Aşgabatda hususy söwda we hyzmat nokatlary ýapylýar, döwlet dükanlarynda nobatlar döreýär

Aşgabat (arhiw suraty)

Aşgabatda hususy söwda nokatlary, dellekhanalar we gözellik salonlary, fitnes merkezleri köpçülikleýin ýapylýar.

"Töwerek-daşda ähli dükanlar ýapyk, şäheriň ýolbaşçylarynyň tabşyrygy boýunça hyzmat ugrundan salonlar we ofisler hem ýapylýar" diýip, 28-nji maýda Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri habar berdi.

Türkmenistanyň paýtagtynda söwda we hyzmat ugrundan iş alyp barýan nokatlaryň gyssagly ýapylýandygy Azatlyga 27-nji maýda mälim boldy. Şonda habarçylarymyzyň sözlerine görä, esasan paýtagtyň merkezindäki ýaşaýyş jaýlarda ýerleşýän dükanlaryň, fitnes merkezleriň, dellekhanalaryň, gözellik we massaž salonlarynyň ýapylýandygyny we lisenziýalaryň uzaldylmajagyny olaryň eýelerine duýdurypdyrlar.

"Elitniý diýilýän jaýlaryň birinji gatlarynda we ýarym ýerzeminlerde ýerleşýän dürli gözellik salonlaryny, dükanlary, kafeleri we beýlekileri göçürýärler. Men göçürilýän kiçiräk rieltor firmasyny hem bilýärin. Bu ýagdaý 10 ýyl Abadançylyk we Oguzhan köçelerine, şeýle-de köne Hitrowka diýlip, atlandyrylýan etrapça degişli" diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Şol bir wagtda-da, telekeçileriň köpüsiniň elinde möhleti geçmedik lisenziýalar bar. Muňa garamazdan, häkimiýetler gyssagly göçhä-göçlügiň sebäplerini düşündirmän, paýtagt häkimiýetiniň kararynyň şeýledigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Prezident Ahal welaýatynda ady näbelli täze şäheriň düýbüni tutdy, oňa sarp ediljek serişdeler nämälim

"Takyk sebäpleri hiç kim bilmeýär. Häkimlikden we polisiýadan gelip, göçmek üçin birnäçe sagat berilýändigini aýdýarlar. Häkimlik kireý baradaky ylalaşygy bes edýär, bellemeli ýeri, kireý baradaky ylalaşyk administrasiýa bilen däl-de, binanyň eýesi bilen baglaşylypdyr, jaýlaryň köpüsi bolsa, ministrlikleriň we edaralaryň balansynda. Emma bu ýerde inisiatiwa bina eýelerinden däl-de, eýsem häkimlikden çykýar" diýip, habarçylarymyzyň ýene biri 28-nji maýda habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý boýunça Aşgabadyň häkimliginiň özünden maglumat alyp bilmedi.

Göçhä-göçlügiň ýaňy başlanandygyna garamazdan, boşan käbir jaýlaryň içinde eýýäm bejeriş işleri geçirilýär.

Degişli maglumat Aşgabatly telekeçilere paýtagtyň daşyna göçmek maslahat berildi

Azatlyk Radiosyna gowşan wideo maglumatlarda goşlaryň gyssagara çykarylýandygyny we jaýlarda dessine abatlaýyş işleriň gyssagly geçirilýändigini görmek mümkin.

Munuň öňüsyrasynda Aşgabadyň telekeçilerinden öz edara jaýlaryny şäheriň çetine gurulýan işewürler toplumyna göçürmek talap edilipdi. Bu talap telekeçileriň ençemesine, hususan-da 15-nji maýda gije Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň edarasynda geçirilen gyssagly maslahatda mälim edilipdi.

​Munuň bilen bir wagtda-da, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda azyk önümlerini satyn almaga synanyşýan ýaşaýjylaryň uly nobatlary döreýär.

Azyk nobaty

Şu günler paýtagtyň dükanlarynyň ençemesinde, şol sanda bazarlardaky söwda nokatlarynda döwletiň kesgitlän çäkli nyrhyndan tüwi we şeker satyn almak üçin onlarça adamyň nobata durandygyny görmek mümkin.

Azatlyk Radiosyna söwda nokatlaryndaky häzirki ýagdaýy görkezýän wideo ýazgylarynyň ençemesi gowuşdy, emma redaksiýa öz habarçylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly olary çap etmekden saklanýar.

​Wideoda onlarça adamyň öz nobatyna sabyrly garaşyp durandygyny we satyn alan harydy bilen dükandan çykýandygyny görmek mümkin.

Aşgabadyň döwlet dükany

Alyjylaryň köpüsiniň elinde çäkli möçberdäki harytlar, köplenç bir haltajyk şeker bar.

Käbir wideo ýazgylarda satyjylaryň jogabyndan nägile alyjylaryň sesini eşitmek mümkin: "Çaglara berilmeýär diýýärler, bu nähili...", "Bir kileden köp bolmaýar diýýärler..."

Aşgabadyň dükanlarynda harytlar çäklendirilip satylýar. Bahasy 7 manatlyk tüwi adam başyna 3 kilogramdan, bahasy 8 manatlyk şeker adam başyna 1 kilogramdan satylýar.

Bazarda tüwiniň bir kilogramynyň bahasy 20 manada, şekeriň bir kilogramynyň nyrhy 12 manada barabar.

Türkmenistanyň ilaty azyk gytçylygy bilen 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýär.

Un, çörek, şeker, pagta ýagy we ýumurtga ýaly esasy azyk önümleriniň döwlet dükanlaryndaky gytçylygynyň fonunda bazarlarda bahalar yzygiderli häsiýetde ýokarlanýar.

Degişli maglumat Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker we tüwi her ele çäkli möçberde satylýar, uzyn nobatlar döreýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň