Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 26-njy martda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, serhetden geçýän türkmenistanlylaryň aglabasy Özbegistana, hususan-da ol ýerde bank kartlaryndan pul nagtlaşdyrmak maksady bilen gidýärler.
“Özbegistana gatnaýan adamlaryň öz ýanlary bilen alyp barýan iýmit önümlerini – süýji-kökelerini, sumkalaryndaky egin-eşiklerini türkmen gümrükçiler alyp galýar” diýip, habarçy aýdýar.
Bu maglumaty Döwlet gümrük gullugyna tassyklatmak mümkin däl.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, serhet geçelgelerindäki Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleri ýakyn hossarlary, birinji derejeli dogan-garyndaşlary Türkiýede ýaşaýan ýa-da ýaşap yzyna dolanan adamlary serhetden goýbermäni, uzak wagtlap saklaýar.
Galyberse-de, habarçynyň maglumatyna görä, Migrasiýa gullugynyň işgärläeri serhet geçelgesine ir bilen baran adamlary, hiç hili sebäbini düşündirmezden giç öýläne çenli saklap, onsoň olaryň geçmegine rugsat berýär.
Degişli maglumat Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty bilen baglylykda türkmen-özbek serhedi ýapyldy“Ýurtdan üstaşyr geçip barýan daşary ýurt ýük ulag sürüjileri 204-nji kabinete 10 – 30 dollar aralygynda para bermeli” diýip, habarçy aýdýar.
Azatlyk Radiosy Migrasiýa gullugynyň gözegçiligindäki 204 belgili geçelgäniň işgärleri bilen habarlaşyp, agzalýan ýagdaýy tassykladyp bilmeýär.
Özbegistana gidýän türkmenistanlylar esasan türkmen banklaryndan berlen Visa kartlaryndan pul nagtlaşdyrmak maksady bilen gidýär.
“Olar özlerine her aýda rugsat berlýän 150 dollary nagtlaşdyrmak üçin gidýärler” diýip, habarçy aýdýar.
Ýöne köplenç halatda munuň bilen baglylykda mesele döreýär, özbek bankomatlary türkmen bank kartlaryndaky pullary bökdençsiz nagtlaşdyryp bilmeýär.
Habarçynyň maglumatyna görä, Türkmen banklarynyň girizen nagt çäklendirme düzgünlerine laýyklykda, türkmenistanlylar öz bank kartlaryndan bir gije-gündiziň dowamynda daşary ýurtlarda 50 dollar möçberinde pul nagtlaşdyryp bilmeli, ýöne bu düzgün kadaly berjaý edilmeýär.
“Puly bir gün alyp bolsa, indiki gün alyp bolmaýar” diýip, habarçy sözüne goşýar.
Degişli maglumat Türkmen-özbek serhedinde Gazagystana barýan sekiz türkmenistanly saklandy; olar gaçakçylykda aýyplanýarMundan ozal, Azatlyk Radiosy Özbegistanyň bankomatlarynda öz maliýe serişdelerini nagtlaşdyrýan türkmenistanlylar barada geçen ýylyň noýabr aýynda-da habar beripdi.
Onda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy, hususan-da serhetýakada ýaşaýan adamlara öz kartlaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmak üçin Özbegistana gatnamagyň amatlydygyny gürrüň beripdi.
Türkmenistanda indi tas soňky iki ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen banklary öz çykaran kartlaryndan daşary ýurtlarda nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberini çäklendirip geldi.
Türkmenistanda soňky bir ýylyň dowamynda daşary ýurt walýutasynyň söwdasynyň döwlet tarapyndan çäklendirilmegi bilen, ýurtda dollaryň gara bazary döredi hem-de onuň resmi däl bahasy Merkezi Bankyň kesgitlän bahasyndan 5-6 esse gymmatlady.