Ahal-teke atynyň iň gowy keşbini döretmek boýunça yglan edilen bäsleşikde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Rowaç” atly atynyň şekili we oňa bagyşlap ýazan goşgusy çitilen haly iň gowy baýraga mynasyp boldy.
TDH 27-nji aprelde Türkmen atynyň güni mynasybetli çeper eserlerde ahal-teke atlarynyň keşbini döretmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleriniň jemlenendigini habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, hudožnik Ada Gutlyýewanyň prezident Berdimuhamedowyň “Rowaç” atly atynyň keşbini we oňa bagyşlap ýazan goşgusyny hala çitip döreden haly portreti iň gowy sylaga mynasyp boldy.
Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň başynda türkmen IIM-niň başlygy Isgender Mulikow prezident Berdimuhamedowa harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan taýçanak sowgat etdi. Prezident oňa “Rowaç” diýip at dakdy we soň bu taýçanaga bagyşlap, täze goşgy hem döretdi.
Döwlet eýeçiligindäki media taýçanaga “Rowaç” diýip at dakylmagyny “Täze ýylda rowaçlyk boljagynyň subutnamasy” hökmünde düşündirmäge çalyşdy. Emma ýerli synçylar 2019-njy ýylyň tebigy hadysalar, suw joşgunlary we ilatly ýerleri suw basmagy bilen taryha girendigini belleýärler.
Türkmenistanda prezidente at, tigir, haly ýaly onuň gowy görýän zatlaryny sowgat bermek, ony her ýollar bilen şöhratlandyrmaga çalyşmak kada öwrüldi. Bu sowgat we öwgi medeniýetiniň Berdimuhamedowy ýurtda "iň uly at we welosiped baýyna, döwlet eýeçiligindäki mediada iň köp öwülýän şahsyýete öwrendigi" habar berilýär.