Wilan özüne garşy gozgalan jenaýat işiniň ABŞ sanksiýalary üçin “ar alyşdygyny” aýdýar

Moskwa sudy. ABŞ-nyň ozalky deňiz-pyýada goşun esgeri Pol Wilanyň (Paul Whelan) 24-nji maý, 2019 ý.

Moskwa sudy ABŞ-nyň ozalky deňiz-pyýada goşun esgeri Pol Wilanyň (Paul Whelan) deslapky tussaghanada saklanmak möhletini uzaltdy, aýyplanýan bu jenaýat işiniň syýasy sebäplidigini we ABŞ-nyň sanksiýalary üçin ar alyşdygyny aýtdy.

Lefortovwo etrap sudy 24-nji maýda Wilanyň aklawçysynyň ony öý tussaglygyna geçirmek baradaky haýyşyny ret etdi we deslapky tussaglyk möhletini 29-njy awgusta çenli uzaltmak kararyny çykardy.

ABŞ-nyň, Irlandiýanyň, Kanadanyň we Britaniýanyň raýaty bolan Wilan 28-nji dekabrda Moskwada tussag edilip, içaylyçylykda aýyplandy. Bu aýyplamany ret edýän Wilan günäli tapylsa, 20 ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Ol sud diňlenişigi mahalynda bu işi derňeýän Alekseý Kižnýagyň haýbat atýandygyny we mertebesini kemsidýändigini aýtdy hem-de onuň çalşyrylmagyny talap etdi.

“Ol meniň mertebämi kiçeldýär we ömrüme wehim salýar” diýip, Wilanyň Moskwaday suda aýdandygy habar berildi.

Wilanyň maşgalasy onuň bigünädigini we Moskwa toýa gatnaşmak üçin gidendigini aýdýar.