Gazak aktiwstleri syýasy aktiwlige temmi üçin harby gulluga alynýandyklaryny aýdýarlar

Asya Asiya Tulesowa we Beibarys Tolymbekow.

Gazak häkimiýetleri oppozisiýanyň iki aktiwistini harby gulluga aldylar. Aktiwistler munuň öz syýasy işjeňlikleri üçin berlen jezadygyny aýdýarlar.

Beibarys Tolymbekowyň we Aslan Sagutdinowyň garşysyna tapylan çäre oppozisiýa guramalaryny alada goýdy. Olar gazak resmileriniň gelýän aýda geçirilmeli prezident saýlawlaryndan öň basyşy güýçlendirýändiklerini belleýärler.

Geçen aý, ýurduň söwda paýtagty bolan Almatyda guralan marafon wagtynda, Tolymbekow öz halaşýan gyzy bilen bilelikde ýüwrükler ýodasynyň gapdalynda “Sen hakykatdan gaçyp gutulyp bilmersiň” diýen ýazgyly plakaty galdyryp durdy.

Bu pursaty görkezýän suratlar sosial mediada, #azatsaýlawlar we #seniňseçgiňbar haştaglary bilen giňden paýlaşyldy.

Tolymbeko we onuň halaşýan gyzy Asya Tulesowa tussag edilip, ýygnanyşmak düzgünlerini bozandyklary üçin, 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi.