Türkmenistan we Fransiýa iki ýurduň diplomatik missisýalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň maşgala agzalaryna iş rugsady bermek hakynda hökümetara ylalaşyga gol çekdi diýip, “Trend” neşiri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.
Bu dokumente Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmelerden soňra gol çekildi.
Gepleşiklere türkmen tarapyndan daşary işler ministri Reşit Meredow, Fransiýa tarapyndan daşary işler ministri Žan Batist Lemuan ýolbaşçyylyk etdi.
Gepleşiklerde söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maslahatlaşyldy.