20-nji aprelde, şähere kontrollyk üstünde barýan iki hepdelik söweşlerde ölenleriň sanynyň 220-ä ýetmegi bilen, Liwiýanyň paýtagty Tripoliniň günorta etraplarynda agyr çaknyşyklar boldy.
Liwiýa gündogardaky we günbatardaky bäsdeş iki hökümetiň arasynda bölündi. Özüni Liwiýanyň milli goşunynyň komandiri diýip yglan eden Khalifa Haftary goldaýan milisiýa güýçleri Tripolide BMG tarapyndan goldanylýan Milli ylalaşyk hökümetini goraýan milisiýa güýçlerine garşy söweşýär.
Milli ylalaşyk hökümetine ygrarly güýçler 20-nji aprelde, birnäçe güne çeken üzlem-saplam söweşden soň, Haftaryň güýçlerine garşy garşylyklaýyn hüjümi yglan etdiler.
"Biz hüjümiň täze tapgyryna başladyk. Ileri süýşmek we ýer almak buýruklary şu gün irden berildi” diýip, tripolidäki hökümetiň sözçüsi Mustafa al-Mejii aýtdy.
Haftar Milli ylalaşyk hökümetine garşy hüjmlerini 4-nji aprelde başlady. Ol gündogar Liwiýadaky basdaş hökümeti goldaýar we Tripolidäki hökümeti ykrar etmekden ýüz öwürdi.
BMG-niň saglyk guramasynyň hasaplamalaryna görä, Haftaryň Tripolini almak ugrunda başlan hüjümleri netijesinde azyndan 220 adam öldürildi, 1,066 adam ýaralandy.
Dünýä saglyk guramasy pidalaryň arasynda asuda adamlaryň hem kändigini, söweşler sebäpli 8 müňden gowrak adamyň ýaşaýan ýerinden bosandygyny aýdýar.