Gazagystanyň dolandyryjy partiýasynyň prezidentlige kandidatyny yglan etmegine garaşylýar

Nursoltan Nazarbaýew uly gyzy Dariga Nazarbaýewa bilen. 2016 ý.

Gazagystanyň dolandyryjy “Nur Otan” partiýasy öz prezidentlige kandidatyny iki hepdä galman yglan eder.

30 ýyla golaý häkimiýet başynda bolup, geçen aý wezipesinden çekilen we partiýa lideri bolup galan ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýew 10-njy aprelde beýanat çap etdi. Onda partiýanyň 23-nji aprelde adatdan daşary gurultaý geçirjegi aýdylýar.

Nazarbaýew şol gün irden partiýanyň indiki gurultaýynda öz prezidentlige kandidatyny belli etjekdigini aýtdy. Nazarbaýewiň beýanaty geçiş prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň irki saýlawlaryň 9-njy iýunda geçirilejgini yglan eden gününiň yz ýanyna gabat geldi.

“Nur Otan” partiýasynyň agazasy Tokaýew 20-nji martda, Nazarbaýew wezipdeden çekilenden bir gün soň geçiş prezidenti boldy. Tokaýew özüniň saýlawlarda bäsleşige goşuljagynay aýtmady.

78 ýaşyndaky Nazarbaýew Gazagystanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy we onuň Elbasy, Milletiň lideri derejesi bar. Bu oňa we onuň maşgalasyna ömürlik derňelmezlik hukugyny berýär. Nazarbaýewiň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa Tokaýew wagtlaýyn prezident bellenen güni parlamentiň spikeri boldy.