Stalin döwründe ýerli tatarlaryň Gara deňiz ýarymadasyndan zorlukly göçürilmeginiň ýyl dönümine gabat onlarça tatar ýöriş etdi.
Polisiýa oňa gatnaşyjylara bu ýörişiň geçirilmegine häkimiýetler tarapyndan ygtyýar berilmändigini duýdurdy, ýöne şondan aňryk geçmedi.
18-nji maýda ýarymadanyň paýtagty Simferepolda geçirilen çäräniň dowamynda, gatnaşyjylaryň käbiri polisiýa ofiserleri bilen dawalaşan-da bolsa, hiç bir hadysa bolmady, tussag edilenler barada habar çykmady.
100 çemesi adam şäher parkynda, 1944-nji ýyldaky zorlukly göçürmeler mahalynda wepat bolan onlarça müň adamyň hatyrasyna dikilen kiçiräk ýadygärligiň ýanynda namaza durdy.
Degişli maglumat Türk dünýäsi Gabdulla Tukaýy ýatlaýarÇarä gatnaşyjylaryň käbiri öňden gelýän milli eşiklerini geýse, beýlekiler Krymyň tatar jemgyýetçiliginiň baýdagyny göterip çykdy.
Zorlukly göçürmelerden aman galan ýaşulularyň birnäçesi öz başdan geçirenleri barada gürrüň berdi.
Gara deňiz ýarymadasy 2014-nji ýylda Orsýet tarapyndan anneksiýa edildi. Krym tatar jemgyýeti Orsýetiň bu sebitdäki häkimiýetini ykrar etmekden ýüz öwürdi. Bu ýagdaý köp aktiwistiň horlanmagyna we türmä basylmagyna alyp geldi.
Sowet diktatory Iosif Stalin 1944-nji ýylyň maýynda, nasistler bilen hyzmatdaşlykda aýyplap, tatar jemgyýetçiligini bu ýerden deportasiýa etdi.
Bu çäräniň dowamynda we Gazagystanda, Sowet Soýuzynyň beýleki gyrak-bujak ýerlerinde geçirilen ilkinji gazaply aýlarda on müňlerçe tatar wepat boldy.
Olaryň diri galanlaryna 1980-nji ýyllara çenli Kryma gaýdyp gelmek rugsady berilmedi.