmäniň sözlerine görä, telefonlary ýa-da sim kartlary güýç edaralary tarapyndan 15 gün töweregi ozal alnyp gidilen adamlar bar, ýöne olar heniz hem yzyna gaýtarylmandyr.

Çeşmäniň maglumatyna görä, ýerli ýaşaýjylar raýat eşiginde öýme-öý aýlanyp, sim kart we telefon çöpleýän adamlaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleridigini aýdýarlar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda raýat azatlyklarynyň kemsidilmegini yzygiderli tankyt edip gelýär.

Azatlyk Radiosyna türkmen güýç edaralarynyň raýatlaryň şahsy telefonlaryny barlaýandygy barada ozal hem maglumatlar gelip gowşupdy.

Geçen ýylyň mart aýynda ýurduň Daşoguz welaýatynda polisiýa gulluklary býujet işgärleriniň, hususan-da bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň mobil telefonlaryny köpçülikleýin ýygnap barlapdy.

Ýurt içinden habarlaşýan habarçylaryň we çeşmeleriň maglumatlaryna görä, häkimiýetler raýatlaryň telefon aragatnaşygyny we Internetdäki hereketleri çäklendirmek boýunça dürli çäreleri görýär.

Azatlyk Radiosynyň şu ýylyň ýanwar aýynda geçiren derňewlerine görä, türkmen hökümetine ýakyn çeşmeler ýurt raýatlaryny Internetde yzarlamak üçin häkimiýetleriň maglumat we howpsuzlyk tehnologiýalary boýunça ýöriteleşen nemes kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigi barada güýçli alamatlaryň bardygyny habar berdi.

Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda häkimiýetler raýatlaryň Internet elýeterliligini çäklendirmek boýunça dürli çäreleri gördüler.

Ýanwaryň ortalarynda Türkmenistanda VPN tilsimleriniň işi baglandy. Google Play tilsimi doly petiklenipdi.

Ondan ozal, dekabr aýynda häkimiýetler garaşsyz habar çeşmeleriniň onlaýn platformalarynda teswir galdyrýan adamlary yzarlamak boýunça berk çäreleri gördüler.

Ýanwaryň aýagynda tehnologiýa habarlaryny çap edýän halkara neşir iki hepdäniň dowamynda ýurtda VPN gözleýän adamlaryň sanynyň tas 6 esse artandygyny habar berdi.

Galyberse-de, Türkmenistan adam hukuklaryna degişli halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlary eýeläp gelýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy 2019-njy ýylda dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan hasabatynda Türkmenistan iň soňky orny eýeledi.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosy mundan ozal daşary ýurda çykmak isleýän türkmenistanlylaryň häkimiýetler tarapyndan ýolunyň baglanýandygy barada ençeme gezek habar berdi.

Ýurt resmileri bu habarlar boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.