Ýazyjy, şahyr we žurnalist Amanmyrat Bugaýew, ýa-da kärdeşlerimiziň atlandyryşy ýaly, Amanmyrat aga 69 ýaşynyň içinde, ýol üstünde pajygaly ýagdaýda aradan çykdy.
Ol şu gün irden, Balkan welaýatyndan Aşgabada taksili dolanyp gelýärkä, ýol hadysasynda heläk boldy.
Amanmyrat Bugaýew 1970-nji ýyllarda, “Ýaş kommunist” gazetinde çap edilen “Çöller heý” atly goşgusynyň meşhur bagşy Sahy Jepbarow tarapyndan aýdym edilip aýdylyp başlanmagy bilen tanaldy. Ol bagşy Tuwakmyrat Bugaýewiň inisidi.
Amanmyrat Bugaýew 1973-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, ilki komsomol işinde, soň Türkmen telewideniýesinde, “Mugallymlar gazetinde”,“Ýaş kommunistde”, Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň ýanyndaky Çeper edebiýatyň propagandasy bölüminde işledi, Edebiýat gaznasynyň direktory boldy.
Amanmyrat Bugaýew 2001-nji ýylda, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow hakyndaky pikir-garaýyşlary bilen baglylykda işden boşadyldy we metbugatda çap edilmesizleriň "gara sanawyna" goşulyp, gadaganlyga düşdi.
Ýazyjy soň munuň özi üçin-de, türkmen edebiýaty üçin-de bähbit bolandygyny, sebäbi kitaphana gatnap, ozal okamadyk taryhy kitaplaryny okandygyny, "özüne gaýtadan dolanyp gelendigini, özüni tapandygyny" gürrüň berdi.
Bu ýyllarda ol, "Azatlyk" radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, dört sany taryhy roman döretdi we olar şindi hem çap edilmegine garaşýar.
Gadagan edilmezinden öň şahyryň Türkmenistanda ondan gowrak kitaby çap edildi, ol hususan-da “Köňül gözgüsi” atly kitabyny köp agzardy, Türkmenistanda entekler çap edilmejek “Tüýsi başga ýazgylar” atly kitabyny Türkiýede az nusgada çykardyp, başga ýurtlara çykarandygyny gürrüň bererdi.
Amanmyrat Bugaýew "Azatlyk" bilen hyzmatdaşlyga 2005-nji ýylda başlady we ozalky uniwersitet ýoldaşy, umumy ýaşaýyş jaýynda bir otagda bile ýaşan dosty Nazar Hudaýberdiýewiň taýýarlan “Tegelek stol” sohbetdeşlikleriniň esasy ekspertleriniň birine öwrüldi.
Ýazyjy Hudaýberdi Hallyýew Amanmyradyň “Azatlyk" bilen hyzmatdaşlygynyň “halka hyzmat, hakykata hyzmat” bolandygyny, onuň ölüminiň türkmen halky üçin "şu günki agyr ýagdaýlarda ýene bir agyr ýitgi bolandygyny" aýtdy.
"Amanyrat Bugaýew “Azatlyga” gowy hyzmat etdi, hakykaty aýtdy, hakykaty aýtmaga çalyşdy, hemişe ýardamçy boldy. Özem şu edýän işine çyndan begenýärdi, “Alla meni ýalkady, men şu işi edip bilýän, hakykaty aýdyp bilýän, halkyň bir derdine ýaraýan” diýip, ol öz hyzmatyna guwanýan adamdy” diýip Hudaýberdi Hallyýew telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Ýazyjy kärdeşiniň ýatlamagyna görä, Amanmyrat ilki “Azatlyga” gelende Nyýzaow režiminden gaty gaharlydy, emma ol "soň köşeşip, her bir zada, hatda S.Nyýazowa hem dury paýhas, gaharsyz, ýigrençsiz seretmegi başardy, ol barada öz dury pikirini aýtmagy başardy we şeýdibem gaýtadan uly žurnalistika geldi”.
Amanmyrat Bugaýew “Azatlyk” bilen 2005-nji ýyldan şu güne çenli gündelik diýen ýaly hyzmatdaşlykda boldy, ýaş žurnalistlere öz bilýänini aýtmaga hiç wagt ýaltanmady, gidip görmeli, barlamaly fakt bar bolsa, gije ýa gündiz, tapawudy ýok, haçan telefon edilse ýumşa ilgezik boldy.
Biz onuň bilen geçen çarşenbede Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki mallaryň dargadylyşy barada söhbetdeşlik gurapdyk we şu gün şol söhbetden bir bölegi ünsüňize hödürlemegi makul bildik.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şahyr, ýazyjy we žurnalist Amanmyrat Bugaýewiň ýakynlaryna giňlik diläp, onuň yzynda galanlara uzak ömür arzuw edýäris.