Aşgabatda towuk ýumurtgasynyň gytçylygy ýene-de güýçlendi. Şu günler döwlet dükanlary ýumurtgany diňe irden we çäkli möçberde satýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 2-nji aprelde habar bermegine görä, şu günler paýtagtda ýumurtga söwdasy uly nobatlaryň emele gelmeginde amala aşyrylýar.
- Ýumurtga döwlet bahasyndan henizem irden uly nobatlar bilen käbir döwlet dükanlarynda satylýar. Emma tiz gutarýar. Adatça 12 sanysyny 4 manada berýärdiler. Emma soňky günlerde 11 sanysyny 5 manada satyp başladylar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, hususy dükanlarda ýumurtga çäklendirmezden, emma has gymmat bahadan satylýar, ýagny 10 ýumurtgany bahasy 7-8 manada durýar.
Towuk ýumurtgasynyň gytçylygy dekabryň başynda döräpdi. Harydyň söwdasy çäkli görnüşde we uly nobatlaryň döremeginde amala aşyrylypdy. Käbir halatlarda ýumurtga söwdasyna polisiýa gözegçilik edipdi.
Degişli maglumat 'Bir görseň bar ýaly, bir görseň ýok ýaly': 2018-nji ýylda Türkmenistan tas 80 million ýumurtgany eksport edipdirTürkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ýumurtganyň we beýleki azyk önümleriniň gytçylygyny açyk agzamaýarlar.
Şol bir wagtda-da, ýumurtganyň ilata çäkli sanda satylan we uly nobatlaryň dörän döwründe häkimiýetler ýumurtganyň daşary ýurtlara satylandygyny yglan etdiler. Mart aýynyň başynda media serişdeleriniň habar bermegine görä, Türkmenistan 2018-nji ýylyň dowamynda 80 million çemesi ýumurtgany eksport edipdir.
Mundan daşary Türkmenistanyň Söwda ministrligi öz hasabatynda ýurtda dekabryň aýagynda 2 million towuk ýumurtgasynyň bolandygyny mälim etdi.
Türkmenistanda şu günler unuň we çöregiň gytçylygy hem saklanýar. Azygy satyn almak üçin ilat uly nobatlara düzülýär. Un we çörek çäklendirilip satylýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda un paýogyň möçberi azaldyldyAzatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda, hususan-da Mary welaýatynda her adam başynda her aýda 5 kilogram un döwlet bahasyndan satylýar. Bu unuň dört kilogramy bugdaý uny we bir kilogramy gara un.
Ýurtda unuň we çöregiň söwdasy indi bir ýyldan gowrak döwrüň dowamynda döwlet dükanlarynda çäklendirilip amala aşyrylýar. Oba ýerlerinde adamlar uny, çöregi döwlet bahasyndan satyn almak üçin käte hepdeläp ýapyk dükanlaryň öňünde garaşyp oturdylar.
Bazarlarda we hususy dükanlarda unuň we çöregiň bahasy ençeme esse ýokary.
Garaşsyz neşirleriň maglumatlarynda un-çörek nobatlarynda basa-baslyk zerarly heläkçilikli ýagdaýyň döreýändigi habar berilýär.
"Türkmenistanyň Hronikasy" neşri 27-nji martda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda 65-70 ýaşlaryndaky adamyň çörek nobatynda jan berendigini habar berdi.
"Dükanyň öňündäki basa-baslyk 15-16 sagat töwereginde başlandy, çörek getirenlerinde. Adamlar nobaty saklamazdan dükana çozdülar, bu-da betbagtçylyga getirdi" diýip, neşir 30-njy martda habar berdi. Maglumatda bellenişine görä, adamlar çöregiň getiriljek wagtyny bilmän ençeme sagatlap, nobatda durmaly bolýarlar. Köplenç çöregiň getirilen pursadynda adamlar nobata seretmän dükana eňýärler. Bu ýagdaýda dawa-jenjel, hatda ýakalaşyk döreýär.
Degişli maglumat Un-çörek ýetmezçiligi dowam edýär: Täze gowşan WIDEOda nobata garaşýan ýüzlerçe adam görkezilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.