Türkmen häkimiýetleri paýtagtda suw tölegleriniň internet üsti bilen boljagyny aýdýarlar. Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň suw üçin töleglerini mobil telefonlarynyň, internetiň we töleg terminallarynyň üsti bilen amala aşyryp biljegini TDH döwlet habar agentli mälim edýär.
Maglumata görä, digital ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasynyň çäginde we hususan-da, harçlanan suw üçin hyzmatlaryň we hasaplaşygyň digital sistemasyna geçirmek maksady bilen "Aşgabatagyzsuw" edarasynda hasaplaşyk merkezi döredilipdir.
"Bu ýerde ulanyjylar barada maglumat, şol sanda adresler, harçlanan suwuň mukdary, tölegler we beýlekiler elektron görnüşde ýerleşdirildi" diýip TDH habar berýär. Maglumatda agzalan digital mümkinçilikleriň işe giriziljek wagty we beýleki jikme-jikler mälim edilmändir.
Türkmenistanyň ilaty suw bilen geçen ýylyň güýzünden bäri tölegli üpjün edilýärler. Suwuň tölegi ölçeýji gurallaryň esasynda hasaplanýar. Şol bir wagtda-da şu ýylyň başyndan bäri ýurduň ýaşaýjylary suwň 'mugt' berlen ozalky ýyllary üçin uly mukdarda puluň talap edilmegine duçar boldular.