Çoganlynyň hassahanasynda näsaglary 'gorkuzyp, olardan para alýarlar'
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Aşgabadyň Çoganlydaky ýokanç keselleri hassahanasynda saglyk barlagyndan geçýän näsaglaryň ganynda näbelli wirusyň bar bolmagy mümkin diýlip, olar gaýtadan barlagdan geçmäge ýa-da para bermäge mejbur edilýärler diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly zenan aýtdy.