Türkmenistan bugdaý oragyna taýýarlanýar, dowamly ýagan ýagyşlar hasyla ‘zarba urýar’

Türkmenistanda bugdaý meýdany

Türkmenistan bugdaý hasylyny ýygnamaga taýýarlyk görýär.

22-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýat häkimleri we beýleki ýokary wezipeli resmiler bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurtda bugdaý oragyna görülýän taýýarlyklar maslahat edildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ýygnakda Ahal welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew, Balkan welaýatynyň häkimi Ýaztagan Gylyjow, Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýew hem-de Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew öz gözegçilik edýän regionlarynda bugdaý oragyna taýýarlyk işleriň barşy barada hasabat berdi. Prezident hasabat bilen çykyş eden häkimleriň her haýsysyna aýratynlykda galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýöne maslahatyň dowamynda soňky 1 aýa golaý wagtyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde ýagýan dowamly ýagyşlar we olaryň galla hasylyna ýetiren täsiri barada gürrüň gozgalmady.

Beýleki tarapdan, 19-njy aprelde “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri ýurduň günortasyna ýagan ýagyşlaryň oba hojalyk ekinlerine ýaramaz täsir edendigini habar berdi.

“Oba hojalyk ekinlerine, bugdaý we arpa maýsalaryna, şeýle-de golaýda gowaça ekilen meýdanlara düýpli zyýan ýetdi. Aşgabadyň etegindäki Änewden başlap, Mary welaýatyndaky ekerançylyk meýdanlaryna çenli aralykda güýçli ýagan ýagyn bugdaý sünbüllerini ýere ýazdy, gowaça ekilen meýdanlar bolsa gapaklady. Bu ýagdaý gögerip gelýän ekinleriň ýeri böwsüp, ýokaryk çykmagynyň öňüni alýar” diýip, neşir ýerli habarçylaryna salgylanýar.

Mary welaýatyndan bir kärendeçi daýhan “Türkmenistanyň hronikasynyň” habarçysy bilen gürrüňdeşlikde, siliň zarbasyna gyşaran bugdaý we arpa başlarynyň dikelip bilmejekdigini aýtdy.

13-nji aprelde Ahal we Mary welaýatlarynyň çäklerinde güýçli ýagyş ýagdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabatlylar tebigy hadysanyň netijeleri bilen ýekme-ýek galdylar

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, gelen sil Aşgabatda, Tagtabazarda, Serhetabatda we beýleki şäherlerde gündelik durmuşa täsir ýetirdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy aprelde hökümet resmileri bilen geçiren iş maslahatynda oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň hasabatyny diňläp, ýurtda bu ýyl ýagnyň köp ýagandygyny aýtdy, ýöne onuň bugdaý we gowaça ekinlerine ýetiren täsirini agzamady. Oňa derek prezident, ýurduň dürli künjeginde ýagan köp ýagnyň meýdan otlarynyň bol bolmagyna getirendigini aýtmak bilen çäklendi. “Bu otlary orup, belli bir ýerlerde basyp goýmak” barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Prezident Berdimuhamedow 11-nji martda geçiren hökümet mejlisinde Ahal we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynda bugdaýa edilýän idegden nägile bolupdy.

Döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, geçen ýylyň güýzünde Türkmenistan boýunça 760 müň gektar ýere bugdaý ekildi. Türkmen gallaçylary 2019-njy ýylda 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak bilen borçlandyryldy.

Geçen ýyl Türkmenistan bugdaý plan borçnamasyny doly berjaý edip bilmedi. Döwlet metbugaty 2018-nji ýylda Türkmenistanda 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalandygyny aýtdy. “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri şu ýylyň fewralynda ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp çap eden maglumatynda, geçen ýyl Türkmenistanyň bugdaý meýdanlaryndan 538 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny habar berdi. Ýylyň dowamynda ýurtda un we çörek önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy dowam etdi. Munuň bilen bir hatarda, Türkmenistan daşary ýurtlardan hem bugdaý eksport etdi. Gazagystanyň Galla birleşiginiň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň 1-nji oktýabry bilen 2019-njy ýylyň 1-nji marty aralygynda Gazagystan Türkmenistana 222 müň 500 tonna bugdaý eksport etdi. Bu san soňky 15 ýylda Gazagystandan Türkmenistana eksport edilen bugdaýyň mukdary boýunça rekord hasaplanýar.

Ýaramaz howa şertleri 2018-nji ýylda hem Türkmenistanyň oba hojalyk önümçiligine zyýan ýetirdi. Aziýanyň ösüş banky çap eden soňky hasabatynda, türkmen ykdysadyýetine baha berip, 2018-nji ýylda ýaramaz howa şertleriniň Türkmenistanda strategiki ekinlere ýetiren zyýanynyň ýurduň ykdysadyýetine oňaýsyz täsir edendigini aýtdy. Geçen ýylyň maýynda ýurduň dürli künjegine duzly tupan aralaşyp, oba hojalyk ekinlerine zyýan ýetiripdi.

Türkmen metbugatynda sil suwlarynyň oba hojalyk ekinlerine, hususan-da bugdaýa ýetiren zyýany barada gürrüň edilmeýär.

2019-njy ýyla gadam basylanda, Türkmenistanyň prezidenti bu ýylyň gündogar müçenamasynda doňuz ýyly bolanlygy üçin onuň hasylly we bereketli ýyl boljakdygyny çaklap, döwlet mediasynda çykyş edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.