“Türkmenhowaýollary” 1-nji iýundan başlap, ÝB-niň çägine uçar gatnawlarynyň täzeden dikeldiljekdigini aýdýar

Illýustrasiýa suraty. "Türkmenhowaýollary" kompaniýasyna degişli bir uçar

“Ýekşenbe güni Türkmenistanyň milli howa ýollary kompaniýasy Ýewropanyň awiasiýa häkimiýetleriniň 1-nji iýundan başlap özlerine Ýewropa gatnawlaryny täzeden dikeltmäge ýol açandygyny aýtdy” diýip, Fransiýanyň “Agence France-Presse” (AFP) döwlet habar gullugy 4-nji maýda habar berdi.

Bu maglumat Azatlyk Radiosynyň 2-nji maýda “Türkmenhowaýollarynyň” resmi saýtynda çap edilen uçuş gatnawlarynyň rejesine salgylanyp, kompaniýanyň Ýewropa gatnawlaryny täzeden ýola goýýandygy barada beren habarynyň yzýanyna gabat geldi.

AFP habar agentligi gadagançylygyň ýatyrylmagy barada ýetiren maglumatynda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň atlandyrylmazlyk şertinde çykyş eden metbugat wekiline salgylanýar. Onuň sözlerine görä, Ýewropanyň awiasiýa boýunça gullugynyň (EASA) çykaran gadagançylygy howpsuzlyk meseleleri bilen bagly bolman, bu “Ýewropada hereket edýän resminamalaryň ýerine ýetirilmegi” bilen ilteşikli ekeni.

“Türkmenhowaýollarynyň” uçar gatnawlaryna degişli halkara biletleriň onlaýn satuwyny amala aşyrýan flyturkmenistanairlines.eu saýtynyň 5-nji aprelde çap eden maglumatynda-da kompaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Şalygyň çägine amala aşyrýan uçuşlarynyň 1-nji iýunda dikeldiljekdigi mälim edildi.

Ýatlasak, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine amala aşyrýan uçuş gatnawlaryny fewralyň başynda howpsuzlyk aladalary bilen baglylykda togtadypdy.

Bu barada ilkinji bolup, britan hökümetiniň gov.uk saýtynda beýanat ýaýradylypdy.

Degişli maglumat Beýik Britaniýa: “Türkmenhowaýollarynyň” Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçuşlary togtadyldy

Ýewropanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň websaýty ne agzalýan gadagançylyk girizilende, ne-de onuň iýundan başlap ýatyrylýandygy barada maglumat çap etmedi.

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasyna Ýewropa uçuş gatnawlaryny amala aşyrmaklyk fewral aýynda gadagan edilenden soň, onuň Londona, Birmingama, Pariže we Frankfurta ýerine ýetirýän uçuşlary duýdansyz togtadylypdy. Munuň netijesinde, howa ýollary kompaniýasyndan bilet satyn alan müňlerçe ýolagçy ejir çekdi. “The Independent” neşiri “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlarynyň ýatyrylmagynyň 5000 çemesi adama täsir ýetirendigini çaklady.

Fewralyň ortalarynda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy halkara howa howpsuzlygy standartlarynyň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin “Lufthansa Consulting” geňeşdarlyk kompaniýasyndan ýardam alyp başlady.

“Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasy Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň (EASA) talaplaryna gabat gelmek üçin özüniň howpsuzlyk standartlaryny ýokarlandyrmak maksady bilen herekete geçdi. “Lufthansa Consulting” kompaniýasy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň (EASA) “Üçünji ýurduň operatorlary” (TCO) baradaky talaplaryna gabat gelmegine goldaw berer” diýlip, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň we “Lufthansa Consulting” kompaniýasynyň 13-nji fewralda bilelikde çap eden metbugat beýanatynda aýdyldy.

Degişli maglumat ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy 'Türkmenhowaýollary' bilen bagly howpsuzlyk duýduryşyny ýaýratdy

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçar gatnawlaryny amala aşyrmaga rugsat berilýän wagty, maýyň başyndan bäri kompaniýanyň hödürleýän käbir uçar gatnawlarynyň bahalary tas iki esse gymmatlady.

"Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň halkara gatnawlar boýunça biletleriniň täze bahalary

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri “Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawlarynyň ekonom klas üçin uçar biletleriniň bahasynyň 7 müň manada ýetendigini habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty “Türkmenhowaýollarynyň” Ýewropa Bileleşiginiň çägine uçar gatnawlarynyň gadagan edilmegi, onuň täzeden dikeldilmegi ýa-da onuň bahalarynyň gymmatlamagy barada maglumat bermeýär.