Türkmenistanyň prezidenti ÝHHG-nyň başlygy bilen duşuşdy

ÝHHG-nyň başlygy, Slowakiýanyň daşary we ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçak. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji maýda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki başlygy, Slowakiýanyň daşary we ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi.

TDH Miroslaw Laýçagyň Berdimuhamedowa Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirendigini belleýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar durmuş-ykdysady pudakda, energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýandygyny bellediler.

Şeýle-de taraplar ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň amala aşyrýan taslamalary, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek we dünýä bileleşiginde ynjalyksyzlyk döredýän howp-hatarlara garşy durmak ugrundaky tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şol günüň özünde Türkmenistanyň DIM-de we Mejlisinde Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.