Türkmen-özbek serhedinde Gazagystana barýan sekiz türkmenistanly saklandy; olar gaçakçylykda aýyplanýar

Türkmen-özbek serhedindäki gümrük nokady

Türkmen-özbek serhediniň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýeleşýän gümrük geçelgesinde reňkli metal önümlerini alyp barýan 8 ýük ulagy türkmen serhetçileri tarapyndan saklandy.

Ýük ulagyň eýeleri sekiz türkmenistanly, olaryň altysy etniki gazak, ikisi türkmen, häzirki wagtda Köneürgenç etrabynyň Polisiýa bölüminiň deslapky tussaghanasynda saklanýar. Waka 5-nji martda bolup geçdi. Häkimiýetler saklananlary bikanun reňkli metal söwdasynda aýyplaýar. Bular barada Azatlyk Raidosynyň ýurt içindäki habarçysy habar berýär.

Onuň sözlerine görä, serhetde saklanan raýatlar Köneürgenjiň türkmen-özbek serhet gümrük geçelgesinden geçip, soňy bilen Özbegistanyň Hojail şäheriniň üsti bilen Gazagystana geçmegi maksat edinip, ýola çykýarlar.

“Olaryň ýük ulaglaryna ýükläp, ýanlary bilen alyp barýan harytlarynyň ählisi deklarasiýa edilen, ýagny gümrük jarnamasynda görkezilen harytlar” diýip, habarçy aýdýar. Ol saklananlaryň söwda bilen meşgullanýandygyny habar berýär.

“Türkmenbaşy etrabynda ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty alty etniki gazak we iki türkmen Gazagystana göni wiza alyp bilmänsoň, Özbegistanyň üsti bilen Gazagystana aşmakçy bolýar” diýip, habarçy belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, saklanan raýatlar deklarasiýa edilen harytlaryny hususy ýük ulaglary bilen Gazagystana äkidip, barter görnüşinden olary Gazagystanda iýmit önümlerine we beýleki harytlara çalşyp, soňra Türkmenistana dolanmak isleýär.

Degişli maglumat Türkmen-özbek serhet geçelgelerindäki haryt dolanyşygyna 'çäklendirme girizildi'

“Olaryň ýükleriniň arasynda misden ýasalan tabaklar, jamlar, tüňçeler we şuňa meňzeşler; şeýle-de, alýuminden ýasalan gap-gaçlar, 40 litrlik gazanlar, 20 litrlik alýuminden ýasalan kanistlrer, suw gaplary bar ekeni. Harytlar deklarasiýada görkezilen-de bolsa, olaryň serhetden geçmegine rugsat berilmeýär” diýip habarçy aýdýar.

Ulag eýeleri, sürüjiler hem-de deklarasiýany ýazan adamlar häziri wagtda 9 gün bäri Köneürgenjiň Polisiýa bölüminiň wagtlaýyn deslapky tussaghanasynda saklanýar. Olar gymmat bahaly metallary ýurtdan gaçgak ýollar arkaly çykarmakda aýyplanýar.

“Gazagystan bilen serhetýakada ýaşaýan türkmenistanlylar gysga möhlet üçin türkmen-gazak serhet geçelgelerinden geçip bilýärler, ýöne ýük ulagda söwda maksatly serhetden Gazagystana geçmek isleýänlere rugsat berilmeýär” diýip, habarçy aýdýar.

Degişli maglumat Täjigistan Türkmenistandan ýük ulaglarynyň serhetde saklanmagyna degişli problemany çözmegi soraýar

Ol serhetde saklanan raýatlaryň alyp barýan reňkli metallardan öndürilen gap-gaçlarynyň ulanylan harytlardygyny nygtaýar.

“Şeýle-de, ýükleriň arasynda at eýerleri, içirgileri, at keçeleri, galyberse-de her ulagda 100-e golaý gyş gawuny bar ekeni” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Serhet geçelgesinde saklanan raýatlar babatda türkmen metbugatynda nähilidir bir habar berilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy saklanan raýatlaryň Türkmenbaşy etrabynda ýaşaýan dogan garyndaşlary bilen 13-nji martda habarlaşyp, heniz hem olaryň deslapky tussaghanada saklanýandyklaryny habar berýär.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň serhetiniň uzynlygy 413 kilometre deňdir. Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhetiniň uzynlygy 1793 kilometr bolup, bu ýurduň iň uzyn serhedidir.

12-nji martda infoshos.ru saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwlet araçäklerini kesgitlemek meseleleri boýunça döredilen türkmen-özbek hökümetara topary golaýda Türkmenabat şäherinde duşuşyk geçirip, döwlet serhetlerini kesgitlemek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.