Amerikan alymlary rak keseline garşy sanjymy synagdan geçirip, onuň üstünlikli bolandygyny aýdýarlar

Illýustrasiýa suraty

Birleşen Ştatlaryň Jefferson we Thomas Jefferson uniwersitetleriniň alymlary, olaryň öňe sürmegine görä, içegede rak keseline garşy “sanjymy” işläp taýýarladylar.

Içegede rak keseli dünýäde iň köp hasaba alnan üçünji rak keselidir. 2018-nji ýylda dünýäde täze 1,8 million adamyň bu kesele uçrandygy habasa alyndy. Rak keseliniň bu görnüşinden her ýylda 51 müň 20 sany amerikan raýaty heläk bolýar.

Alymlar näsag adamyň rak kletkalaryny gözlemek we ýok etmek üçin immunitetiň takyk we dogry ugrukdyrylmagyny “öwrenjek” sanjymy döredendiklerini aýdýarlar.

Kliniki synaglara içegede rak keseli bilen kesellän we 40-80 ýaş aralygyndaky adamlaryň 10 sanysy gatnaşdy. Her bir näsaga bir sany sanjym edildi.

Rak keseli bilen kesellän 10 näsagyň içegesindäki we ýogyn içegesindäki täze emele gelen rak hirurgiýa arkaly aýryldy. Olaryň hiç biri radiasiýa ýa-da himiýa bejergilerinden geçmedi.

Alymlar alty aýyň dowamynda ganyň immunologik barlaglaryny üç gezek geçirdiler.

Olar bu barlaglaryň netijesinde synagdan geçirilýän sanjymyň adamyň immunly sistemasynyň GUCY2C molekulasyna tarap “dyrjaşmagyna” ýardam berýändigini anyklaýarlar.

Ýogyn içegede rak keseli bolanda tapylýan bu molekula rak kletkalarynyň antigeni hasaplanýar. Ýagny, bu molekula “öldüriji T-kletkasyny” işjeňleşdirýär. Bu kletka bolsa, kolorektal rak keseliniň zyýanly kletkalaryny öldürýär.

Bu sanjymyň netijesinde 10 näsagyň hiç birinde hem çynlakaý ters netijeleri bolmady ýa-da bökdençlikler emele gelmedi. Ganyň immunokesgitleýjileri sanjymyň rak keseline garşy takyk immunly kletkalary işjeňleşdirýändigini görkezdi.

“Kolorektal rak keseliniň ýaýramagyny nämäniň üpjün edýändigine düşünmek we bu maglumaty täze bejeriş usullaryny özleşdirmek üçin ulanmaga zerurulyk bardyr. Bu möhüm barlaglar bize näsagyň öz immunly sistemasyny ragyň şu görnüşini anyklamak we ýok etmek üçin howpsuz görnüşde gönükdirip boljakdygy barada ilkinji delilleri berýär” diýip, barlaglaryň awtorlarynyň biri, medisina ylymlarynyň doktory Karen E. Knudsen aýtdy.

“Biz öz barlaglarymyzyň ikinji tapgyryna taýýarlanýarys. Biz bu barlaglar üçin näsaglary öňümizdäki güýzde hasaba alyp başlarys” diýip, barlagyň awtorlarynyň ýene biri Adam Snuk aýtdy.

Çeşme: "Nastoýaşeýe wremýa"

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň