Türkmenleriň Oraza däpleri

Gökdepede bir metjit

Gepleşigimiziň bu sanynda dünýä türkmenleriniň arasyndaky özboluşly Oraza däpleri barada gürrüň edilýär.

6-njy maýda beýleki käbir ýurtlaryň musulmanlary bilen bir hatarda yslam dininiň parzyny berjaý edýän dünýäniň çar künjündäki türkmenler hem Oraza aýynda agyzlaryny beklemäge girişdi.

Gepleşigimiziň bu sanynda dünýä türkmenleriniň arasyndaky özboluşly Oraza däpleri barada gürrüň edilýär.

Programmamyzyň dowamynda häzirki wagtda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň, owgan türkmenleriniň arasynda oraza däpleriniň berjaý edilişi barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň beren gürrüňlerini eşitdiriýäris. Şeýle-de, gepleşigiň dowamynda Türkiýeden gepleşigimize gatnaşan Mähriniň, Russiýadan interwýu beren asly türkmenistanly Permanyň hem-de Eýran türkmenleriniň arasynda Oraza däpleri baradaky çykyşlary bilen Germaniýada ýaşaýan asly eýranly türkmen Ýusup Koruň çykyşlaryny diňläp bilersiňiz!

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenleriň Oraza däpleri

“Dünýä Türkmenleri” gepleşigi türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallydan ilki bilen Ýewropadaky Oraza tejribelerini paýlaşmagy haýyş etdi. Ýazyjy köpýyllyklaryň dowamynda Oraza aýynda agzyny bekläp gelýändigini gürrüň berdi:

“Bu ýerde Oraza tutmak Türkmenistan bilen deňeşdireniňde belli bir derejede ýeňil, sebäbi bizde owaly bilen howa salkyn, howa beýle gyzgyn däl” diýip, Hudaýberdi aga aýtdy.

Degişli maglumat Orazada unudylan, üýtgän ýa-da täzeçe adatlar

Onuň gürrüň bermegine görä, yslam dinine uýýan adamlaryň öz ynançlaryny berjaý etmekleri üçin, agyz beklemekleri üçin Çehiýa döwletinde şert bar; Pragada 1-2 sany metjit bar, ol ýerlerde agzaçar berilýär, namaz okamaga, hüşür, zekat ýa-da pitre ýaly sadakalary bermäge mümkinçilik döredilýär.

Ýazyjy gürrüňi türkmenlere mahsus Oraza däpleri bilen dowam etdi:

“Agzaçar meselesi: Türkmenistanda adamlaryň agzyny açdyrmak üçin sada şekilli üýşmeleň edýärler. Bu gaty oňat däp, gowy däp, sogaply däp. Köp ýerlerde mollalar ýerli adamlara görkezme berýärler. Adamlar ilki bilen-ä wagt alýarlar. [Adamlaryň haýsy günlerde agzaçar etjegini] molla olara takyklap berýär” diýip, ýazyjy türkmenleriniň arasynda agzaçar medeniýeti barada gürrüň berdi.

"Ýa remezan"

Türkmenistanda Oraza aýyna gadam basylmagy bilen çagalar topar-topar bolup, öýme-öý aýlanyp “Ýa remezan” aýdýar. Onda çagalar goşgy setirlerini aýdýar, täze dogan aýdan habar berýär.

6-njy maýda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Aşgabatda öýlere aýlanyp, “Ýa remezan” aýdýan çagalaryň wideosyny paýlaşdy:

Ýokarda bir aý bar,

Ujy gyzyl ýaý bar,

Pygamberiň saçagynda,

Bize goýlan paý bar.

Garryja çatmaň öý bolsun,

Gapyňyzda toý bolsun,

Az beriniň gyzy bolsun,

Köp bereniň ogly bolsun!

Eýsem, bu goşgy setirleri, çagalaryň aýlanyp “Ýa remezan” aýtmagy öz gözbaşyny nirelerden alyp gaýdýar?

“Mende beýle takyk maglumat ýok, ýöne öňki döwürlerde umumy habar beriş serişdeleri bolmansoň, milleti habarly etmek üçin oglanlar aýy görüp, şonuň yzyndan “Ýa remezan” aýdypdyrlar. Onsoň onuň bilen baglanyşykly goşgular döredilipdir, sanawaçlar bar. Olaryň aýratyn bir däpleri bar. Ol bir halk döredijiligine degişli, ýagny folklora degişli bir ýörite ugur” diýip, ýazyjy aýtdy.

Asly türkmenistanly Perman häzirki wagtda Russiýada ýaşaýar. Ol hem çaga wagtlary öýlere aýlanyp, “Ýa remezan” aýdar ekeni:

“10-12 ýyl mundan ozal biz hem Oraza başlanýan wagtlary “Ýa Remezan” aýdýardyk. Ol wagtlar köp zada düşünmeýän 8-9 ýaşly ýaş çagadyk. Görýäň, ýaşulularyň arasynda oraza tutýanlar, agzyny bekleýänler bolýar. ‘Başlady’ diýýärler, ýöne biz kän bir düşünip hem baramyzokdyk, ol zatlara. Ýöne 3 günläp aýdýar şony çagalar, şony bilýän men. Iň gyzyk ýeri ‘köp bereniň ogly bolsun, az bereniň gyzy bolsun diýilýär’ ” diýip, Perman aýtdy.

“Ýa remezan” aýdylanda çagalar topar-topar bolup öýlere aýlanýar, gapyny kakýarlar, hor bolup goşgy okaýar. Öý eýesi olara süýji ýa-da näme göwnünden çykaran bolsa, şony sowgatlyk berýär. Perman bu barada-da gürrüň berýär:

“Şoňa görä, öý eýeleri näme göwnünden çykaran bolsa, ýagdaýy baryndan hemme çagalara paýlap berýär. Ýa-da bolmasa çagalaryň içinde uluragy bar bolsa, şoňa berilýär. Soňra hemme çagalar üýşüp paýlaşýar. Içinde öýkeläni hem bolýar, ‘maňa az düşdi’ diýip gygyrşýany hem bolýar, ýa-da biriniň elinde paket bar bolsa, şoňa berilýär ‘glawny’ diýip” diýip, Perman özüniň aýdan “Ýa remezanlaryny” ýatlady.

"Halloween" we "Gargean"

Bu Günbatar medeniýetinde “Halloween” (Hellowin) baýramçylygynda çagalaryň topar bolup, goňşy arada öýme-öý aýlanmaklaryna we olara öý eýeleriniň sowgat bermeklerine çalym edýän ýaly.

Eýsem, beýleki musulman halklaryň arasynda türkmenlerdäki “Ýa remezan” däbine meňzeş nämeler bar!? Käbir arap halklarynyň arasynda Oraza aýynyň ortasynda çagalar toparlanyp, milli eşikler geýnip goňşy arada öýlere aýlanýar, süýji-köke soraýar. Muňa “gargean” diýilýär.

Degişli maglumat Türkmenleriň Oraza däplerinde näme üýtgedi?

Eýran türkmenlerinde "Ýa remezan

9-njy maýda Azatlyk Radiosyna Germaniýadan beren telefon interwýusynda asly eýran türkmenlerinden bolan Ýusup Kor demirgazyk Eýranda-da şuňa meňzeş däpleriň bardygyny gürrüň berdi:

“Eýran türkmenleriniň, ýagny Türkmensähranyň gündogary bilen günbatary tapawut edýär. Günbatarda umuman ýomutlar ýaşaýar, gündogara geçseň esasan gökleň ýaşaýar Türkmensährada. Olaryň arasynda az-owlak tapawutlar bar, ýöne umuman hemmesinde Oraza aýynyň 15-ine “Ýa remezan” agşam diýilýär. “Ýa remezan” okalýar, aýyň 14-inden 15-ine geçilende. Aý şonda tegelek bolýar, doly bolýar. Şony görenlerinden soňra şol güni agşam ‘Ýa remezan’ okalýar. Gadymdan edilýärmiş, indi-hä her kimde kalendar bar, kalendara seredip, öňünden taýýarlyk görülýär we şol güni agşam ‘Ýa remezan’ okalýar. Onda esasan ýaş ýetginjekler aktiw bolýar, ýaşuly adamlar hem bolýar, ýöne ol öýden ol öýe ýöremeli bolansoň, ýaşy ýokary adamlar öz aladalary bilen ol işlere kän goşulmaýar. Ýöne 20 ýaşa çenli goşulýarlar, umuman” diýip, ol aýtdy.

Degişli maglumat Türkmen migrantlary: oraza tejribeleri

Owgan türkmenleriniň Oraza däpleri

Owgan türkmenleriniň arasynda nähili Oraza däpleri bar!? Bu soraga 9-njy maýda Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady şeýle gürrüň berdi:

“Owgan türkmenleriniň arasynda Oraza aýy uly höwes bilen, hormat bilen garşy alynýar. Çagalar Oraza aýynyň başynda “Ýa remezan” gezýärler, her öýe baryp Remezan aýyny, Oraza aýyny gutlaýarlar. Oraza aýynyň gelmegine begenip, her öýde çagalara bir zatlar berilýär. Owgan türkmenleriniň arasynda Oraza aýy köp gowy garşy alynýar. Türkmenleriň arasynda Oraza aýyna köp gowy hormat goýýarlar. Agzaçar sadakalary edilýär, Oraza aýynda zekat berilýär, Oraza aýynda ‘roza pitre’ diýip bir sadaka berilýär. Owgan türkmenleriniň arasynda Oraza aýynyň hormaty örän uly” diýip, Myrady aýtdy.

Häzirki wagtda Türkiýede ýaşaýan Mähri Türkmenistan bilen Türkiýedäki Oraza däplerini deňeşdirýär:

“Türkiýede Oraza baýramy has-da ‘Şeker baýramçylygy’ diýip bellenilýär, ‘Süýji baýramy’ diýen ýaly. Türkmenistanda Oraza başlamazdan öň “Ýa remezan” edilýän bolsa, Türkiýede-de baýramyň 1-nji, 2-nji we 3-nji günleri şolar ýaly çagalar goňşularyna ýa-da daýy-daýzalaryna gidip baýramlaryny gutlaýarlar. Ulular hem olara süýji, pul ýa-da göwnünden näme çykarsa berýärler. Edil “Ýa remezandaky” ýaly. [Galyberse-de], Türkmenistanda Oraza baýramy kän bir şowhunly gutlanylmaýar” diýip, Mähri gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, bu ýyl Türkiýede Oraza baýramçylygynyň 9 günläp dowam etmegine garaşylýar. Türkmenistanda Oraza baýramçylygy her ýyl prezidentiň permany esasynda kesgitlenilýär.

Mähriniň gürrüň bermegine görä, Türkiýede Oraza aýynyň başynda çagalar “Ýa remezan” aýtmaýar, hatda muňa türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan ýerlerinde-de duş gelinmeýär:

“Bärde, ýagny Türkiýede Türkmenistandaky ýaly çagalaryň “Ýa remezan” aýdyşyp ýörendiklerini entek men görmedim. Hatda Türkiýede türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan ýerlerinde-de bolup gördüm, ýöne hiç hili oňa duş gelmedim, ýagny çagalaryň “Ýa remezan” aýdyp aýlanyp ýörendiklerine duş gelmedim” diýip, Mähri aýtdy.

Roza

Ýazyjy Hudaýberdi Hally Oraza sözüniň gelip çykyşyny düşündirdi:

“Bizde edebi diliň kadasynda Oraza diýýärler. Şol sözüň asly ‘ruza’. Magtymgulyda ‘ruza’ diýip gelýär. Magtymguly ‘gündizler ruza, gijeler namaz’ diýip alýar. Ruza-da pars dilinde rysgal, bir berlen zat, rysgal, bereket manysynda gelýär. Elbetde ol belli bir derejede öz funksiýasyny, ýagny öz hyzmatyny üýtgedipdir. Onsoň, Lebap türkmenlerinde Buharanyň täsiri bolansoň, (öňki Buhara emirliginiň diwany täjik-pars dilinde ýöredilýärdi) şol sebitde pars diliniň täsiri gaty güýçli. Şonuň üçin hem roza diýilýär. Ýogsa türki dillerde söz başynda r sesi gelmeýär. R bilen başlanýan söz bolsa, onuň öňüne nähilidir bir çekimlini artdyrýarlar. Ondan bärik geçseň, eýýäm Mary sebitinde ol Oraz bolýar. O-ny artdyrýarlar. Ondan has günbatara geçseň, Araz bolýar. Demirgazykda-da Araz, ýagny o-nyň a şekilli aýdylşy bar, şol görnüşde-de ulanylýar” diýip, ýazyjy Hudaýberdi Hally aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy owgan türkmenleriniň arasynda Oraza aýynda metjidiň roluny gürrüň berdi:

“Metjidiň roly örän uly. Adamlar tarawa namazyna gatnaýarlar, hem-de metjitlerde Kurany Kerimi hatym edilýär, hatyma durulýar. Şol hatym çykarylanda oňa hemmeler gatnaşýar. 30 günüň dowamynda hatym edilýär. Ýöne şol hatym her metjitde hökman ediläýmeli” diýip, Myrady aýtdy.

Degişli maglumat Dünýä türkmenleri we Oraza

Gadyr gijesi

Asly Eýran türkmenlerinden Ýusup Kor Türkmensähradaky türkmenleriň Oraza däpleri bilen gürrüňe dowam etdi:

“[Oraza aýynyň] 28-inde Gadyr gijesi bolýar. Gadyr gijesi gyş aýlarynda gaty giňden, hemme öýlerde diýen ýaly bellenilýär. Öňünden adamlar ‘Gadyr gijäni nirede oturaly’ diýip gepleşýärdi, belli bir öýlerde oturylýardy. Ýaş ýetginjeklerden tä ýaşuly adamlara çenli bilelikde taýýarlyk görüp, Gadyr gijäni garşy alýarlar. Gadyr gijelerinde hemme öýlerde diýen ýaly ‘süýtli aş’ diýlen süýtden nahar bişirilýär. Süýtden bişirilmegi Gadyr gijäni gowy garşy almak diýlip hasap edilýärdi’ diýip, Kor aýtdy.

Ekstremizm gorkusy

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň sözlerine görä Türkmenistanda Oraza aýynda agyz bekleýän adamlara az duş gelinýär. Adamlar özlerine “ekstremizm” aýyplamalarynyň atylmagyndan howatyr edýär.

Şu ýyl Türkmenistanda Oraza aýynda agyz bekleýän adamlara has az duş gelse bolýandygyny, muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we adamlaryň arasynda “ekstremizmde aýyplanmak gorkularynyň” sebäp bolýandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar.

Oraza aýyna girişilmegi bilen 7-nji maýda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň müfütsiniň oraza pitreleri barada fetwa çykarandygyny habar berdi. Oňa laýyklykda bu ýyl Türkmenistanda her adam başyna berilmeli pitre sadakasynyň mukdary 5 manat diýlip kesgitlenildi. Şeýle-de müftiniň çykaran fetwasynda bu ýylky zekat üçin kesgitlenen nisap mukdary barada-da habar berilýär. Ol 34.000 manat diýip kesgitlenipdir. Bu Türkmenistanda dollaryň resmi kursunda 10.000 dollary töweregi bolýar. Muny ýazyjy Hudaýberdi Hally dini çeşmelere salgylanyp şeýle düşündirdi:

Degişli maglumat Dünýä türkmenlerinde oraza

“Seniň 34.000 manatdan artykmaç duran zadyň bolsa, şondan sen sadaka bermeli, ýagny hüşür-zekat bermeli. Men şu zatlary dini çeşmelere salgylanyp aýdýaryn. Ine, meselem, seniň 2 sany maşynyň bar, ulagyň bar. Olaryň birini sen gije-gündiz ulanýaň, beýlekisi dur. Sen ony müneňok, eliň hem ýetenok oňa. Eger şol duran maşynyň gymmaty, bahasy 34.000 manatdan aňry bolsa, onda sen onuň üçin salgyt tölemeli. Ýöne özüň ulanýan bolsaň, ýagny günibirin durmuşyňda öz hyzmatyňda peýdalanýan bolsaň, onuň üçin tölemeli däl, artygyna tölemeli, şondan artygyna. Seniň 34.000 manatdan artykmaç ellenmeýän, ulanylmaýan baýlygyň bolsa, ondan artygyna tölemeli. Ol altyn şaý-sepleri, kümüş şaý-sepleri-de şeýle. Eger sen ony ulanýan bolsaň, meselem, altyndan diş goýdurýarlar. Ol salgyda girmeýär. Sebäbi sen ol dişi ulanýaň. Ýöne ulanylman duran altynyň bolsa, ondan sen salgyt tölemeli” diýip, ýazyjy dini çeşmelere salgylanyp gürrüň berdi.

Beýleki tarapdan, meselem şol bir nisap mukdary Türkiýede 2019-njy ýyl üçin 3.000 dollar töweregi diýlip kesgitlenipdir. Eýsem, bu ep-esli ara tapawudyň sebäbine nähili düşünmeli?

“Bu bizdäki ykdysady ýagdaý Türkiýeden pes diýildigi bolýar. Ondan 3 esse pes diýildigi bolýar. Bar milletler sadakany arkaýyn berip bilýärler. Şonuň üçin-de Türkiýedäki adamlaryň baýlygynyň nisaby pes derejede bolsa-da, olar sadaka bermeli. Bizdäki adamlaryň elinde bar bolan zat 10.000 dollar çäginden ýokary bolanda, diňe şol ýagdaýda sadaka bermeli, ondan pes bolsa, ony sadaka bermän bilýärler. Halkyň maddy hal-ýagdaýynyň agyrdygyny Türkmenistanyň müftüsi bilen bolmaly. Hut şony nazara alyp, şeýle ýokary dereje goýan bolmagy mümkin diýip, men çak edýärin” diýip, ýazyjy düşündirdi.

Adamlary pitre we zekat sadakasyny bermäge borçly edýän emläk mukdary bolan “nisabyň” Türkmenistanda kesgitlenen mukdary barada türkmen din wekillerinden kommentariý almak mümkin däl.

Nisap mukdarynyň Türkiýe bilen deňeşdireniňde Türkmenistanda tas 3 esse ýokary bolmagynyň mümkin bolan sebäpleri bilen gyzyklanyp “Dünýä Türkmenleri” gepleşigi 10-njy maýda Türkiýäniň Din işleri ministrliginiň Fetwalar boýunça sorag-jogap bölümine jaň etdi. Mediada çykyş etmäge ygtyýarsyzdygyny aýdan din resmisi nisap mukdary barada beren jogabynda Türkmenistanda kesgitlenen mukdaryň juda ýokarydygyny aýtdy. Bu ýagdaýyň ýurduň bazarlaryndaky bahalaryň juda ýokarydygyny açyp görkezýändigini belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.