Türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan orient.tm saýty 15-nji aprelde ýagyşly howanyň ynsan durmuşyna ýetirýän ýakymly täsiri barada maglumat çap etdi.
Ondan ozal, 13-nji aprelde Aşgabada güýçli sil geldi. Şenbe güni Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary paýtagtda dowamly ýagan ýagyşlaryň netijesinde dörän sil suwlarynyň köçeleri basandygyny, jaýlara we ýerzeminlere zyýan ýetirendigini habar berdi.
Çabgalaryň yzýany, hepdäniň başynda sosial mediada sil suwlaryndan ejir çeken aşgabatlylary, läbik ýagyş suwlarynyň astynda galan ýollardaky awtoulaglary görkezýän wideolar peýda boldy.
Degişli maglumat Aşgabatlylar tebigy hadysanyň netijeleri bilen ýekme-ýek galdylarResmi metbugat çabga barada dil ýarmady. Ýöne hökümetçi neşir Aşgabatda çabga görnüşinde dowamly ýagan ýagşyň ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna ýetiren oňaýsyz täsirini agzamazdan, onuň ynsan durmuşyna ýetirýän ýakymly täsiri barada gürrüň gozgady:
“Eger-de siz ýagşyň astynda ýöremegiň ähli peýdalaryny heniz hem bilmeýän bolsaňyz, ynha size olaryň gysga sanawy; ýagşyň ysynyň adamlarda rahatlandyryjy täsir galdyrýandygy subut edildi; ýagyşly howada daşarda işjeň wagt sarp edilende has köp kaloriýa ýakylýar; çyglylyk derini sagdyn, arassa we ter saklaýar” diýip, neşiriň žurnalisti aýdýar.
“Aşgabatda adaty bolmadyk aprel: dynç günleri hem ýagyşly bolar” ady bilen çap bolan makalada Türkmenistanda yssy we güneşli günleriň yzyndan asmanda ýene-de ýygnanyp başlan gara bulutlardan habar berilýär. Maglumatda üstümizdäki dynç günleriniň hem ýagyşly boljakdygy mälim edilýär.
Neşir ýagşyň kä bedreläp, kä damjalap diýen ýaly ýagandygyny aýdýar.
Käbir paýtagtlylar Azatlygyň habarçysyna beren gürrüňlerinde, ýerzeminlerde ýerleşýän edara jaýlardan özleriniň bedreläp suw çykarmaly bolandyklaryny aýdýarlar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
“Turkmen.news” neşiri 13-nji aprelde Aşgabatda dowamly ýagan ýagşyň netijesinde “10 ýyl Abadançylyk”, “Nurmuhammet Andalyp” köçelerini, Nebit-gaz toplumynyň ýanyndaky ýollary, “Parahat” etrapçasyny, “Parahat – 4” etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerini, şeýle-de “Berkarar” söwda merkezini sil suwlarynyň basandygyny habar berdi.
Ondan ozal, martyň ikinji ongünlüginde Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerine gelen sil regionda ençeme obalara zyýan ýetirdi.
Martyň aýagynda Mary welaýatynyň Tagtabazar şäherine guýan silde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi.
13-nji aprelde Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Serhetabat şäherine hem sil geldi. Azatlyk Radiosyna gelip gowşan wideo ýazgylaryň birinde sil suwlarynyň astynda galan ýerleri görmek bolýar.
Türkmenistanyň resmi metbugaty sil suwlary barada maglumat bermeýär.
Howa maglumatyna görä, 18-nji aprelde-de Aşgabatda we onuň töwereklerinde güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.