Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy Türkmenistanda raýatlardan olaryň eje-kakalary, ene-atalary we baba-mamalary baradaky maglumatlar boýunça edilýän talaplar barada Aşgabatdan giňişleýin habar berýär.
Ol howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli “üç arka” maglumatlary boýunça talaby güýçlendirýän agzalýan döwlet edarasynyň adyny agzamakdan saklanýar. Ýöne edaranyň işgärleriniň birnäçesiniň Azatlygyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, häkimiýetler işgärlerden özleriniň “üç arkasy” baradaky maglumatlary täzelemegi, üýtgeşmeler bolan bolsa olary maglumata täzeden girizmegi soraýar.
“Hamala, üç arka maglumatlary üýtgäp durýan ýaly” diýip, atlandyrylmazlyk şertinde çykyş eden býujet işgäri habarça aýdýar.
Her ýyl täzelenýän maglumatnama we ondaky soraglar
Onuň sözlerine görä, “üç arka” baradaky maglumatlar käbir döwlet edaralarynda her ýyl täzelenip durýar.
Türkmenistanda häkimiýetleriň döwlet edarasyna işe girýän, ýa-da ol ýerde öňden bäri işleýän, ýokary okuw jaýyna girýän, ýa-da döwletiň “wajyp” hasaplaýan çärelerine gatnaşýan raýatlardan olaryň “üç arkasy” barada maglumat talap etmek tejribeleri eýýäm onýyllyklaryň dowamynda saklanyp galýar.
Eýsem, bu maglumatlarda nämeler soralýar!? Azatlyk Radiosynyň arhiwinde soralýan maglumatnamanyň nusgasy bar.
Ondan mälim bolşuna görä, maglumatnamada, “ejeň kim, kakaň kim, eneň kim, ataň kim, babaň kim, mamaň kim, olar haçan doglan, ölen bolsa haçan ölen, sud jogapkärçiligine çekilenmi, çekilmedikmi, nirede ýaşaýar!?” ýaly soraglar berilýär.
"Sanly üç arka"
Habarçynyň soňky maglumatlaryna görä, häkimiýetler bu ugurda edýän talaplaryny, döwlet metbugatynyň dili bilen aýdylanda, indi sanly ulgama geçirip başlady. “Mundan beýläk, bu maglumatnamalary fleşka geçirip, ony soralýan ýerine fleşkada tabşyrmaly” diýip, habarçy 1-nji aprelde gürrüň berdi.
“Doldurylýan maglumatlarda ata-babalaryň ýaşan salgysy hem soralýar” diýip, ol sözüne goşýar.
“Men 1800-nji ýyllarda ýaşan adamyň adresini nireden bileýin, ol wagtlar adres barmydy!?” diýip, bir işgär habarça aýdýar.
Adres: Gara öý nomer 25
Maglumat doldurýan adamyň aýaly oňa işden soralýan maglumatnamada “atasynyň adresi” diýlen ýere “Gara öý nomer 25” diýip ýazmagy maslahat berýär.
Türkmenistanda adamlaryň üç arkasy boýunça maglumatlar ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe döwlet baştutany derejesinde jemgyýetçilige açyk görnüşde ýokary wezipeli resmilerden aç-açan talap edilýärdi. Öz döwründe Milli howpsuzlyk ministriniň orunbasaryny wezipä bellände Nyýazow şeýle talap edipdi:
Nyýazow: Ogrulyk gandan geçýär
“Döwletmyrat, seni Milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary wezipesine bellejek. Seniň uly wezipäň boljak! Işgärleri seçip saýlap almak, ýolbaşçylary seçip saýlap almak...Şolaryň üç arkasyny barla. Tohumynda ogry bolsa, ata-babasynda ogrular bolsa, ogry bolar. Gandan geçýär. Nädibem bolsa geçýär ganyndan. Şonuň üçin barlaň!” diýip, Nyýazow öz döwründe döwlet telewideniýesinde çykyş edipdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda raýatlaryň üç arkasynyň barlanmagy ilatyň dürmuşyny kynlaşdyrýarEnçeme ýaşaýjynyň Azatlygyň ýerli habarçylaryna gürrüň bermeklerine görä, raýatyň üç arkasynda sud jogapkärçiligine çekilen adam bar bolsa, onuň döwlet edaralarynda işe ýerleşmeginde, ýa-da daşary ýurtlara çykmagynda kynçylyk döredilýär.
Üç arka boýunça doldurylýan maglumatnamalar döwletiň haýsy edarasynyň garamagyna hödürlenýär, olary kim tassyklamaly!? Bu barada häzir dünýäsini täzelän, aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew mundan ozalky ýyllarda Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň beripdi:
Ýörite merkez
“Nyýazowyň görkezmesi bilen girizilen bu talaby amala aşyrmak üçin, Ýörite gulluklaryň bir umumy merkezi döredildi, informasion merkezi. Ol häzirem işläp otyr. Şol merkezde ähli maglumatlar ýygnalyp, soňra-da, eger-de seniň aňryň barlanmaly bolsa, onda şol merkezde seniň dolduran hatyňa möhür basýarlar. ‘Şunuň üç arkasynda hiç hili näsazlyk ýok’ diýip”
Bu günki gün agzalýan merkez baradaky maglumatlary Aşgabatdan tassyklatmak mümkin däl.
"Meritokratiýa"
“Düzüw jemgyýetde adam mertebesi onuň gelip çykyşy ýa-da wezipesi bilen däl-de, bitiren işi bilen kesgitlenilmeli” diýip, ýerli synçy aýdýar. Synçynyň kesgitlemesini günbatar ýurtlary “meritokratiýa” atlandyrýar.
Beýleki tarapdan, Azatlygyň ýerli söhbetdeşleriniň arasynda, edilýän bu talabyň döwletde möhüm wezipeleri "ygtybarly" adamlara ynanmak üçin zerurdygyny öňe sürýänler hem bar.
1-nji aprelde telefon arkaly Aşgabatdan beren gürrüňinde paýtagtly bir ýazyjy agzalýan meseläni Magtymguly Pyragynyň sözleri bilen iki sözde şeýle düşündirdi:
“Gul diýip, ýigidiň aslyny sorma / Hojasy bar belki guluna degmez”
“ Aryf bolsaň, aslyn sorma ýigidiň / Edebinde, erkanynda bellidir”