Türkmenistan ýekşenbe güni türkmen bedewiniň milli baýramyny belledi. Muňa bagyşlap ýurtda 24 – 28-nji aprel aralygynda dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi.
Ýekşenbe güni Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallary 61 ýaşly Gurbanguly Berdimuhamedowyň, agtygy Kerimguly bilen duet görnüşinde ýerine ýetiren täze rep aýdymyny görkezdi. Mediadan mälim bolşuna görä, aýdymyň sözlerini prezident Berdimuhamedowyň özi, sazyny bolsa prezidentiň agtygy Kerimguly ýazypdyr.
TDH-nyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda geçirilen milli bedew baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň baş gahrymany ahalteke bedewleri boldy. Olaryň hatarynda dabaralarda üns merkezine çekilen iň esasy bedew Berdimuhamedowyň hut özüniň at dakan “Rowaç” taýçanagy boldy.
Prezident Berdimuhamedowyň ahalteke atlaryna bolan çuň söýgüsi indi ýurduň ilaty üçin hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin syr däl.
Degişli maglumat Rowaç atly taýçanak hökümeti 'umytlandyrdy'; synçylar ‘yrymçy emeldarlary’ tankyt edýär2019-njy ýylyň başynda dünýä inen “Rowaç” taýçanagy ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary ýanwar aýynda prezident Berdimuhamedowa sowgat beripdi. Berdimuhamedow oňa at goýanda bu ýylyň türkmen halkyna rowaçlyk getirjekdigine umyt baglapdy.
Prezident bilen agtygynyň duet çykyşyny efire beren döwlet telewideniýesiniň ekranynda gözi gün şöhlesine garşy äýnekli, arkasy gitaraly, saçlaryna çala çal sepelenen prezident we onuň gapdalynda murty çala taban Kerimguly ritm blokly peýda bolýar.
Çykyşyň başynda sag eliniň başam we süýem barmaklary bilen gitaranyň taryna kakyp, sazy heňe getirýän Berdimuhamedow çep eliniň barmaklaryny hem kirişlerde gezmeledýär. Saz batlanyp dowam edýär, oňa Kerimguly ritm blok bilen goşulýar. Jübütler bir salym saz çalandan soň Berdimuhamedow “Rowaç” taýçanagy taryplap rep aýdymyna başlaýar.
Degişli maglumat Prezident Berdimuhamedowyň taýçanagynyň suraty we oňa bagyşlan goşgusy hala çitildiAýdymyň sözlerinde Berdimuhamedow “Rowaç” taýçanagyň kişňeýşini arşyň owazyna meňzedýär. Prezident Rowajyň öz kalbynyň senasydygyny aýdýar. Ony säher öwsen ýellere, ýaz açylan güllere, joş uran köňüllere hem-de ylham derýasyna meňzedýär.
“Türkmenistan – Rowaçlygyň watany” atlandyrylan 2019-njy ýylda Türkmenistanda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň agyrlaşýandygy, un we çörek ýetmezçiliginiň ýurduň regionlarynda dowam edýändigi barada hem-de bahar aýlarynda ýagan dowamly ýagyşlaryň netijesinde dörän siliň regionlarda oba hojalyk ekinlerine, paýtagt Aşgabatda ilatyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir edendigi barada habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hususan-da soňky iki ýylyň dowamynda ýygy-ýygydan aýdym-saz bilen döwlet mediasynda yzygiderli çykyş edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.