"Iki oduň arasynda": Demirgazyk Owganystanda ýüzlerçe etniki türkmen içerki bosgunlyga sezewar boldy

Demirgazyk Owganystanda ýüzlerçe etniki türkmen içerki bosgunlyga sezewar boldy

"Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň bu sany Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde içerki bosgunlykda ýaşaýan etniki türkmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky maglumatlara bagyşlanýar.

Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde hökümet güýçleri bilen “Talyban” jeňçileriniň arasynda ýüze çykan dartgynly çaknyşyklar ol ýerlerde ýaşaýan etniki türkmenleri içerki bosgunlyga iterdi. Ýüzlerçe türkmen maşgalalary, şol sanda aýal maşgalalar, ýaş çagalar, ýaşulular, erkek adamlar mundan dört aý töweregi wagt ozal öz ýaşaýan ýerlerini terk edip, Jöwüzjan welaýatynyň Şybyrgan şäheriniň etegine göçüp bardylar.

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu günki sanynda içerki bosgunlyga mejbur bolan owgan türkmenleriniň ýagdaýy barada Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdulkadyr Maliýa, Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň Kabuldaky habarçysy Alym Rahmanýar, etniki türkmenleriň ýarym resmi söweşiji toparynyň serkerdesi Abdulhekim Kumandan hem-de owgan türkmenleriniň wekillerinden Gulam Destegir bilen geçirilen söhbetleri siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Agyr howa şertlerinde iýmit önümleriniň ýiti ýetmezçiligini başdan geçirýän içerki bosgunlar wagtlaýyn çadyrlarda ýatyp turýarlar, olaryň iýmäge çörekleri, geýmäge egin-eşikleri gaýgy. Azatlyk Radiosy olaryň duçar bolýan durmuşy barada 21-nji maýda wideo maglumat çap etdi:

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owganystandaky türkmenler bosgunlyga mejbur bolýar

Wideo: Demirgazyk Owganystanda ýüzlerçe etniki türkmen içerki bosgunlyga sezewar boldy​

  • Gepleşigiň dowamynda Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Şybyrgan şäheriniň eteginde etniki türkmenleriň içerki bosgunlykda ýaşaýandygyny gürrüň berdi, olaryň kömege mätäçdigini aýtdy.
  • 23-nji maýda Azatlyk Radiosyna beren telefon interwýusynda Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdulkadyr Maliýa içerki bosgunlara zerur kömegiň berilýändigini aýtdy.
  • Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň Kabuldaky habarçysy Alym Rahmanýar içerki bosgunlykda ýaşaýan etniki türkmenleriň arasyna eden sapary, onuň özünde galdyran täsiri barada gürrüň berdi, bosgunlaryň kömege mätäçlik çekýändigini aýtdy.
  • Demirgazyk Owganystanda ýarym resmi türkmen söweşiji toparlaryň serkerdesi Abdulhekim Kumandan Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde Owganystanda hökümet güýçleri bilen jeňçileriň arasynda çykýan çaknyşyklaryň netijesinde adamlaryň hemişelik ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolýandyklaryny aýtdy.
  • Owgan türkmenleriniň wekillerinden Gulam Destegir Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde içerki bosgunlykda ýaşaýan etniki türkmenlere ýeterlik kömegiň berilmeýändigini aýtdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Iki oduň arasynda": Demirgazyk Owganystanda ýüzlerçe etniki türkmen içerki bosgunlyga sezewar boldy