Prezidentiň dikuçary Aşgabatda yzly-yzyna birnäçe gezek aýlanyp çykdy. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, bir-gije gündizden az wagtyň dowamynda türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary prezidentiň dikuçaryny azyndan iki gezek howada görüpdir.
"Ine-de onuň dikuçary ýene uçup ýör, awtoulaglaryň kowlup ýörmegi indi düşnükli boldy" diýip, Azatlygyň habarçysy 3-nji martda Aşgabatdan habar berdi.
Onuň sözlerine görä, prezidentiň dikuçary geçen agşam hem paýtagta aýlanypdyr.
"Düýn, biwagt bir pursatda prezidentiň dikuçary uçdy, biziň "köne Parahatlarymyzyň" üstünden ol hatda iki gezek aýlanyp çykdy. Bu gün irden bolsa polisiýanyň awtoulaglary howlulara aýlanyp, awtoulaglary duralgalara kowup çykdylar. Bu-da geň, irden we agşam howlularda maşyn iňňän az bolýar" diýip, habarçymyz belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçarly hut özüniň aýlanyp-aýlanmandygy belli däl. Prezidentiň adaty dikuçarly syýahatlary barada habar berýän döwlet mediasy bu gezek hiç hili maglumat bermedi.
Döwlet mediasynyň mundan ozal habar bermegine görä, şähere dikuçarly çykýan wagtynda döwlet baştutany "şäheriň abadanlaşmagy we sosial infrastrukturanyň ösüşine degişli programmanyň amala aşyrylyşy" bilen tanyşýar.
Türkmenistanyň prezidenti şäheri abadanlaşdyrmak meselesini 1-nji aprelde hökümet agzalary bilen maslahat etdi we indiki gurluşyk proýektleri bilen tanyşdy. Aşgabatdaky gurluşyklar türkmen ýolbaşçylarynyň ileri tutýan meselesi bolup, prezidentiň öz gözegçiliginde saklanýar.
Degişli maglumat Paýtagtdaky ir ertiriň howsalasy; Prezident dikuçarda aýlanýarGeçmişde prezident Berdimuhamedowyň dikuçarly saparlary tebigy hadysalaryň yzýanyna gabat gelipdi. Geçen ýylyň 15-nji maýynda prezident Berdimuhamedow paýtagtyň merkezini, şol sanda hökümet binalaryny we söwda merkezlerini suwa gark eden güýçli ýagynyň ertesi şähere dikuçarly aýlanypdy. Emma döwlet mediasy ýagyn we onuň netijelerini prezidentiň görüp-görmändigini agzaman, onuň şäheri abadanlaşdyrmak işleri bilen tanyşandygyny habar beripdi.
Mundan ozal, prezidentiň saparlaryndan öň we soň paýtagtyň ýaşaýjylarynyň hususy awtoulaglary süýreldi, ýaşaýyş jaýlardaky sowadyjylar, telewizion antennalar goparyldy, ýaşaýjylara daşarda kir sermek gadagan edildi.
Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, prezidentiň dikuçarly aýlanmagyna taýýarlyklar polisiýanyň reýd geçirmeginden başlanýar. Adatça gijelerine geçirilýän reýdlerde sesi gataldyjy gurallar we yşykly çyralar ulanylýar.
Azatlyk Radiosy prezidentiň dikuçarynyň paýtagtda geçiren soňky syýahatlaryna degişli jikme-jik maglumatlary entek anyklap bilmedi.
"Adatça onuň özi uçýar ýa-da onlaýn translýasiýany talap edýär, üstesine oňa dronlardan edilýän ýazgylaryň esasyndaky "garaşsyz" informasiýa yzygiderli barýar - awtomobil heläkçilikleri, ýangynlar, adamlaryň üýşmeleňleri, bu bölüm informasiýany oňa IŞM-den öň iberýär, belli bir wagtda ol hut onuň öz gözegçiligindedi, ol şeýle oýunjaklary gowy görýär" diýip, Aşgabatdaky ygtybarly çeşmämiz aýtdy.
Ozalky ýyllaryň tejribesine görä, prezidentiň dikuçarly syýahatlaryndan soň Aşgabadyň häkimiýetleri "şäheriň görküni kämilleşdirmek" maksady bilen düşündirip, çäre geçirýärdi. Geçen ýylyň tomsunda prezidentiň paýtagtyň ýolbaşçylaryny abadanlaşdyrmak işine jogapkärçiliksiz çemeleşmekde tankyt etmeginiň yzýany, öňden bäri saklanyp galan köp bolmadyk saýaly agaçlaryň çapylmak işi hasam ýaýbaňlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar