Azeri prezidenti ýüzlerçe, şol sanda ençeme syýasy tussagyň günäsini geçdi

Günäsi geçilenleriň arasynda žurnalist Fikret Faramazoglu hem bar. Arhiw suraty

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 400-e golaý, şol sanda adam hukuklaryny goraýan halkara guramalary tarapyndan syýasy tussaglar hökmünde ykrar edilen bendileriň günäsini geçdi.

Günäsi geçilenleriň arasynda ozalky saglyk ministri Ali Insanow, žurnalist Fikret Faramazoglu, oppozisiýadaky Musawat Partiýasynyň agzasy Alikram Hurşidow, şeýle-de oppozisiýadaky Meşhur Front partiýasynyň wekilleri Gozel Baýramli we Fuad Kahramanli dagy hem bar.

Insanow häkimiýet başyndaky Täze Azerbaýjan partiýasynyň baýry agzalarynyň biri bolup, oňa Alyýewiň garşydaşy hökmünde hem garalýardy.

Ol döwlet agdarylyşygyny gurnamak synanyşygynda şübhelenip, 2005-nji ýylda tussag edilipdi. Mundan iki ýyl soň, ol maliýe galplyklarynda we parahorlykda günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Insanow özüniň günäsizdigini aýdyp gelýärdi. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar hem ony syýasy tussag hökmünde ykrar etdiler.

Mundanam başga, oppozision NIDA ýaşlar hereketiniň agzalary Ilkin Rustamzadeh, Elgiz Gahraman, Giýas Ibrahimow we Baýram Mammadow hem azatlyga çykdy.

Ibrahimow bilen Mammadow Azerbaýjanyň ozalky prezidenti Geýdar Alyýewiň heýkeline syýalar grafiti çekenlerinden soň, neşe gaçaklygy aýyplamalarynda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdiler.