Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Oýub Titiýewi Çeçenistanda sud edilýär

Memorial guramasynyň Çeçenistandaky edarasynyň müdiri Oýub Titiýew

Orsýetiň Çeçenistan regionynyň Şali etrabynyň sudy adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Oýub Titiýewi neşe saklamak aýyplamasynyň esasyndaky diňlenişigine başlady. Aktiwistiň özi we onuň tarapdarlary bu işi syýasy matlaply atlandyrýarlar.

Orsýetde sud diňlenişikleri adatça ençeme sagada çekip, işiň mazmuny, derňew detallary we sud maglumatlary doly okalýar we iň soňunda karar yglan edilýär.

Prokurorlar Şali etrap suduny Moskwada ýerleşýän Memorial guramasynyň Çeçenistandaky edarasynyň müdirini günäli hasaplamagy we ony dört ýyl türmä höküm etmegi soradylar.

Dört çaganyň kakasy 61 ýaşly Titiýew 2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri tussaglykda saklanýar. Polisiýa Titiýewi saklanda onuň awto ulagynda marihuananyň tapylandygyny aýdýar.

Titiýewiň aklawçylary öz müşderisiniň bigünädigini aýdýarlar we neşäniň onuň ulagyna atylandygyny aýdýar. Olar Titiýewe garşy gozgalan işi häkimiýetleriň "Memorial" guramasyny Çeçenistandan we Demirgazyk Kawkazyň beýleki ýerlerinden gysyp çykarmak boýunça tagallalarynyň bir bölegi atlandyrýar.