Türkmenistanyň paýtagtynda sakgally adamlaryň tötänden saklanmagy we olaryň polisiýa äkidilip, soraga çekilmegi dowam etdirilýär.
"Aşgabat şäherinde sakgal ösdürýän ýaş oglanlary ýygnap soraga çekýärler. Dostumy we onuň ýanyndaky sakgaly ösgün oglany ýoluň ugrunda durka polisiýa ofiseri gelip, maşyna mündürip äkidipdir, bölüme baransoňlar olary soraga çekip başlapdyrlar", diýip habarçymyz 13-nji martda habar berdi.
Habarçymyzyň sözlerine görä, bu sorag edişlik tutuş günüň dowamynda uzaga çekip, ýigitler sakgalyny syrmaga mejbur edilipdir.
"Siz näme wahabimi, näme sakgal ösdürýäňiz diýen soraglar bilen gorkuzypdyrlar, olary irden sagat 10-daky äkidişlerinden agşama çenli saklapdyrlar. Ol oglanlaryň biri Türkiýeden işläp gelenlerden, beýlekisi bolsa gullukdan ýaňy gelen oglan. Ahyrynda Türkiýede bolup, gelen oglana hammama girip, sakgalyny syrmak tabşyrlyp, şondan soň ony bölümden goýberipdirler" diýip, - habarçymyz gürrüň berdi.
Degişli maglumat Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň daş-keşbi häkimiýetleriň üns merkezindeAzatlygyň Aşgabatdaky söhbetdeşleriniň sözlerine görä, häzirki wagtda paýtagtda sakgal ösdürmek moda öwrülipdir. Ýerli ýaşaýjylar sakgalyň meşhurlygyny ýaşlaryň daşary ýurtlylara meňzejek bolmagynda görýärler, şeýle-de, köplenç sakgaly daşary ýurtlarda bolup gelenleriň ösdürýändigini aýdýarlar.
Aşgabatlylar özleriniň sakgal üçin polisiýa tarapyndan yzarlanmagyna nägile bolýarlar. Käbirler öz sakgaly halaýandygyny, beýlekiler syrmaga ýaltanýandygyny aýdýarlar.
Söhbetdeşlerimiziň biri murt-sakgaly syrmagyň belli bir çykdajylary talap edýändigini belledi:
- Häzir dükanlarda päkiniň bahasy 15 manatdan satylýar, işlemeýänlerden şona pul tapmaýanlaram az däl.
Degişli maglumat Aşgabatda sakgal goýberýän adamlara garşy göreş gaýtadan güýçlendi
Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky aýlarda ilatyň daş-keşbine degişli çäreleriň birnäçesini amala aşyrdy.
Ýanwar aýynyň aýagynda ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň ýüzünde bir-iki günlük gyrçuw sakgaly bolan adamlary we ýaş oglanlary saklaýandygyny Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary habar beripdi.
Şeýle-de, Aşgabadyň polisiýasy dellekhanalaryň işgärlerinden öz müşderileriniň saçlaryny moda görä ýörite görnüşde şekilli syrmak we bejermek işini etmejegi hakynda dil hatyny aldylar.
Türkmenistanda ilatyň altyn dişli, erkek adamlaryň uzyn saçly we sakgally bolmagynyň gadagan edilmegi we olaryň häkimiýetler tarapyndan yzarlanmagy ýyllar boýy dowam edýär we wagtal-wagtal güýçlenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.